"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Maglumat merkezi we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sanly köpri – “Türkmenaragatnaşygyň” taslamalary Londonda maslahatlaşyldy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi maýa goýumlary çekmek we optiki süýümli kabelleri we serwer enjamlaryny öndürýän kärhanalary, maglumat merkezini döretmek ýaly birnäçe taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýardyr. Bu barada agentligiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow 22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen “Türkmenistan - maýa goýum we ösüş” atly forumda eden çykyşynda mälim etdi. Rejepow hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde Türkmenistanyň “akylly” şäherleri üçin IT hyzmatlaryny we dolandyryş ulgamlaryny ösdürmekdir diýdi. Şeýle hem, ol iň täze simsiz aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan Aşgabat şäher telefon ulgamyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna daşary ýurtly işewürleriň we maýadarlaryň ünsüni çekdi.

Doganlyk daragty gül açýar

Ajaýyp zamanamyzyň sergin säherlerinde dogýan her bir Gün bize asylly işler bilen baglanyşykly hoş habarlary buşlaýar. Il-günüň hatyrasyna amal edilýän şol beýik işleriň netijesinde bagtyýar durmuşyň binýady tutulýar. Hoşniýetlilikden, ynsanperwerlikden, birek-birege ynanyşmakdan gözbaş alýan halk bähbitli wakalara şaýat bolmak ýurduň ýagty geljegine bolan beýik ynamy döredýär. Beýik danalaryň belleýşi ýaly, haýsy mekanda eneleriň arzuwy hasyl bolýan bolsa, diýmek, şol ýurtda asudalyk, agzybirlik, bagtyýarlyk höküm sürýändir. Çünki dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan eneleriň ählisiniň arzuwy çagalarynyň asuda mekanda okap, zähmet çekip, sapaly durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Bu gün biziň ýurdumyz hem dilleri dogaly eneleriň, berkarar döwlet islän parasatly gojalaryň arzuwlarynyň wysal bolan mekanydyr. Il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli wakalara gözli şaýat bolanyňda, ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga, has-da önjeýli zähmet çekmäge ruhlanýarsyň. Hoşniýetli gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri

Gözel binalary bilen görklenýän şäher

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren hoş habar — 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Mermer paýtagtymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäniň iň gözel we tehnologik taýdan ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilip, «Dizaýn» ugurly döredijilik şäherine öwrülmegi «Aziýanyň merjeni» hasaplanýan baş şäherimiziň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek Arşa göterdi. Biz bu gün «Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümläni ata Watanymyzyň mysalynda açyk-aýdyň görýäris. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti gurýan, döredýän ýurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Obalarymyzy, şäherlerimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň, şähergurluşyk-binagärlik ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde eziz Diýarymyz häzirki wagtda tutuşlygyna gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tanalmaz ýaly derejede ösüp-özgermegi, ýurdumyzyň dürli künjeginde täze oba-şäherleriň döremegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalar toplumlarynyň gurulmagy döwrümiziň beýik arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-zehininiň, tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesidir.

Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň «Nurminen Logistics» kompaniýasy Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi. «Nurminen Logistics» häzirki zaman we ekologiýa taýdan arassa gaplary ulanmak bilen, Aziýa bilen Skandinawiýanyň arasynda demir ýol daşamalaryny amala aşyrýar. Kompaniýanyň logistika pudagynda 130 ýyldan gowrak tejribesi bar we ol öz mümkinçiliklerini hem-de çözgütlerini yzygiderli ösdürýär.

Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär.

Londondaky maýa goýum forumy

Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýdy Ählumumylaşma hadysasy geografik taýdan uzaklygyň Ýer ýüzüniň islendik künjegindäki ýurtlaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagy üçin bökdençlik däldigini barha aýdyň görkezýär. Bu gün haýsy yklymda ýerleşýändigine garamazdan, ykdysadyýet we ykdysady gatnaşyklar döwletleri hyzmatdaşlara, zerurlyklar bolsa pikirdeşlere öwürýär. 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forumyň mysalynda-da muny doly delillendirip bolar. Temza derýasyny etekläp oturan bu gadymy şäher ýurdumyzyň ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýän köp sanly ýurtdan 74 sany kompaniýanyň 150-den gowrak wekilini bir meýdança jemledi. Olaryň aglabasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň dürli ugurlarda iş alyp barýan öňdebaryjy düzümlerine wekilçilik edýärler.

