"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylham ýaýlasy

Atamyrat ATABAÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Arkalaşyk

Berkarar döwletdir arzuw eýläni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle gymmatlyklar ata Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrmakda, ynsanperwer duýgulary kemala getirmekde, aňyýeti, aň-düşünje hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmakda bahasyz baýlykdyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen edebiýaty hem giňişleýin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu işlerde, esasan, geçmiş mirasymyza daýanylýar, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri öwrenilýär, halka ýetirilýär. Şeýle şahyrlaryň biri-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr. Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýip beýan edişi ýaly, halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň at-abraýyny dünýä doldurýar.

Nesilleriň aýdymy

Ýyldyrym deý çakyp, sil kibi joşup,Asman deý gümmürdäp, deňiz deý daşyp,Öz ýurdunyň aşygydyr hak aşyk,Şu Diýardyr owal-ahyr yşkymyz,Şu Watanyň,                     şu milletiň nesli biz! Şu ýurt diýip, şirin jandan geçip bor,Huzurynda Hakdan kasam içip bor.Hyzmatyna ýaramasak niçik bor?Miras aldyk bu mukaddes keşgi biz,Şu Watanyň,                     şu milletiň nesli biz!

Duýguly dünýä

AHWAL Asmanyň böwrüni ýyldyrym kesdi,Agaçlaň saçlaryn syranda şemal.Gamgyn gamyşlaram sygyrdy esli,Ýüregme geň duýgy ornadyp şo hal.

Şygryýet bossany

MAGTYMGULY PYRAGA Ýaňlanyp dur dünýäde mukamlaryň seresi —«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Danalaryň danasy, akyl ýetmez dereje —«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Şygryýet çemeni

ISLEG Meniň ýaşap ýören owadan dünýäm —Süýjüje hyýaldan gurulan wysal.Kakam gursagynda gaýapdyr yşky,Arzyly arzuwyn almaz ýaly a:l.

Bagyşlamak (Oýlanma)

Oňa hiç haçan «Gel» diýmändim. Kiçijek derýa mysaly dünýämiň içinde ýalňyz gämim bilen oňňut ederdim. Oňňut etmän nätjekdiň diýsene?! Hemme zada kaýyl bolup ýaşaýan günlerimiň birinde sataşypdym oňa. Ýalňyz gämini bilelikde küreklemek isleginiň bardygyny ýaňzydypdy. Men onuň bu islegini ilki gözlerinden okapdym. Üýtgeşikdi ol. Tanan we tanaýan ähli ynsanlarymdan parhlydy. Ýeke kişilik dünýämiň çäginden oňa-da orun bermegim, belkem, şonuň üçindir. Ýok, hut şu sebäpden orun beripdim oňa ýürek törümden. Men we ol — ýürekdeş hemem kürekdeş. Indi gäminiň kürekleriniň herimiz birine erk edýärdik. Şeýdip durmuş derýasyndaky menzilleri külterläp boljakdygyna ynanypdyk. Ilkibadalar derýa örän asudady, parahatdy. Asman bilen reňkdeş suwunyň içinde söýgi gämimiz aňsatlyk bilen öňe omzaýardy. Onuň üçin men dünýäniň iň gözel gyzydym, meniň üçin ol dünýädäki iň görmegeý ýigitdi. Aslynda, biz ýüzleriň däl, ýürekleriň aşygydyk. Edil şol derýanyň suwy kimin dury hem päk ýüregi bardy. Belki, beýle-de däldir, şol ajaýyp duýgularyň täsirine düşüp, ýüregini duýmak isleýşim ýaly duýandyryn. Aýdýan datly kelamlarynyň yzyna, köplenç, menlik ýöňkemesiniň goşulmasyny tirkärdi. Soňlugy bilen bu mende-de endige öwrüldi. Şahyr aýtmyşlaýyn, merjen dänesi deý düzülen günleriň hersinde biri-birimiz hakdaky bilmeýän zatlarymyzyň üstüni açýardyk. Edil owal gezim edip görmedik ýerleriňe syýahat etmek ýaly ajaýyp

Ylham joşguny

DURALGADA Awtobuslar gatnap dursun wagtynda,Hemem uzak garaşmaly etmesin.Şonsuzam köp zada garaşýas munda,Alýar durmuş wagtymyzyň essesin.

