"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hans maýsner: «zähmetiňe berlen baha iň uly bagtdyr»

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçesine dünýäde meşhur kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Bu nemes kardiohirurgynyň lukmançylyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň kemala gelmegine we ösmegine, türkmen lukmanlarynyň arasynda halypa-şägirtlik mekdebiniň döredilmegine, kardiohirurgiýa ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap usullar arkaly kämilleşdirilmegine goşan şahsy goşandynyň ykrarnamasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmak biz üçin uly hormatdyr» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyz türkmen-german gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokary depginde ösdürilýändigini hem-de bu babatda Hans Maýsneriň goşandynyň uludygyny nygtady.

Ýüreklerde alkyş, kalplarda buýsanç

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge yzygiderli üns berýär. Şu ýylyň 10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşan hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem yhlasly zähmeti, ýokary hünär ussatlygy bilen tapawutlanan watandaşlarymyz bilen birlikde daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekmegi buýsançly waka öwrüldi. Döwlet sylaglaryna eýe bolan saglygy goraýyş işgärleriniň ählisiniň döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözleri egsilmezdir. Günter Ýakob DOM, GFR-iň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, «Prof.Dr.Dhom & Kollegen» hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany:

Sport — dostlugyň we parahatçylygyň ýoly

Sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Kabul edilen bu çözgüt Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigine doly şaýatlyk edýär. Resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi bu çözgüdiň tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin örän möhümdiginiň hem-de ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany bolup, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryna esaslanýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygyny dünýä ýaýýa

Witaminler näme üçin gerek?

Mälim bolşuna görä, immun ulgamy bedeni bakteriýalaryň, mikroblaryň, wiruslaryň we beýleki kesel dörediji mikroorganizmleriň zyýanly täsirinden goraýar. Bu ulgam özüniň zeperlenen, şoňa görä onkologiki keselleriň döremegine itergi berip bilýän öýjüklerini ýok etmäge ukyplydyr. Immunitet çylşyrymly gurluşa eýe bolup, onuň öz işini kadaly ýerine ýetirmegi üçin witaminleriň gerekdigi doly subut edilendir. Muňa göz ýetirmek üçin ilki bilen immunitetiň möhüm düzüm bölegi bolan beloklaryň bedende nähili funksiýany ýerine ýetirýändigine seredip geçeliň. Beloklar:

Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu döwletli maslahatda il-ýurt bähbitli möhüm başlangyçlar öňe sürlüp, geljek üçin täze wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip nygtaýar. Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar» ýaly pähimler hem bar. Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütler il alkyşy, halk goldawy bilen ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berýär.

Türkmenistan — dünýäniň kalby

11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Ýokary derejede geçen abraýly foruma dostlukly döwletleriň Prezidentleri, şeýle hem iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Dünýä derejeli we gerimli syýasy abraý hem goldaw tapýan döwletimizde geçirilen bu halkara forumyň Magtymguly Pyragynyň ady, abraýy we filosofik pikirleri bilen baglanyşykly bolmagy has-da ähmiýetlidir. Şeýlelikde, Türkmenistan Ýer togalagynyň syýasy, habar, medeni, edebi, pikir merkezi boldy. Günler boýy külli adamzadyň ünsi Watanymyzda jemlendi. Günler boýy uly we kiçi, ýaş-u-garry, zenan hem erkek, günbatarly ýa gündogarly — her bir ynsan üçin Gahryman Arkadagly we Gahryman Serdarly Türkmenistan dünýäniň kalby diýlip kabul edildi. Ähli dünýä ýurtlarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we gündelik neşirleriň merkezi, esasy, baş temalary Garaşsyz Türkmenistan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhy, pikir we syýasy ýörelgeleri hakynda boldy. Günler içinde adamzat türkmençe sözledi, türkmençe pikirlendi we türkmençe ýaşady. Dünýä Magtymguly Pyragynyň düşünje hem paýhas dilinde sözledi. Adamzat türkmen akyldarynyň pikirleri bilen pikirlendi. Halklar türkmen kalbynyň duýgulary bilen ý

Bagtyýar ýaşlaryň hemrasy

Sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda her bir adamyň, aýratyn-da, ýaş nesliň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda giň şertler döredilýär. Ynsanyň beden hem ruhy taýdan kämilligi bedenterbiýe we sport bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hakynda edýän yzygiderli aladalarynyň netijesinde geljegi röwşen nesiller uly üstünlikleri gazanýarlar. Şeýle tagallalardan göwünleri galkynýan türkmen ýaşlary ylym-bilim, sport we döredijilik bilen meşgullanyp, täze sepgitlere ýetýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýen sözlerinden ruhlanýan türkmen ýaşlary sporty we bedenterbiýäni durmuş hemrasyna öwürýärler.

