"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Änewde saýran bilbiller

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza serpaýlamagy ählimizi begendirdi. «2015-nji ýylda bu derejä biziň Mary şäherimiz mynasyp bolupdy. Biziň taryhy şäherlerimize şeýle uly derejäni berendikleri üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasyna minnetdarlygymy bildirýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz bu gymmatly kitabynda belleýär. Milli mirasymyzy toplamaga goşant goşan alymlar bu günki günde uly hormat bilen ýatlanylýar. Çünki olar jöwzaly tomusda-da, aňzakly gyşda-da obama-oba aýlanyp, halkyň ýaşuly wekilleri bilen duşuşyp, ata-babalardan galan ruhy mirasymyzy topladylar. Akademik Baýmuhammet Garryýew, professor Mäti Kösäýew, Ahmet Ahundow Gürgenli, TYA-nyň habarçy agzasy Zylyha Muhammedowa, meşhur miras öwreniji, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ümür Esenow, ýazyjylar Berdi Kerbabaýewdir Ata Gowşudow we beýlekiler toplan maglumatlary bilen halkyň aň-düşünjesini ösdürmäge uly goşant goşdular. Pälwan bagşydan «Görogly» eposynyň 12 şahasyny ýazyp alyp, halkymyza miras galdyran Ata Çepow, halk içine aýlanyp, ençeme ertekileri ýazga geçiren Çary Garabekow, Penji Agalyýew, Alty Kulyýew, Juma Nepesow, Muhammet Ataşow, Gurbandurdy Esenow, Allaberen Kadyrow, Şirli Hudaýnazarow, Hajarbibi

Äleme ýagşylyk ýaýan akyldar

Elmydama ýagşylara ýaran bolýan, olaryň ýagşy işlerini dünýä ýaýýan Magtymguly Pyragy özüniň «Sil biläni» atly şygrynda: Hak bendesi Haka çapar,Ýaman öz pälinden tapar —

Gadymy heýkeljiklerdäki şekiller

Günorta Türkmenistanyň gadymy Änew ekerançylyk-maldarçylyk medeniýetiniň eneolit döwrüne degişli birnäçe ýadygärliklerinden örän täsin heýkeljikleriň giden bir topary tapyldy. Bu tapyndylar şekilleri we nyşanlary öwrenmäge uly gyzyklanma döredýär. Gadymy heýkeltaraşlar toýundan heýkeljikleri ýasanlarynda, olaryň saçlaryna timar berlişi, başgaplary we daşky sypaty bilen bagly zatlara aýratyn üns bermek bilen, heýkeljikleriň göwresine, eginlerine hem-de boýunlaryna dürli görnüşli syrly belgileri we nyşanlary çekipdirler. Bu iş heýkeljikler entek çigkä, olaryň üstüne ýiti gural bilen çyzyklar çekip ýa-da ýelmemek usuly bilen ýerine ýetirilipdir.

Mukaddeslige öwrülen dagdan

Güneşli Diýarymyzda ösümlikleriň dürli görnüşleri ösüp ýetişýär. Olar tebigata gözellik çaýmak bilen birlikde durmuşda dürli hajatlar üçin ulanylýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem dagdan agajydyr. Ol içi dykyz we gaty daragt bolup, daşy ýaryp çykýanlygy üçin oňa «dag agajy» diýilýär. Gadymy ynançlara görä, dagdan agajy ynsany göz-dilden goraýar. Onuň şiresi bolsa adama güýç-kuwwat berýär diýlip düşünilipdir. Halkymyz bu agajyň bölejiklerini doga edip, egin-eşiklerine dakypdyr. Ilat arasynda «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen pähim hem bar. Dagdanly adam atanlykda taýsa-da, oňa hiç hili zeper ýetmändir. Eždatlarymyz dagdanyň bela-beterden goraýandygyny, dagdanly adamyň mydama ýolunyň açykdygyny aýdýarlar. Yrym edilip, öýlerde çaga sallançagynyň diregi dagdan agajyndan taýýarlanylypdyr. Bu bolsa sallançagyň berkligine hem-de uklap ýatan çaganyň düýşürgemezligine oňyn täsir edipdir. Halkymyzda sallançaga direg edilen dagdan agajy çagajyga uzak ýaş diläp durarmyş diýlen ynanç ýörgünli.

Düýedyzlyklar

Ene-mamalarymyz öý-ojaklary bezemek, hojalykda ulanmak maksady bilen dürli dokma önümlerini dokapdyrlar. Şolaryň biri-de düýedyzlykdyr. Ol torba görnüşinde dörtburç edilip dokalypdyr. Ony adaty günlerde ownuk-uşak zatlary salmak üçin torbalyk hökmünde ulanypdyrlar. Ikitaraplaýyn düýedyzlyklar hem dokalyp, ol düýäniň, atyň üstüne atylýar. Türkmençilikde düýe ýüňünden öndürilýän önümler mukaddeslik hasaplanylýar. Däp boýunça gelniň köpelip-känelip gitmegi yrym edilip, bezelen düýäniň yzyna köşek tirkelipdir. Şonuň üçinem ene-mamalarymyz ýörite köşek ýa-da torum üçin düýe asmalygyny hem dokapdyrlar.

