Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty watandaşlarymyzyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkidilmegine uly goşant goşýar. Muňa biz onuň ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, berkarar döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerinde, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlislerinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu hakykaty nobatdaky gezek açyp görkezdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mähriban eneler, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden jemgyýetçilik wekilleri, beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.