Giň gerimli özgertmeler

Raýatlaryň saglygyny goramak we jemgyýetiň sagdynlygy hakynda aladalanmak döwletiň öňündäki möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni, şeýle hem sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Raýatlaryň saglygyny goramak üçin kanunçylyk özgertmelerini amala aşyrmak bilen birlikde, döwrebap lukmançylyk düzümleri, sagaldyş-dikeldiş merkezleri işe girizilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki döwürde-de üstünlikli amala aşyrylýar. Baş maksady ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bolup durýan bu Maksatnamanyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan — sport ýurdy

Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta jemgyýetimizi jebisleşdirýän, ýaş nesilleri beden hem ruhy taýdan terbiýelemäge ýardam edýän gymmatlyk hökmünde garalýar. Türkmenistanly türgenler dünýäniň çar ýanynda guralýan halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, Watanymyzyň abraýyny beýgeldýärler, ak mermerli paýtagtymyz bolsa sebit we dünýä derejesindäki sport merkezi hökmünde ykrar edilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda iri sport ýaryşlarynyň ençemesi, şol sanda 2014-nji ýylda windsörfing boýunça Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyry, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ajaýyp sport baýramçylygy hökmünde kalbymyzy joşdurdy.

Beýik akyldaryň hormatyna

Türkmen halkynyň öz beýik şahsyýetlerine çäksiz uly sarpa goýýandygyna, olaryň at-abraýynyň dünýä içre has-da beýgelmegi üçin ähli tagallalary edýändigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän giň gerimli dabaralaryň, söz ussady bilen baglanyşykly buýsançly hem şanly wakalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň edebi mirasyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, abraý-mertebesini öňküden hem belende galdyrmakda jahana nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyna bu gün aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden dünýä ýaýmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 11-nji oktýabrda Aşgabatda wekilçilikli halkara forum geçirildi. Beýik türkmen akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli bu maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşmagy şahyryň hormatyna geçirilýän dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanylýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä

Belent ykrarnamanyň nyşany

Halkymyzyň uçar ganatyna, milli buýsanjyna deňelýän ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň netijesinde 2023-nji ýylyň dekabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji oktýabrynda geçirilen maslahatda degişli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahatda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny şanly waka bilen gutlap, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany gowşurdy. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.

Ýeňişlere uzaýan menziller

Milli sportumyzyň ajaýyp ösüşleri her birimizi buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň binýadyny goýan sport syýasaty sport ulgamynyň taryhy ösüşleriniň özeni bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işler bu ugra özboluşly öwüşgin çaýyp, ýetilen belent sepgitleriň möhüm tapgyry hökmünde çykyş edýär. Şunlukda, türkmen sporty halkara giňişlikde täze üstünliklere sary ynamly gadam urýar. Dünýä hem yklym çempionatlarynda gazanylýan ýokary netijeler, dürli derejeli oýunlardaky üstünlikler bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. Elbetde, halkara derejedäki netijeler milli sportumyzyň ösüşli menzilleriniň görkezijisidir. Şol netijelere biziň ýokary okuw mekdebimizde — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan türgenleriň hem mynasyp goşant goşýandyklaryny bellemelidiris. Munuň özi türgenleriň kämillik ojagy bolan institutymyzda bilim alýan ussatlaryň ukyp-başarnygyndan habar berýär. Şol bir wagtyň özünde hem, ýaşlaryň bu ýerde döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýandyklarynyň nyşanydyr.

Welaýatlardan habarlar

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, berk bedenli, sagdyn ruhly, maksadaokgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Milli Liderimiz tarapyndan binýady goýlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde Diýarymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Wagyz-ündew çäreleri ýaşlaryň arasynda sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine, köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesdir söýgini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Şeýle çäreler biziň mekdebimizde hem yzygiderli geçirilip, olarda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, zyýanly endiklerden daşda bolup, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ýurdumyzda ussat türgenleriň kemala gelmegi, sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap almagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdyr hoşallyk sözleri bolsa wagyz-ündew çärelerinde çykyş edýänleriň dilleriniň senasyna öwrülýär.

Innowasiýalar — jemgyýetçilik ösüşinde täze ugur

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähli ugurlar bilen birlikde, ykdysady we durmuş gurşawyna innowasiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem aýratyn üns merkezinde boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan wezipeler, maýa goýum syýasatynyň netijeliligi, döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň işi bilen bagly meselelere garap: «Ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy» diýmek bilen, ösüşiň täze nusgasyny amal etmegiň kesgitleýji ugurlaryny — innowasion ösüşi we hususy pudagyň işewürligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, esasan, innowasion ösüşiň esasyny düzýän intellektual eýeçiligiň jemgyýetdäki ornunyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilýär. Innowasion ösüş täze tehnologiýalar, hyzmatlaryň görnüşi, önümler, önümçilik, administratiw, maliýe we beýleki guramaçylyk-tehniki çözgütler arkaly gazanylýar. Innowasiýalar kärhananyň maliýe taýdan kuwwatlanmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Olar ykdysady herekete üýtgeşmeleri girizip, ykdysady deňagramlylygy täzeleýär. Olaryň döwlet we hususyýetçiler tarapyndan yzygiderli önümçilige hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşe, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Egsilmez alkyşyň eýeleri

