"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Guwandyryjy görkezijiler

Milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri şanly ýyly guwandyryjy görkezijilere beslenýärler. Olar geçen üç aýda 679 müň 20 kilowatt sagat elektrik energiýasyny öndürip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,3 göterim ösüş gazandylar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanylýan ýylyny ajaýyp zähmet üstünligine beslemek hyjuwy bilen zähmet çekýän stansiýanyň agzybir işgärleriniň tagallasy bilen öndürilýän elektrik energiýasy paýtagtymyzyň we welaýatyň ilatynyň mukaddes ojaklaryna nur paýlaýar.

Ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu buýsançly hakykata Balkan welaýatynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Has takygy, Garaşsyz Diýarymyzyň günbatar bölegini jähekläp oturan bu sebitde şu ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleriniň 3 milliard 396 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy. Elektrik energiýasyny ýerleşdirmekde gazanylan ösüş depgini 115 göterime ýetirildi. Welaýatda gürrüňi edilýän döwürde dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümlerini taýýarlamakda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda ýetilen bu sepgitler balkanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen üç aýynda tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 1 milliard 527 million manatlyga barabar bolup, bu ugurda 118 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy hem muňa aýdyň güwä geçýär. Üstümizdäki ýylda ýola goýlan bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 1,4 milliard manatlykdan hem gowragynyň hususy eýeçiligiň paýyna düşýändigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Önümçilik görkezijileri artýar

Diýarymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň netijeli zähmetinden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Nebit-gazly ojaklardaky gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan önümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy hut şu müdirligiň geofizikleriniň paýyna düşýär. Aňryçäk derejede has anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky, şeýle hem milli Liderimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly awtoulaglarynda oturdylan ýöriteleşdirilen kämil barlamhanalary netijeli peýdalanylýar. Işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy netijesinde kärhana boýunça “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýynda 16 million 837 müň manatlyga derek 20 million 41 müň manatlyga barabar işler özleşdirilip, bellenilen meýilnama 120,2 göterim amal edildi. Gazanylan üstünlikde müdirligiň Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika ekspedisiýalarynyň, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologiki enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň mynasyp goşantlary bar.

Beýik işlere saldamly goşant

Berkarar Diýarymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklar üçin gurluşyk serişdeleriniň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi işleriň bökdençsizligini üpjün edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem bu asylly işe mynasyp goşant goşýan kuwwatly kärhanalaryň biridir. Eziz Arkadagymyzyň ministrligiň edara-kärhanalarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky tagallalarynyň netijesinde müdirlige soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly tehnikalarynyň köpsanlysy gelip gowuşdy. D.I.Mendeleýewiň periodik jedwelindäki elementleriň aglabasyna baý bolan Köýtendag sebitlerinde iş alyp barýan kärhananyň ähli babatda üpjünçiligi gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik derejede öndürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Ilkinji önüm — 10 million kerpiç

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň çäginde açylyp, ulanylmaga berlen keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri kerpiçleriň 10 milliondan gowragy öndürilip, müşderilere ugradyldy. Bu kuwwatly kärhananyň «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişlidigini ýatladýarys. Önümçiliginiň ilkinji tapgyrlarynda bu ýerde müşderileriň isleglerine görä, keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürmäge girişildi. Sary we gyzyl reňkdäki kerpiçler taýyn bolan dessine sargyt edilen ýerine sary ugradylýar.

Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamyna hem degişlidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň karz edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda alnyp barylýan döwrebap işler, ilata hödürlenýän paýnamalar we oňa eýe bolmagyň düzgünleri, olaryň ykdysadyýete ýetirýän oňaýly täsirleri barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni Ýusup TAŇRYGULYÝEW hem-de «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň meýilnama-ykdysady iş bölüminiň esasy hünärmeni Azat GYLYÇHANOW bilen söhbetdeş bolduk. Onuň mazmunyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Kenar ýakasyndaky zähmet

Mawy deňiz, joşly tolkunlar, hyjuwly ýaşlar, «dynman işleýän tehnikalaryň sesi — «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň her günki işiniň özboluşly bir aýratynlygy. Bu ýerde çekilýän zähmetiň netijesinde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň senagat pudagyna uly goşantdyr. Şeýle-de bu günki senagat pudagynyň ösen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýandygyny görkezmek bilen, bu kärhana daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döredip başlady. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maksady deňziň türkmen kenarynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekdir. Mundan başga-da ol deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan gämileri, nebit we beýleki işlerde ulanylýan dürli hyzmat ediji gämileri we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işlerini-de alyp barýar. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem hut şu ýerde alnyp barylýar.

Sanly ulgam

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň netijesinde oňyn çözgüde eýe boldy. Şunda önümçilikde ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň ýokary hilli, netijeli amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda goşmaça girdeji getirýän çeşmeleriň herekete getirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzy çalt depginde senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek hem-de maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini we telekeçiligi ösdürmek ugrundaky mümkinçilikleri pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ýurdumyzda internet söwda ýola goýuldy, şeýle-de içerki öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyryldy, önümçiligiň gerimi hem yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüşini höweslendirmek, bu ulgamy jemi içerki önümiň öndürilişine täsirini artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda «sanly tapawudy» aradan aýyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.

