"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Teatr sungaty — dostlugyň dili we döredijilik ylhamynyň çeşmesi

Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy Aşgabat, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.

Teatr sungaty — dostlugyň dili we döredijilik ylhamynyň çeşmesi

Paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly başlandy Aşgabat, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar.

Bilim ulgamynda möhüm ylalaşyklar

Ýurdumyzda yzygiderli guralýan sergilerdir maslahatlar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeliligi bilen tapawutlanýar. Golaýda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda birnäçe degişli resminamalara gol çekilmegi-de munuň aýdyň güwäsi boldy. Forumyň çäklerinde «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba Ýuliýa şäherindäki «1 Desembrie 1918» uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama», «Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (Türkmenistan) bilen «Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň (Belarus Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama», «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen «Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti» ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama», «Türkmenistanyň Milli bilim instit

Çeper sözüň baýramy

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi binasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň duşuşygy, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda» atly maslahat geçirildi. Myhmanlar bu ýerde kitap-neşir önümleri bilen hem tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana döredijiligi bilen edebiýat äleminde parlak ýyldyz bolup lowurdaýan akyldara türki dünýäde uly sarpa goýulýandygy aýratyn nygtaldy. — Bereketli güýz paslynyň nurana günlerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlary bolup türkmen topragynda myhmançylykda bolýarys. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak, şanly ýylda ussadyň ata Watanyna gelip, çeper sözüň, edebiýatyň baýramynda şygyr okamak biziň üçin uly mertebe — diýip, TÜRKSOÝ-nyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Ulugbek Esdaulet gürrüň berýär: — Döredijilik ussatlygy bilen döwürleri, medeniýetleri baglanyşdyrýan akyldar şahyryň edebi mirasy türki alymlar tarapyndan ylmy esasda giňişleýin öwrenilýär. Döwedine Hak kelamy guýlan beýik şahyryň şygyrlary halklaryň hakydasynda öçmejek şamçyraga öwrüldi. Onuň dürdäne eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, eserler ýygy

Reňbe-reň öwüşginleriň dünýäsinde

Şu günler Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde Türki döwletleriň suratkeşleriniň festiwaly hem geçirilýär. Oňa türkmen suratkeşleri bilen bilelikde Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Türkiýe we Gyrgyz Respublikalaryndan gelen suratkeşler-de gatnaşýarlar. Düýn Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Sergi jaýynda suratkeşleriň döredijilik duşuşygy guraldy. Biz myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Teýmur RZAÝEW,Stambul şäherindäki Ýeditepe uniwersitetiniň professory, suratkeş:

Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Institutyň eýwanynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, maslahat beriş geňeşi iş alyp barýan 30 ýylynyň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Durmuş ugurly hyzmatdaşlyk berkidilýär

Düýn — 17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri hem-de Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan we Özbegistandan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisde edilen çykyşlarda maslahat beriş geňeşiniň iş alyp barýan 30 ýyla barabar döwrüň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşandygy bellenildi. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolan Bitarap Türkmenistan dürli ugurlarda Arkalaşyk bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinýär. Ýurdumyzyň geçirilýän çärelerdir duşuşykl

Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Institutyň eýwanynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

      17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.       16-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti üstünlikli geçirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmenistanlylar Russiýanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog

17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Bu çäre taraplaryň köpugurly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Hususan-da, geňeşiň geçen ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen 36-njy mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi, GDA agza döwletleriň 2022 — 2024-nji ýyllarda durmuş-zähmet pudagynda hyzmatdaşlygynyň net

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr. Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Bilelikdäki ugurdaş çäreleriň yzygiderli geçirilmegi munuň üçin şertleri döredýär. Mejlise gatnaşanlar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Durnukly ösüşiň röwşen ýoly

16-njy oktýabrda Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşik geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy. Bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi.

Brifing geçirildi

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, akyldar şahyryň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Köp sanly daşary ýurt alymlary şahyryň döredijiligine bagyşlap, ylmy işleri ýazdylar hem-de onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdular. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýäniň halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň ilçisine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijiligi adamkärçiligiň we ahlak päkliginiň nyşany bolup durýar. Şahyr öz goşgularynda watansöýüjilige, ynsanperwerlige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň bu taglymlary häzirki nesiller üçin gymmatly miras bolmak bilen, onuň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan GDA-nyň geňeşine başlyklyk eder

Aşgabatda GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan geňeşe başlyklyk etmegi resmi taýdan kabul etdi. Türkmenistandaky kärdeşlerine geňeşiň başlyklygyny tabşyryp, Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Alekseý Wowçenko degişli geňeşe Russiýanyň başlyklyk eden döwründe, ýagny 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň oktýabry aralygynda möhüm üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Ol esasy başlangyçlaryň arasynda birnäçe möhüm maksatnamalaryň we döwletara ylalaşyklaryň taýýarlanylandygyny nygtady.

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we energetika taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin resminamalaryň taýýarlanyşyna aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.  Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meselelerine we geljekki meýilnamalara garadylar. Söwda dolanyşgyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýratyn nygtaldy. 

Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Institutyň eýwanynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri we Arkalaşyga agza ýurtlardan — Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan we Özbegistan Respublikasyndan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, maslahat beriş geňeşi iş alyp barýan 30 ýylynyň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşdy.

Zähmet we ilatyň durmuş goraglylygy ulgamynda gatnaşyklary ilerledip

Düýn paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisine işjeň häsiýet mahsus bolup, onuň dowamynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy. Biz mejlise gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňle rini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Gulnora KENJA,Täjigistan Respublikasynyň zähmet, migrasiýa we iş üpjünçilik ministri:

Sultan RAÝEW: «Türkmenistan — TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygynyň iň işjeňleşen döwrüne şaýat bolýarys»

Hormatly Prezidentimiz Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy barada: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi» diýip, juda jaýdar pikiri öňe sürdi. 11-nji oktýabrda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bolsa ýurdumyzyň syýasy-medeni durmuşynyň taryhyna söz ägirdiniň şanyna tutulýan toýlaryň iň naýbaşysy bolup ýazyldy. Dostlukly döwletleriň 9-synyň Baştutanlaryny, halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylaryny bir supranyň başynda jem eýlän foruma gatnaşan hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan RAÝEW hem bar. TÜRKSOÝ-nyň ugry boýunça geçiriljek iri medeni çäreler bilen baglylykda, onuň paýtagtymyza sapary şu günlerem dowam edýär. Biz türki dünýäniň umumy medeniýetini goramak we wagyz etmek babatda uly işleri alyp barýan bu abraýly düzümiň ýolbaşçysy bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.