Bag-bakjaly Diýarym

19 Mart 2021
934

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Bu köpugurly işler häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Şol işler bolsa ekologiýa meselelerini, şol sanda bag ekmek dabaralaryny hem öz içine alýar. Onuň dowamynda ýurdumyzyň giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklarynyň üsti dürli görnüşli agaç nahallarynyň — ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň nahallarynyň ýüz müňlerçesi bilen ýetirilýär.

Bu babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ýörite döredilen kömekçi hojalyklarynda bu ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Aşgabat».