Kämil söze sarpanyň dünýä derejesi

Aşgabat forumyndan soňky oýlanmalar Şu günler ýurdumyzda uly toý ruhy höküm sürýär. Alysdan-ýakyndan myhman garşylap, supra ýaýyp, şowhun eýläp, tutumy-owazasy uludan tutulan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň toý kemi galdymy diý! Asyl-ha, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäniň toýuna öwrülendigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol forumda eden çykyşynda jaýdar belledi. Dünýä ýurtlarynyň 24-sinden myhmanlaryň, şol sanda 9 ýurtdan döwlet Baştutany derejesinde wekiliýetleriň, şeýle-de iri halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylarynyň paýtagtymyza gelip, toý şatlygymyzy paýlaşandyklary bu tutumly toýuň derejesini aýan-aýdyň görkezýär. Ine, türkmeniň beýik şahyrynyň mertebesi! Kämil Söze sarpanyň dünýä derejesi! Forumyň waspyny-wagzyny ýaýmaga daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragynyň Aşgabada gelendigi-de kän zatlary aňladýar.

Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylary

Watan bize Hakyň peşgeşi, ata-babalarymyzyň miras goýan mukaddes topragy. Şonuň üçin Watan bahasyna ýetip bolmaýan baýlykdyr. Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda aýdylyşy ýaly: «Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri aý-ýyllara özboluşly öwüşgin berip, taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Bu ösüş-özgerişler ähli ulgamlar, ugurlar bilen bir hatarda milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem kämil binýadyny kemala getirýär. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy esasynda ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar.

Ykdysady syýasatyň rowaçlygy

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary ýadymyzdan çykmajak ýakymly täsirleri bilen ýurdumyzda belent ruhy ýokary göterişligi döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygy bilen ösüşlerimiziň depgini has ýokarlanyp ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimiz her bir döwürdäkisinden hem tapawutly ösüşlere eýe bolýar. Adam başyna düşýän girdejiniň, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesi; ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy; ykdysady özgertmeleriň işjeň depgini; dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk ykdysady ösüşleriň esasy aýratynlyklaryny düzýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagy hem hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň rowaçlygyna şaýatlyk edýär.

Döwrüň mizemez bagty

Döwrüň adamlara eçilen bagty çakyňdan zyýat gelende, şaýat bolýan hakykatlaryň hem göz öňüne getirenleriňden has öňe saýlanýar eken. Ine, geçen hepdede bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi alyp göreliň! Şu hünär baýramynyň üstümizdäki ýylda bellenilişi ýurdumyzyň çäginden has uzaklara ýaýrady. Şol günlerde tutuş dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanda bu ulgamyň işgärleriniň alyp barýan işlerine nähili belent sarpanyň goýulýandygyna şaýat boldy. Diňe bu-da däl! Ýurdumyz hemişe bolşy ýaly, bu toýy-da dünýäniň çar künjünden gelen dostlary bilen bile toýlady. Hünär baýramyndan bir gün öň ýurdumyzda halkara derejesindäki iri saglygy goraýyş merkezleriniň açylyp, ulanylmaga berlendigini, şol merkezlerden biziň welaýatymyzyň hem paýly bolandygyny gazetimiziň geçen sanynda habar beripdik. Türkmenabat şäherinde ulanylmaga berlen buýan kökünden derman serişdesini öndürýän kuwwatly kärhanadan daşary hem merjen paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş we fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binalary işe girizildi. Bu açylyş dabaralary berkarar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär. Şol gün açylyp, ulanylmaga b

Ýer hozy — saçagymyzyň bezegi

Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň edermen babadaýhanlary ýylyň-ýylyna aralyk ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ýerde onlarça gektar meýdana şaly, mekgejöwen, dary, gawun-garpyz, mäş, noýba, ýeralma ýaly ekinler ekildi. Şu wagta çenli olaryň birnäçe görnüşiniň hasyly ýygnalyp alyndy. Ýakynda biz bu ýerde bolup, aralyk ekinleriň ýygnalyşy, olara edilýän ideg işleri bilen gyzyklanyp, hojalygyň ekin meýdanlaryna aýlandyk. Ýolbeledimiz— Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Öwezow bizi hojalygyň Kömekmyrat Goçow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 11-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanlaryna alyp geldi. Bu ýerdäki atyzlaryň köpüsine aralyk ekinler ekilipdir. Olaryň käbiri ýygnalyp, yzyna ekilen bugdaýlar gök öwsüp başlapdyr.