Oňa hiç haçan «Gel» diýmändim. Kiçijek derýa mysaly dünýämiň içinde ýalňyz gämim bilen oňňut ederdim. Oňňut etmän nätjekdiň diýsene?! Hemme zada kaýyl bolup ýaşaýan günlerimiň birinde sataşypdym oňa. Ýalňyz gämini bilelikde küreklemek isleginiň bardygyny ýaňzydypdy. Men onuň bu islegini ilki gözlerinden okapdym. Üýtgeşikdi ol. Tanan we tanaýan ähli ynsanlarymdan parhlydy. Ýeke kişilik dünýämiň çäginden oňa-da orun bermegim, belkem, şonuň üçindir. Ýok, hut şu sebäpden orun beripdim oňa ýürek törümden.
Men we ol — ýürekdeş hemem kürekdeş. Indi gäminiň kürekleriniň herimiz birine erk edýärdik. Şeýdip durmuş derýasyndaky menzilleri külterläp boljakdygyna ynanypdyk. Ilkibadalar derýa örän asudady, parahatdy. Asman bilen reňkdeş suwunyň içinde söýgi gämimiz aňsatlyk bilen öňe omzaýardy. Onuň üçin men dünýäniň iň gözel gyzydym, meniň üçin ol dünýädäki iň görmegeý ýigitdi. Aslynda, biz ýüzleriň däl, ýürekleriň aşygydyk. Edil şol derýanyň suwy kimin dury hem päk ýüregi bardy. Belki, beýle-de däldir, şol ajaýyp duýgularyň täsirine düşüp, ýüregini duýmak isleýşim ýaly duýandyryn. Aýdýan datly kelamlarynyň yzyna, köplenç, menlik ýöňkemesiniň goşulmasyny tirkärdi. Soňlugy bilen bu mende-de endige öwrüldi. Şahyr aýtmyşlaýyn, merjen dänesi deý düzülen günleriň hersinde biri-birimiz hakdaky bilmeýän zatlarymyzyň üstüni açýardyk. Edil owal gezim edip görmedik ýerleriňe syýahat etmek ýaly ajaýypdy bu ikimiz üçinem.