Halkymyzda geçmişi beýik halkyň geljegi-de beýikdir diýilýär. Özüniň ýokary derejede çeper, many-mazmuna baý eserleri bilen Watanyna şan-şöhrat getiren, onuň abraý-mertebesini belende göteren beýik şahyr Magtymguly Pyragy halkyny hem beýgeltdi.
Dünýäde akyldaryň çeper döredijiligini öwrenmäge, ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. 1842-nji ýylda Londonda Aleksandr Hodzko Magtymgulynyň gysgaça terjimehalyny we üç goşgusyny iňlis diline neşir etdirýär.