Şygryýet

Bagban Bagban kän bag ekdi, miwe getirdi,Baglar ony arzuwyna ýetirdi.

Nur (Oýlanma)

Şahyr ol. Özem ýaşan gysga ömrüniň dowamynda türkmeniň kalby ýaly giň sährany synlap, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmagy halan şahyrdy. Sähra onuň üçin sallançak ýaly mukaddes ýerdi: Bizi üwrän sallançaga,

Bagtdan paýlylyk (Oýlanma)

Atam hemişe: «Mukaddeslik düşünjesine manydaş sözler bolýar. Şolaryň esasylarynyň biri-de Watandyr. Sebäbi bu mukaddes sözüň içine ynsan üçin gymmatly bolan zatlaryň ählisi girýär» diýerdi. Kiçiräkkäk bu sözleriň uly manysynyň bardygyny aňsagam, onuň çuňňurlygyna göz ýetirip bilmezdik. Ýöne wagtyň agdarylan sahypalarynyň sany artdygyça, ol sözleriň manysy-da, datlylygy-da, çuňňurlygy-da aýdyňlaşyp gidip otyr. Asyl ol sözler ýaňy bir many aňşyryp ýören döwürlerimizden bizi durmuş ýolunda abraý lybasyna beslemegiň aladasy ekeni. Çünki Watana söýginiň ömür menziliniň başlangyç ädimlerinde kalba siňňitli edip guýulmagy bizi üstünlikden, ýeňişden doly menzillere atarýar. Many aňşyryp, aňymyz goýalyp ugrandan biziň kalbymyzda bir duýgy hemişelik orun alýar. Ol duýgy — Zemin togalagynyň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyza, bagt atly üleşikden paýlydygymyza buýsanç, şüküranalyk duýgusy. Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýoly hakda oýlananyňda, kalbymyzda süýjümtik gussanyň peýda bolmagy-da hut şol duýgynyň täsiridir. Ol bilniksizje täsin duýgy biziň şu Watan, şu toprak bilen göze görünmeýän eriş-argaçlar arkaly birikýän bitewülikdigimizi aňladýan mukaddes hakykat.

Altynsow şäher

Ülňüsi deý kalba salan keşdämiň,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher.Köňlüniň küýsegi jahankeşdäniň,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher. Goýny jennet içre bagy-Eremdir,Asmany keramat, üsti keremdir.Belent waspy asly deýin tereňdir,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher.

Maksada okgunlylyk (Rus tymsaly)

Oglanjyk atasyndan: «Ata, mugallymymyz: «Üstünlige ýetmek üçin maksada okgunly bolmaly» diýdi. Maksada okgunly bolmak üçin näme etmeli?» diýip soraýar. — Maksada okgunly bolmak — başga ownuk-uşak zatlara ünsüňi bölmän, öňüňde goýan niýetiňi amala aşyrmak üçin yhlas etmek — diýip, ýaşuly gysgajyk jogap bilen sypaýjak bolýar. Ýöne jogapdan kanagatlanmandygy agtyjagynyň gözlerinden görnüp duransoň, oňa tymsal aýdyp bermegi ýüregine düwýär.