Belent sepgitlere ýetilýär

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Hususan-da, hökümetiň mejlisinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere degişli toparyň mejlisinde bellenilen tertipde seredildi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 4 sany desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak maksadalaýyk hasaplanyldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, uçar kerosinini, nebit bitumyny dizel ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň täjirleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtobenzinini, Russiýanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan ulag-üstaşyr diplomatiýasy esasynda, ýurdumyzyň içerki hem-de halkara ulag infrastrukturasy täze çekilýän ýollaryň hasabyna ösýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Ulaglar ulgamy ýurduň «çylşyrymly bedeninde» özboluşly «damar ulgamynyň» wezipesini ýerine ýetirmek bilen, ol ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir» diýip belleýär. Türkmenistanyň halkara ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi, üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň artmagy ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümlerdir harytlaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz ugradylmagyny, şeýle hem üstaşyr geçýän ýükleriň barmaly nokadyna gysga wagtda barmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurduň içinde we halkara derejesinde ýükleriň, ýolagçylaryň gatnawyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagyna giň şertleri döretdi. Ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» (TRASEKA) ulag geçelgesini döretmekde hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamany, Merkezi Aziýada Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny we beýleki halkara maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşýar.

Döwrebap ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň uly üstünliklere we taryhy wakalara beslenmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. 25-nji martda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy şol möhüm taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr. Ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenen bu ýyladyşhanalar häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş ornunyň döredilendigini nygtamak guwandyryjydyr. Ähli ýyladyşhanalaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzdan täze oba hojalyk tehnikalaryny — dünýä meşhur «John Deere» traktorlaryny sowgat alandygyny hem bellemek gerek. Milli Liderimiz täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, oba hojalygyndaky özgertmeleri kämilleşdirmäge, bu ugurdaky işleri döwrebap usullar bilen guramaga, pudaga hususy haryt öndüri

Se­na­gat pu­da­gy­nyň bat­ly ga­dam­la­ry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary, şol sanda senagat pudagy diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilýär. Ýurtda senagat önümçiligini kämilleşdirmek, azyk bolçulygyny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy telekeçilere amatly mümkinçilikleri döretmek babatda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Kärhanalaryň maýa goýum işini goldamaga niýetlenen kanunçylygy kämilleşdirmek, hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn ugurlarynyň gerimini giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň senagat pudagyna has köp möçberde maýa goýumlaryny çekmäge we durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanan we üstünlikli amala aşyrylýan Maksatnamalarymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, ilkinji nobatda-da, senagat taýdan düýpli özgerişliklere badalga berdi. Senagatlaşma syýasatynyň baş maksady ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybaratdyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde himiýa, nebithimiýa, elektrik energetika we gurluşyk materiallary senagatynyň iri kärhanalary gurlup, olaryň onlarçasy hususy eýeçilige berildi.

Energetika ulgamy döwrebap kämilleşýär

Belent sepgitleri nazarlap öňe barýan şu ýylymyzyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň deputatlary bilen duşuşmagy milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmeklige uly üns berýändigini tassyklaýar. Häzirki zaman şertlerinde energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly kanunçylygymyzy kämilleşdirmek we bu ugurdaky hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, aýratyn hem suw, energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak arkaly milli we halkara bähbitlerine laýyk gelýän durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasynyň aýratynlyklary

Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminamanyň dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini we hukuk bilen baglaşylan geleşikleriň maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň ýedi babynda hem Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär. Konsepsiýada eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklary

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda binýady berkden tutulýan beýik işler halkymyzyň abadan ýaşaýşyna, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz 31-nji martda türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň halkara syýasatynyň gün tertibine girýän derwaýys meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýändigini belledi. Bu başlangyçlar, hususan-da, ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag pudagynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly meseleleri we beýlekileri öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga örän çynlakaý çemeleşýändigini belledi.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de yl­myň we in­no­wa­si­ýa­nyň or­ny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ulgamy döwrebaplaşdyrmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde örän uly ähmiýetlidir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gö

Täze banklar — bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Bank ulgamy — ykdysady ösüşiň özeni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam etdirilýär. Bu babatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar.

Kämil kanunlara daýanyp

Her bir kanun esasynda ýörelen dogry ýol kämillige alyp barýar. Kanunçylygyň höküm sürýän ýurdunda adalatyň dabaralanýandygyna, halallygyň, agzybirligiň, abadançylygyň höküm sürýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeler demokratiýany, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmekde, adalat jemgyýetiniň binýadyny berkitmekde öz miwesini berýär. Gahryman Arkadagymyz ýurtda kanunlaryň, tertip-düzgüniň ähli raýatlar, guramalar, edaralar tarapyndan doly hem dogry berjaý edilmeginiň degişli edaralar tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, teleradiogepleşiklere möhüm orun degişlidigi bellenildi. Bu kanun 53 maddadan ybarat bolup, ol resmi taýdan çap edilen gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan, gol çekilenden soň güýje girdi. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça t