"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. 1-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň barşy we galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. 1-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň barşy we galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. 1-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň barşy we galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna yslam dünýäsiniň mübärek baýramy — Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, Beýik Biribar Siziň doga-dilegleriňizi öz dergähinde kabul etsin!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ruhy päklik, ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, külli musulman dünýäsinde dostlugyň, özara goldaw bermegiň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— 21-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 86 döwleti şol Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şolaryň hatarynda Täjigistan hem bar. ***

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň röwşen geljegi, halkymyzyň bagtyýar hem asuda durmuşy ugrunda alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen-täjik gatnaşyklary: saparyň dowamynda gol çekilen resminamalar

- «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy»; - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Bedew batly Diýarym

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Giň gerimli gurluşyklar

Parahatçylyk taglymaty

Döwrüň ýüze çykarýan yzygiderli global meselelerini wagtynda duýup, olara seslenmek, öz wagtynda takyk jogaplary işläp taýýarlamak, dünýä bileleşigine teklipleri girizmek we amal edilmeli hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak III müňýyllykda adamzat jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm meseleleriň aýrylmaz bir bölegini emele getirýär. Şunlukda, döwrüň wagt taýdan öňde goýan meseleleriniň anyk hem-de kesgitli çözgüdini tapmakda, ýüze çykýan global meselelere jogap bermek zeruryýeti dünýä bileleşiginiň öňünde aýgytly wezipeleri goýýar. Biziň döwletimiz özüniň açyk, pragmatik we deňhukukly daşary syýasatyny BMG-niň düzgünlerine hem-de halkara hukugynyň beýleki kadalaşdyryjy namalaryna eýermek bilen alyp barýar. Ýurtlaryň arasyndaky konstruktiw we deňhukukly dialogy berkitmekde bütindünýä guramasyna we onuň düzüm birliklerine, syýasy institutlara, halkara we sebitara guramalara berilýän ünsüň güýçlendirilmegi ugrunda yzygiderli teklipleri öňe sürýär. Dialogyň parahatçylygyň kepili bolup durýandygy, onuň ählumumy abadançylygy gazanmak ugrunda adamzadyň iň ygtybarly serişdelerinden biridigi baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýän ata Watanymyzyň öňe sürýän teklipleri dünýä ýüzünde goldaw tapýar. XXI asyrda adamzat jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleriň çözgüdini tapmakda türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlary bütindünýä globallaşma prosesinde özüniň oňyn netij

Netijeli işler üstünliklere beslenýär

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bedew batly Diýarymyzda

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna berk eýermek bilen, ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Döwletimiz özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Türkmenistan Watanymyz dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-dipl

Asyrlara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklary

Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2024-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary bolsa bu gatnaşyklaryň has hem öňe ilerlemeginde täze ädim boldy. Türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Täjigistanyň Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Duşenbede kabul edýändigine örän şatdygyny nygtady. Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi. Dostlukly döwletiň Lideri Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ilerledilýän köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşandyny belledi. Şunuň bilen birlikde, şu gezekki gepleşikleriň barşynda däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjek ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna berk ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli dialogy ilerletmegiň, ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny saklamagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Akyldara goýulýan belent sarpa

Nusgawy edebiýatymyza uly goşant goşan ajaýyp şahyrlarymyzyň biri-de, «Berkarar döwlet istärin» diýip, bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni arzuwlan akyldar şahyrymyz, türkmen halkynyň buýsanjy Magtymguly Pyragydyr. Bahar aýlarynyň sähramyzy bezeýşi ýaly, şahyryň goşgulary hem okyjysynyň aňyny söz baýlygy bilen bezeýär, öwüt-ündewlerini kalbyňa guýýar. Türkmen halkynyň söýgüli şahyry, beýik akyldarymyz dana Pyragy döwrüniň öňdebaryjy, ylymly-bilimli adamy bolup, bahasyna ýetip bolmajak köp sanly eserlerini bize miras galdyrypdyr. Nusgawy şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgularynyň çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgaýandygy bilen tapawutlanýar. Magtymguly Pyragy nesil terbiýesi barada köp sanly şygyrlaryny bize miras goýupdyr. Ol öz ajaýyp şygyrlarynda her bir ynsanyň durmuşda özüni dogry ýolda alyp barmagy, ulyny sylap, kiçä hormat goýmagy, agzybirligi, jebisligi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, parasatlylygy, maşgala bolan gymmatly garaýşy terbiýelemegi ündeýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeler bu günki gün biziň durmuşymyzda-da nusgalyk ýöl-ýörelgä öwrüldi.

Ösüşli maksatlaryň bähbidine

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Welaýat häkimliginde bolan maslahat

Welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar-mart aýlarynda welaýatymyzda dürli ugurlarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanylan maslahat boldy. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçy düzümi, we jogapkär işgärleri, etraplaryň we şäherleriň häkimleri we olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatymyzdan saýlanylan deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýygnagy welaýatyň häkimi Begençmyrat Orazow açdy we alyp bardy. Häkim öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň 6-njy aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirendigini, mejlisde 2024-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalandygyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berip, şol mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol mejlisde hormatly Prezidentimiziň degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ähli pudaklar boýunça işleriň ýagdaýyna adalatly baha berendigi, öňde duran wezipeleri anyk kesgitländigi we degişli tabşyryklary berendigi barada aýtdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

2-nji fewral. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 5-nji fewral. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi bereketli hasylyň girewidir

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.