Ählumumy ösüşe goşant goşýan tagallalar

Şu ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu şanly sene mynasybetli 26-njy noýabrda Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Utgaşykly görnüşde guraljak foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, halkara ulag düzümleriniň, ulag kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara giňişlikde ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde gazanýan üstünlikleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys» diýen sözleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag-logistika ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän täze mümkinçilikleri we çözgütleri gözlemek boýunça Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olaryň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň bu ugurda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň dünýä jem

Umumadamzat bähbitli tagallalar

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, islendik döwletiň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşleriniň özeni sebit we halkara derejesinde deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň her biriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga gönükdirilen hem-de sazlaşykly işleýän düzümleriň döredilmegine baglydyr. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmäge ägirt uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ulag-üstaşyr geçelgeleri, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda gazanan üstünliklerine we halkara derejesinde abraýynyň has-da pugtalanmagyna aýdyň mysal hökmünde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegini aýratyn bellemelidir. Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 26-nj

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiziň dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp amala aşyrýan daşary syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary we halkara guramalar bilen saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak, senagat, oba hojalygy, bilim, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar. Döwletimiz dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli we ählumumy bähbitlerden ugur almak ýaly belent maksatlary çelgi edinip, dünýä ýurtlary bilen strategik gatnaşyklary barha pugtalandyrýar. 1-nji noýabrda paýtagtymyzda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilmegi hem munuň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Foruma ýurdumyzyň başlyklyk etmegi Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde abadançylyga, ygtybarly durmuş-ykdysady ösüşe mynasyp goşandyny goşýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

Döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

TÜRKMENISTAN — BELARUS: ylmy-tehniki gatnaşyklar ilerledilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Biz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys” diýip nygtaýar. Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ylym-bilim we medeni ulgamyň hünärmenleri iki ýurtda guralýan halkara maslahatlara, sergilere we festiwallara çagyrylýar. Häzirki döwürde bu dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyp ýaşlaryň müňlerçesi bilim alýar. Ýakynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde iş saparynda boldy.

YHG-nyň Daşkent sammiti: bilelikde nurana geljege tarap

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň YHG-nyň döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna amala aşyran sapary hem nobatdaky gezek subut etdi. Saparyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň Baştutanlary açylýan mümkinçilikleri hem-de geljek üçin bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, abraýly düzümleriň çäklerinde, şol sanda YHG-nyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Astanada Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň mejlisi geçdi

Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň nobatdan daşary 47-nji mejlisi geçdi. «Kaztraffic-2023» XIX Halkara forumyň çäklerindäki mejlis Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ýol-ulag we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi. Olar GDA-nyň Ýolçylarynyň hökümatara geňeşiniň geçen döwürde ýeten sepgitleri bilen tanyşdylar hem-de arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň awtomobil ýollarynyň taslamasyny düzmek, gurmak, döwrebaplaşdyrmak we ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistan bilen Gazagystanyň arasynda täze ýoluň gurulmagy meýilleşdirilýär

Daşkentde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow sebitde ulag infrastrukturasynyň ösüşini öňe sürmek başlangyjyny beýan etdi. Onuň gurama agza ýurtlaryň onusyndan ýedisiniň dünýä ummanyna çykyp bilmejekdigini belläp, serhetaşa söwda we logistika infrastrukturasynyň döredilmegine üns bermegi teklip edendigini «Trend» habar berdi. Premýer-ministriň pikiriçe, esasy ösüş faktorlaryndan biri Gazagystan we Özbegistan serhedinde ýerleşýän senagat hyzmatdaşlygynyň «Merkezi Aziýa» halkara merkezi bolar. Gyrgyzystan Respublikasy bilen serhetde hem şeýle toplumyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Ykdysady mümkinçilikler anyk taslamalara ýol açýar

Berlinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi Bazar gatnaşyklary şertlerinde islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde hususy pudagyň ornunyň örän uludygy ykrar edilen hakykatdyr. Çünki işewürlik ykdysady ösüşe ýardam etmek bilen birlikde, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň depginini ýokarlandyrmakda, iş orunlaryny döretmek arkaly halkyň durmuş şertlerini gowulandyrmakda hem hereketlendiriji güýç hasaplanýar. Dürli ugurlarda bilermenler bilen pikir alşyp, bilelikde hususyýetçilige degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda işewürlik forumlary netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigine 20-nji noýabrda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Halkara giňişlikde

Türkmen-hytaý dialogy hereketde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde iş saparynda bolup, hytaý tarapynyň wekilleri bilen möhüm duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirilip, onuň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna üns çekildi. Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketler, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyna syn berdiler.

Halypa diplomatyň halkara sylagy

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti üstünlikli geçirildi. Sammitiň çäklerinde bu iri düzümiň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Olaryň arasynda milli diplomatiýamyzyň wekilleriniň biri — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor Amangeldi Rahmanowyň hem bolmagy buýsançly ýagdaýdyr. Öňňin, 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halypa diplomata bu abraýly sylagy gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Myhmanlaryň gezelenji

Golaýda Eýran Yslam Respublikasyndan ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary üçin Arkadag şäherine tanyşlyk guraldy. Myhmanlar Türkmenistanda iň täze, döwrebap şähere aýlanyp gördüler. Bellenilişi ýaly, täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri, binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman usullary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan şäheriň aýdyň nusgasy. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Myhmanlarda şäheriň ajaýyp keşbi, binagärlik çözgütleri, döredilen amatlyklar we ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş şertleri uly täsir galdyrdy. Wekiliýet agzalary Türkmenistanda halkara derejesinde «akylly» şäheriň gurlandygyna we ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna goňşy döwlet hökmünde buýsanýandyklaryny bellediler.