Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde 10 milliard amerikan dollary möçberinde arassa ýitgi çekendigini habar berdi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,24 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Hünärmenler kompaniýanyň ýitgisiniň ýokarlanmagyny onuň basketbol oýunlaryny ýaýlyma bermek hukugyndan mahrum bolmagy bilen baglaýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Milli basketbol assosiasiýasy öz duşuşyklaryny ýaýlyma bermek boýunça «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna gelipdi. Şol bir wagtyň özünde MBA «Walt Disney», «NBC» we «Amazon Prime Video» kompaniýalary bilen duşuşyklary ýaýlyma bermek boýunça 11 ýyla niýetlenilen şertnama baglaşdy. Onuň umumy bahasy 76 milliard amerikan dollaryna barabardyr.