"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Rowaçlyga beslenen beýik işler

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Şanly baýramyň şanyna

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, mejlisde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hem-de ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Harby gulluk, sport we zähmet sazlaşykly utgaşdyrylýar

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Zähmet — bagtyň açary

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy 18-nji martda milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Iň täze taryh: beýik başlangyçlar — oňyn özgertmeler

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär.

Möhüm wezipeleri çözmekde ählumumy tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda gazanylýan üstünliklere ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary hem mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy bilen birlikde, olaryň zähmete bolan söýgüsini ýokarlandyrmaga we degişli düzümleriň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýän kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýär. 18-nji martda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Bag-bakjaly Diýarym

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Bu köpugurly işler häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Şol işler bolsa ekologiýa meselelerini, şol sanda bag ekmek dabaralaryny hem öz içine alýar. Onuň dowamynda ýurdumyzyň giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklarynyň üsti dürli görnüşli agaç nahallarynyň — ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň nahallarynyň ýüz müňlerçesi bilen ýetirilýär. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ýörite döredilen kömekçi hojalyklarynda bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Zähmet terbiýesi söweşjeň taýýarlyk, bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrylmalydyr

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

«Açyk gapylar» syýasaty dabaralanýar

Şu hepdäniň çarşenbe güni Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helg Şmid bilen wideoduşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçegi esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy. Şol gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen sebit forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady bu düzgün tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatda sebitde amala aşyrylan işleri hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Forumyň çäklerinde sebitiň döwletlerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin COVID-19 pandemiýasyndan soňra ykdysadyýetleri dikeltmegiň netijeli strategiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Resmi habar

«Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 819 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň aýdyň ýoly bilen üstünlikli öňe barýan Türkmenistanyň diplomatiýasy daşary syýasatyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky täsirli ornuny barha berkidýär. Ählumumy ykrar edilen halkara hukugynyň, deňhukuklylygyň we özara hormat goýmagyň kadalaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslarynda sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda wajyp orun eýeleýän asylly ýörelgeler bolup durýar. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu ýörelgelere çuň many-mazmun beripdir. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny dör

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 819 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. TDH.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Parahatçylygyň şäheri

Belarus Respublikasynyň «Çeper edebiýat» neşirýatynyň baş ýolbaşçysy, şahyr hem ýazyjy Aleksandr Badak ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahata gatnaşyp, türkmen kärdeşleri bilen edebi gatnaşyklary ösdürmek barada söhbetdeş bolýar. Golaýda Aleksandr Badak özüniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlan makalasyny redaksiýamyza iberdi. 2009-njy ýylda Aşgabatda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň IV halkara kitap-sergi ýarmarkasyna gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Dünýäniň ençeme döwletleriniň kitap neşir işi bilen içgin meşgullanýan iri firmalarynyň, edaralarynyň arasynda biz hem öz ýurdumyzda çap edilýän dürli neşir önümleri hem-de kitaplary, edebiýatlary görkezdik. Halkara çäräniň dowamynda geçirilen döredijilik duşuşyklarynda türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen tanyş bolduk. Olar bilen häzirki zaman edebiýatyny ösdürmek hem-de türkmen we belarus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime etmek ýaly döwrebap temalar boýunça söhbet etdik.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuknamalar kabul edildi. Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.