Gündogara gönügen gözler

— Magtymguly Jemşidiň jamydyr.Ýewgeniý Bertels. Magtymguly Pyragynyň dünýäsi — egsilmez hazyna. Şonuň üçinem ol hazynanyň şu günki güne ýetirilmeginde, Zemin ynsanlaryna ýaýylmagynda uly yhlas siňdiren ynsanlary-da halkymyz hormat bilen ýatlaýar. Şolaryň biri-de öňki SSSR YA-nyň habarçy agzasy, Türkmenistanyň, Eýranyň, Siriýanyň Ylymlar akademiýalarynyň hormatly agzasy, Özbegistanyň, Täjigistanyň ylymda at gazanan işgäri Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsdir.

Körpelere okap beriň!

Sary ýaprajyk Sary ýaprajykÝüwürdýär göwün.Asmana uçmakArzuwy onuň.

Tagzym

Edil janly ýaly. Äpet ýolbars sol aýagyny öňe uzadyp, başyny çalaja egip, tagzym edip duran ýaly. Edil alnynda däl-de, sag gapdalragynda duran uzynakdan arryklaç, başy şypyrmaly, elleri uzynak, barmaklary gabarçakdan ýaňa bogun-bogun bolup giden, çopantak adam giň aýasyndaky ýogyndan egriräk çomur tikeni ýolbarsa görkezip, «şu seniňki» diýip durana meňzeş.  Ussatlygyňa aperin seniň! Gör-ä, Saragt Babaýew halypa eýlän palçygyna jan beren ýaly edäýipdir. Kesp-kär ezelden berlende şeýle bolýandyr-da, elbetde.

Syr

Iki goňşy ýaşapdyr. Olaryň biriniň öýünde günde goh, beýlekisiniňkide asudalyk bolupdyr. Birinji goňşynyň aýaly adamsyna: «Bar, git-de goňşylary görüp gaýt. Nädip olar goh-galmagalsyz ýaşaýarka?» diýipdir. Adamsy baryp görse, goňşynyň aýaly öýüň agaç düşemesini ýuwup ýören eken. Aýal aşhana gidensoň, adamsy bedrä büdräp, onuň suwuny dökýär. Aýaly gelip:

Türki dünýäniň şygryýetinden

Redaksiýadan: Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýapylyş çärelerini geçirmek üçin, şu günler ýurdumyzda daşary döwletleriň döredijilik hem-de kino işgärleri myhmançylykda bolýarlar. Şonuň bilen birlikde, şu ýylyň bu halkara gurama tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýazyjy-şahyrlara, medeniýet we sungat işgärlerine egsilmez ylham berdi. Biz hem gazetimiziň şu sanynda TÜRKSOÝ-nyň ýardamy bilen 2000-nji ýylda neşir edilen «Türki dünýäsiniň şygyr antologiýasy» atly kitapdan türki dünýäniň şahyrlarynyň şygyrlarynyň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Kämil mugallymyň şahsyýetiniň çeper beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleri mugallymlaryň öňünde ýaş nesli kemala getirmek boýunça täze wezipeleri, şol sanda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri üstünlikli amala aşyrmaga taýýar ýaşlary terbiýelemek wezipesini goýýar. Şoňa görä-de, mugallymyň şahsyýetine ýokary talaplar bildirilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli we dörediji ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr». Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mugallym ösüp gelýän ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde esasy şahsyýet bolup durýar. Halka hyzmat edip, jemgyýetde hormat-sylaga mynasyp bolup, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlan, ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Berdimuhamet Annaýewiň ömri we döredijiligi barada Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda çeper beýan edýär.

«Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty»

Halkymyzda geçmişi beýik halkyň geljegi-de beýikdir diýilýär. Özüniň ýokary derejede çeper, many-mazmuna baý eserleri bilen Watanyna şan-şöhrat getiren, onuň abraý-mertebesini belende göteren beýik şahyr Magtymguly Pyragy halkyny hem beýgeltdi. Dünýäde akyldaryň çeper döredijiligini öwrenmäge, ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. 1842-nji ýylda Londonda Aleksandr Hodzko Magtymgulynyň gysgaça terjimehalyny we üç goşgusyny iňlis diline neşir etdirýär.