"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nurana geljegimiziň hatyrasyna

Düýn hajy Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly hajy Serdarymyzyň gatnaşmagynda Milli Liderimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hajy Arkadagymyzyň külli musulman dünýäsi üçin mukaddes künjek saýylýan Mekgede ata Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy, halkymyzyň nurana geljegi, eşretli durmuşy, geljek ýylymyzyň düşümli, rysgal-bereketli bolmagy üçin Beýik Biribardan dileg etmegi taryhy ähmiýetli wakadyr. Ol Gahryman hajy Arkadagymyzyň ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we nurana geljegi babatda atalyk aladalarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

«Hakyda göwheri» hakydalarda

Milli buýsanç! Iki sözden ybarat bu jümlede çuňňur many bar. Ol türkmendigiňe, bu beýik milletiň şöhratly taryhyna, taryhy şahsyýetlerine, döwletlilik ýörelgelerine, baý milli mirasyna, köpöwüşginli ruhy-medeni gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna buýsanjyň beýany. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyza sowgat eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip ýazýar. Milli Liderimiz täze eserinde şöhratly taryhymyza, şanly geçmişimize ýene-de bir gezek ýüzlenmek bilen, her birimiziň kalbymyzda bagtyýarlyga ýetirýän milli buýsanjy oýarýar. Turuwbaşdan, täze kitabyň taryhy maglumatlara, ylmy garaýyşlara baýdygyny, many-mazmun, edebi-çeperçilik taýdan tapawutlanýandygyny bellemeli. Çünki mydama döredijilik gözleginde bolan Milli Liderimiz ony döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetiren kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlaryň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täze taryhy garaýyşlaryny peýdalanandygyny beýan edýär. Täze kitap iki bapdan ybarat bolup, «Taryha syýahat» diýlip atlan

Türki dünýä — gadymy kökleriň täze daragty

Dünýä ösüşindäki öwrülişikler, üçünji müňýyllygyň täzeçe gatnaşyklary «türki dünýä» diýen aňlatmanyň ähmiýetini, zerurlygyny has giňden açyp görkezýär. Munuň özi, bir tarapdan, biziň döwletlerimiziň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ýyl-ýyldan ýokarlanyp, ählumumy ösüşde öz orunlaryny berkitmegi bilen bagly bolsa, beýleki bir tarapdan, dünýäde syýasy-jemgyýetçilik, halkara gatnaşyklarda çylşyrymly ýagdaýlaryň, gapma-garşylyklaryň artmagy bilen bagly diýilse, megerem, dogry bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi iki yklymyň arasynda ýaýylyp ýatan ümmülmez giňişligiň merkezinde ýaşyl Tuguny belentde tutup, ösüşlerden ösüşlere barýan Türkmenistanyň, ähli türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň ýoly, halkara gatnaşyklar strategiýasy tutuş türki halklaryň parahatçylykly, özara bähbitli ösüş ýoluny döwrüň talaplaryna görä dowam etdirmeklerine oňyn täsir edýär. Çünki parahatçy

Ýakymly ýylyň ýatlamasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyl halkymyza egsilmez bagt, rysgal-bereket eçilip, köňüllerde ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göteren bu ýyl ata Watanymyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirdi. «Wagt bir ganatly guş» diýleni. 2024-nji ýyla gadam basanymyz ýaňy ýalydy, eýýäm uly rowaçlyklara besläp, şöhratly ýyly taryhyň gatyna ugratmagymyza az wagt galdy. Bu ýylda durmuşa geçirilen döwletli başlangyçlar il-günümize egsilmez şatlyk paýlady. Biz hem «Zenan kalby» žurnalynyň şu sanynda 2024-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permandyr Kararlary esasynda hormatly ada, şeýle-de Şa serpaýlaryna mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Bagtdan serpaýly ýaşlar

Peder pentlerinde eger uzak geljegi nazarlaýan ösüşleri maksat edinýän bolsaň onda giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmelidigi barada aýdylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky üstünlikleriniň rowaçlyklarydyr. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda ýetilýän belent sepgitleri halkymyza wagyz etmekde ýaşlaryň möhüm orny eýeleýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

GENDER DEŇLIGI BABATDA SAZLAŞYKLY IŞLER

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19 — 21-nji noýabrynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça «BMG — Zenanlar» düzümi bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň Pekin jarnamasynyň hem-de Hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ministrler maslahaty geçirildi. Oňa Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, şol sanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

«Açýas Watan üçin hazyna baryn...»

Her ýylyň dekabr aýynda Garaşsyz Watanymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli bu ugurda zähmet çekýän zenanlaryň waspyny ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna bardyk. Bizi garşy alan geologiýa bölüminiň başlygy Annadurdy Meretgeldiýew bölümiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş barlaghanasynyň müdiri Aýjemal Ezizowanyň köp ýyllardan bäri işläp, göreldeli zähmeti bilen tanalýandygyny, bu ugurdan ylmy iş bilen meşgullanýandygyny aýdyp, bizi ol zenanyň ýanyna alyp bardy. Iş stolunyň başynda oturan orta boýly, çepiksije zenan mähribanlyk bilen salam berip, bize-de oturmagy mürähet etdi. Onuň bilen söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Aýjemal orta mekdepden soň Türkmen döwlet politehniki institutyna (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, geofizik hünärini ele alýar. Manyly ömrüniň agramly bölegini Döwletabatda gaz ýataklarynyň özleşdirilişine bagyş edip, gözleg-barlag işlerine gatnaşan, gaz kondensatly käniň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşan Baýmyrat aga gyzynyň bu ugry saýlap alanyna az begenmeýär. «Aýjemal, gyzym, seniň ata kesbini saýlap alanyňa depäm gök direýär, bu käriň hötdesinden geljegiňe ynanýan. Kesbiňden kemal tap!» diýip, ýaş hünä

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Yhlasly zähmete belent sarpa

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtly we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly goldaw berýändiklerini belledi. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Çykyş edenleriň nygt

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

«Hakyda göwheri» — ylham jöwheri

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň üstünden ençeme ýyl aşan setirleriniň dür manysy henize-bu güne çenli dünýä derejesinde öwrenilmegini dowam edýär. Bu babatda alnyp barylýan işlere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserler hem özüniň ägirt uly goşandyny goşýar. Ýaňy-ýakynda-da Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzy, milli medeniýetimizi beýan edýän ajaýyp eseri okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şahyrana döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýuny bütin dünýä bilen bilelikde toýlaýan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň halk köpçüligine gelip gowuşmagy biz — Watan goragçylaryny çäksiz buýsanja besledi. Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan täze kitabyň daşky sahabynda şahyrana şahsyýetiň heýkeliniň hem-de Seýit Jemaleddin metjidiniň ýerleşdirilmegi ýaşlarymyzyň şanly geçmişimize bolan buýsanjyny, eşretli ertirlerine bolan ynamyny goşalandyrýar. Bu eserdäki: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen jümleler ýaş nesliň aňynda milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini terbiýeleýär. Bu eseri okanyňdan soň, «Hakyda göwheri» — ýaşlarymyzyň ylham jöwheri» diýlen jilweli jümle b

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynas

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitewi suw» sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynas

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitewi suw» sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!