Parahatçylygyň şäheri

18 Mart 2021
987

Belarus Respublikasynyň «Çeper edebiýat» neşirýatynyň baş ýolbaşçysy, şahyr hem ýazyjy Aleksandr Badak ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahata gatnaşyp, türkmen kärdeşleri bilen edebi gatnaşyklary ösdürmek barada söhbetdeş bolýar. Golaýda Aleksandr Badak özüniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlan makalasyny redaksiýamyza iberdi.

2009-njy ýylda Aşgabatda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň IV halkara kitap-sergi ýarmarkasyna gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Dünýäniň ençeme döwletleriniň kitap neşir işi bilen içgin meşgullanýan iri firmalarynyň, edaralarynyň arasynda biz hem öz ýurdumyzda çap edilýän dürli neşir önümleri hem-de kitaplary, edebiýatlary görkezdik. Halkara çäräniň dowamynda geçirilen döredijilik duşuşyklarynda türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen tanyş bolduk. Olar bilen häzirki zaman edebiýatyny ösdürmek hem-de türkmen we belarus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime etmek ýaly döwrebap temalar boýunça söhbet etdik.