Awstraliýanyň “Maunt Nýuman” atly demir ýol ulagynyň uzynlygy 426 kilometre deň bolup, 1969-njy ýyldan bäri hyzmat edip gelýär. 2001-nji ýylda bu ýolda rekord hasaplanylýan demir ýol düzümi hasaba alyndy. Bu düzümde jemi 6825 wagon bolup, umumy uzynlygy 7350 metre deňdir. Wagonlara ýüklenen 82 müň tonna ýük, oňa iň agyr ýükli demir ýol ulagy adynyň berilmegine hem sebäp boldy.
***