"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň milli nusgasy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi we doganlyk türkmen halkyny milli baýram — ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlugyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýär. Biz Siziň öňdengörüjilikli daşary syýasatyňyzy, sebit durnuklylygyny üpjün etmek, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryňyzy goldaýarys.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ýurtlar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi nygtalýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi ata Watanymyzyň belent abraýynyň dünýä giňişligindäki ykrarnamasydyr. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän en

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

A.T.ATAÝEWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermeli.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Ç.T.RUSTEMOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ynsanperwer däplerini durmuşa geçirmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy

«Aksakgal ak baş bolar...»

Halkymyzda: «Aksakgal ak baş bolar, ýöne göwni ýaş bolar» diýlişi ýaly, bu günki gün kalby juwan ýaşulularymyz ähli başlangyçlarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň bismillaçysy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ahyrky günlerinde alysdan-ýakyndan myhman çagyryp toýlanan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda-da ýaşulularymyz döwre gurap, maslahat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 10-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde amal edilen işlere seljerme berlip, geljegiň wezipeleri kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde, ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Halk Maslahatynyň hem-de Ýaşulular geňeşiniň agzalary mynasyp işleri alyp barýarlar. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň aňyrsyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň bagtyýar döwrümizde-de mynasyp dowam edýändigini görkezýär. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerligiň nusgasyna öwrüldi. Döredileli bäri geçen gysg

Açyk göwünleriň açyk ýollary

Üstünlikler bilen garşylaýan ýyllarymyzy şol depginde jemlemek ajaýyp zamanamyzda adaty ýagdaýa öwrüldi. Muny biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýöredilýän içeri syýasatymyz babatda-da, daşary gatnaşyklarymyz dogrusynda-da buýsanç bilen aýdyp bileris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyna buýsançly sahypalaryň ençemesini goşdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi-de Watanymyzyň parahatçylygy goramak, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek babatdaky tagallalarynyň halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle buýsançly habarlaryň yzly-yzyna gelip durmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzda halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýändiginiň miwesidir. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bolsa bu işlere täze depgin bagyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň dialog arkaly halklara, kalplara aralaşmak ýörelgesiniň miwelerini Garaşsyz Watanymyzda halkara maslahatlardyr dürli çäreleriň geçirilmegi

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 29-njy no­ýabr­da we 6-njy de­kabr­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sleri­ni ge­çir­di.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli,

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ençeme es

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Asylly ýörelgeler dowamat-dowam

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan asylly başlangyçlaryny has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, beýik ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmäge ähmiýet berilýär. 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmaklarynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berilmegi hem halkymyzyň köpasyrlyk milli ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Gurbandurdy GURBANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, toplumyň müdiri, podpolkownik: — Hajy Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlamagy türkmen halkymyzyň öz Milli Liderine bolan söýgüsini, guwanjyny has-da artdyrdy. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň ýagşy däpleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Goý, Milli Liderimiziň halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin mukaddes toprakda iki rekagat namaz okap, eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Haýyr-sahabat nusgasy

Durmuşyň gülleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, oňa kömek-ýardam etmek ýaly asylly ýörelgeleriniň özenini özünde jemleýändigi barada belläp geçýär.