Bedew batly Diýarymyzda

10 Aprel 2024
246

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna berk eýermek bilen, ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Döwletimiz özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da Türkmenistan Watanymyz dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.

«Esger».