Parahatçylygyň gadymy kökleri
2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň köňlünde täze üstünliklere bolan galkynyşy döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň adynyň parahatçylyk we özara ynanyşmak bilen pugta baglanyşdyrylmagy hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan parahatçylyk, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň şu ýylda ýedi yklyma aýratyn täsin öwüşginli ýaýyljakdygynyň nyşanydyr. Parahatçylyk sözi gadymy halkymyzyň durmuşynda müdimi kök urup, onuň manysynda özbaşdaklyk, özerklilik, özygtyýarlylyk ýaly mukaddes sözler berk baglanyşýar. Halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyndan bäri dowam edip gelýän ýaşaýyş ýörelgesi, şu keramatly topragyň üstündäki dagdyr deňiz-derýasynyň, alyslara ýaýylyp gidýän sähra-düzleriniň, jülgeleriniň, jadyly gözellik bilen gurşalan daglarynyň, şypaly ýerasty çeşmeleriniň, ýerasty tebigy baýlyklarynyň, gaýtalanmajak özboluşly tebigatynyň täsin gözellikleri bilen birleşýär. Şu jähetden, türkmen halkynyň özüniň mukaddes ýurduna, keramatly topragyna bolan mähri deňiz-derýasy ýaly çuňňur, daglary ýaly beýik. Ylaýta-da, halkymyz öz tebigaty bilen bile biten ýaly. Tebigaty ezizlemek, ony özüniň janynyň bir ülşi ýaly görmek duýgusy, pederlerimiziň türkmen tebigatyny yzygiderli ösdürmäge, ony timarlamaga bolan yhlasyny artdyrypdyr. Ýabany ösümlikleri medenileşdirmek dana pederlerimiz ta