"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi. Indi 33 ýyl bäri ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni beýik işlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na

Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Mu­ňa biz onuň ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de, her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gin­de aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. 24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem bu ha­ky­ka­ty no­bat­da­ky ge­zek açyp gör­kez­di. Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di

Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz, bag­ty­myz

Hä­zir­ki ta­ry­hy pur­sat­lar­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz, onuň göz­baş­la­ry hem esas­la­ry ba­ra­da ýat­la­mak ýa­kym­ly. Dog­ru­sy, bu mu­kad­des­lik ba­ra­da he­mi­şe pi­kir et­me­li, oňa he­mi­şe gu­wan­ma­ly we ol ha­kyn­da­ky pä­ki­ze duý­gy-dü­şün­je­le­ri he­mi­şe aňyň­da hem ýü­re­giň­de gö­te­rip gez­me­li. Se­bä­bi bi­ziň öz­baş­dak mil­let, öz­baş­dak döw­let­li halk hök­mün­dä­ki her bir üs­tün­li­gi­mi­ziň, ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň hem ga­zan­ýan ab­raý-mer­te­bä­mi­ziň göz­ba­şyn­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz du­ran­dyr. Şon­suz bi­ziň öňe git­me­gi­miz müm­kin bol­maz­dy. Ga­raş­syz­lyk di­ňe bi­ziň öz­baş­dak döw­le­ti­mi­ziň bar­ly­gy­ny däl, oza­ly bi­len, öz­baş­dak halk hök­mün­de bi­ziň özü­mi­ziň bar­ly­gy­my­zy aň­lad­ýan­dyr. Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz. Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz. * * *

Ga­raş­syz­lyk ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge!

Şu gün — 27-nji sent­ýabr­da ag­zy­bir we je­bis hal­ky­myz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny aý­ra­tyn ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk bi­len gar­şy­la­ýar. Şan­ly baý­ram my­na­sy­bet­li Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny, öz­ger­di­ji güý­jü­ni ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Döw­let mün­be­ri top­lu­my­nyň öňün­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­de bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­nyň, mu­kad­des ser­het­le­ri­niň hem-de Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy, ba­şar­jaň­ly­gy açy­lyp gör­ke­zi­ler. Ga­raş­syz­lyk gü­ni ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şin­dä­ki şöh­rat­ly ýo­lu­nyň şu ge­zek­ki tap­gy­ry­nyň je­mi­ni jem­le­ýän we tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry düz­ýän sep­git­dir. Wa­tan­daş­la­ry­myz Ga­raş­syz­ly­gyň 33 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mä­ge my­na­syp taý­ýar­lan­dy­lar. Türk­men döw­le­ti­niň ber­ka­rar­ly­gy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan üs­tün­lik­ler mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXV mas­la­ha­ty­ny

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk — guwanjym

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy mynasybetli welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde «Garaşsyzlyk — guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler oňa gatnaşyjylary baýram bilen tüýs ýürekden gutladylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyny,  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny agzybir halkymyzyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp zamanamyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň sanynyň yzygiderli artmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

YKRARA MYNASYP ZEHINLER

Mälim bollşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli şu günler ýurdumyzda dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, žurnalistler, yazyjy-şahyrlar, aýdymçy-sazandalar, mahlasy, milli medeniýetimizin we sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan zehinleriň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bu bäsleşigiň ýenijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň aglabasynyň dörediji ýaşlar bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gursagyny Şa serpaýlary — altyn güýzüň ýalkymy bilen utgaşýan altyn zynjyr bezäp duran döredijilik işgärleriniň zybanynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlanýar.Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda biziň «Dünýä edebiýaty» żurnalymyzyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowanyň hem bolmagy, döredijilik işgärlerimiziň ählisiniň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. «Meniň  ujypsyz zähmetime uly baýragyň — Şa serpaýynyň berilmegi, yüregimdäki menzilli maksatlarymyň ýaýraw

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli etrap häkimligi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Dilnäz-Gülnäz» toý mekanynda «Garaşsyzlyk berdi bu beýik bagty» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, edara-guramalaryň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryna, baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berildi. Watanymyzyň bagtyýarlygy, halkymyzyň agzybirligi wasp edilip ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar zähmetkeşleriň watansöýüjilik duýgularyny we zähmet joşgunyny has-da belende galdyrdy.

Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma

Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy bilen mähirli gutladylar. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan bäri geçen ýyllaryň içinde ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanylan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Ajaýyp senäniň buýsanjy Şu günler Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreler giň gerime bolýar. Golaýda etrapdaky “Alkyş” toý mekanynda-da şeýle çäreleriň biri geçirildi. “Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara” atly bu çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň, TAP-niň etrap komitetleri, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk çäresine ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Watanymyzyň şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

25-nji sentýabrda  paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän şanly baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň a

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

«Köpüň dilegi köl bolar» Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

25-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi. Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly hajy Serdarymyz mähirli garşylanyldy.

“Köpüň dilegi köl bolar” Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

25-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.

Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

25-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnali

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparlarynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň gutlagy

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy! Gadyrly watandaşlar! Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty häzirki wagtda türkmen döwletliliginiň esasy daýanjy, Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ylalaşyklylygyň kepili, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhy ýoluna ygrarlydygynyň nyşanydyr. Parahatçylyk söýüjilik, öňdengörüjilik, jogapkärçilik, ähli hereketleriň Watanyň bähbitleri bilen sazlaşmagy Halk Maslahatynyň işiniň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Geňeş toýy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Garaşsyzlyk — bagtymyz

Muhammet ATAMYRADOW,Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy: — Her ýylda däp bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde halal zähmet çekip, görelde görkezen ildeşlerimiz döwlet derejesinde sylaglanylýar. Maňa-da Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakdy. Muňa diýseň buýsanýaryn.