Asyrlara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklary

10 Aprel 2024
159

Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2024-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary bolsa bu gatnaşyklaryň has hem öňe ilerlemeginde täze ädim boldy.

Türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Täjigistanyň Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Duşenbede kabul edýändigine örän şatdygyny nygtady. Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi. Dostlukly döwletiň Lideri Gahryman Arkadagymyzyň soňky ýyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ilerledilýän köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşandyny belledi. Şunuň bilen birlikde, şu gezekki gepleşikleriň barşynda däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjek ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna berk ynam bildirildi.

«Esger».