Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparlarynyň serkerdesi Oleg Kononenkonyň gutlagy

26 Sentýabr 2024
370

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Gadyrly watandaşlar!

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty häzirki wagtda türkmen döwletliliginiň esasy daýanjy, Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ylalaşyklylygyň kepili, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhy ýoluna ygrarlydygynyň nyşanydyr. Parahatçylyk söýüjilik, öňdengörüjilik, jogapkärçilik, ähli hereketleriň Watanyň bähbitleri bilen sazlaşmagy Halk Maslahatynyň işiniň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.