Türkmenistan dünýä bazarynda ornuny pugtalandyrýar
Türkmenistan dünýäniň ykdysady bileleşigine işjeň goşulyşmak, täze «ykdysady geçelgeleri» döretmek bilen, daşary söwdada üstünlikli çykyş edýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny tapmagyny, uly abraý-hormata eýe bolmagyny şertlendirdi. Döwletimiz deňhukukly we özara bähbitli halkara ykdysady hyzmatdaşlyk syýasatynda özi üçin täze, uly mümkinçilikleri açýar. Durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady taslamalar milli ykdysadyýeti hem-de sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistanda daşary ykdysady işiň kämilleşdirilmegine, täze bazarlaryň özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen wezipeler ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu daşary ykdysady ýörelgeler dünýä ösüşiniň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyk ýollaryny gurmak we döretmek parahatçylykly ösüşi üpjün etmegiň aý