Sazlaşyk

Sahawatly türkmen topragy — toý-meýlisiň mesgeni. Sahy güýzde şatlyk-şüweleňli toý-baýramlar biri-birine utgaşyp, biziň her günümizi bezeýär we kalplarymyza egsilmez joşguny bagyşlaýar. Ynha, altyn güýzüň rysgal-berekede beslenýän günlerinde, ene ýeriň genji-hazynasyny jomartlyk bilen eçilýän çagynda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we baky berkararlygynyň toýunyň toýlanylmagynda hem özboluşly sazlaşyk bar.

Ylym äleminiň ägirdi

Soltan Mahmyt Gaznaly 1007-nji ýylda ibn Sinany köşgüne getirmek üçin wezirini we beýleki ýakynlaryny belli lukmanyň ýanyna iberýär. Emma Abu Aly gazaply hökümdara gulluk etmekden ýüz öwrüp, halypasy Abu Sähl bilen maslahatlaşýar-da, ýanlaryna kitaplaryny, şägirdi Rehmedi alyp, Nusaýa gaçyp barmaly diýen karara gelýär. Ýoluň ýaryndan gowragyny geçenlerinde, bular garakçylara sataşýar. Zordan olardan gaçyp gutulýarlar. Emma şol gaçha-kowlukda bir näkesiň ýaýyndan sypan ok gelip, Abu Sähliň egnine çümýär. Garagumuň jöwzaly yssysynda ýarasy azyp, halys tapdan düşen halypasy Abu Sähle em edeýin diýse, ibn Sinanyň däri-dermanlary ýanynda däl ekeni. Olar ýaralyny halas etmek üçin Rehmet bilen golaýdaky oba tarap näçe düýeleri gyssap sürseler-de, maksadyna ýetip bilmeýär. Çarwa obasy meşhur ibn Sinany we onuň ýoldaşyny gujak açyp garşy alypdyrlar. Emma barha beterleýän ýara ol ýerde-de ýeterlik dermanlyk serişde tapylmandyr. Obanyň ýaşulularynyň biri olara şol ýerden bir günlük ýol ýöreseler, Parawanyň golaýynda tebip çarwa gyzynyň bardygyny salgy berýär. Olar Abu Sähli alyp, gyssanmaç ýola düşýärler. Düýeleri näçe gyssap sürseler-de, wagty bilen barmaly ýerine baryp ýetmändirler. Çünki erbet şemal turup, tüweleýläp, ýoldan azaşypdyrlar. Şol tupanly gün Abu Sähl hem ajalyň öňünde ýan beripdir. Ibn Sina ýakyn dosty, sylagly halypasy Abu Sähli şol ýerde jaýlaýar. Uzak ýol hem-de halypan

Dünýä dolan gymmatlyklar

Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Şu günki güne çenli Diýarymyzdaky muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklar Zemine ýaýylyp, dünýäniň dürli künjekleriniň muzeýlerinde görkezildi. Özboluşly muzeýler, muzeý gymmatlyklary barada gürrüň açylanda, Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen Türkmenistanyň milli «Ak bugdaý» muzeýi ilkinjileriň hatarynda ýatlanylýar. Sebäbi olaryň ikisi-de özboluşly. Biri ak bugdaýa bagyşlanan ýeke-täk muzeý bolsa, beýlekisi bir halkyň halylaryna şeýle uly muzeýiň bagyşlanandygy bilen täsirlidir. Türkmen halysynyň täsin nusgalaryny görmek üçin dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlar, ilki bilen, bu muzeýe baryp görýärler.

Şygyrlary köňülleriň çyragy

Söz şalygynyň gaýtalanmajak ussady beýik Magtymguly Pyragynyň mirasy Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara terbiýe mekdebidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirtlerimiziň bitiren işlerini içgin seljerip, ylmy taýdan öwrenip, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary islendik döwürde-de bagşylaryň dilinde, türkmeniň toýunda köňülleriň owazy bolup ýaşaýar. Magtymguly Pyragy özüniň döredijiliginde durmuş wakalaryny, türkmeniň mukaddes topragyny, tebigatyny, sähradyr düzlerini, deňizdir derýalaryny ussatlyk bilen wasp edýär. Beýik söz ussadynyň döredijiligi örän giň gerimli, ol döwrüniň derwaýys meseleleri boýunça sagdyn pikirleri ýöredýär. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi.

Onlaýn maslahat geçirildi

Düýn ― 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» diýen at bilen onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek boýunça merkezi bilelikde gurady. Maslahat milli senetçiligi ösdürmegiň we bu ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlandy.

Çarwa durmuşy

Şäherlerden, galalardan uzakda sähra giňişlikleriniň çar künjeginde ýaşan çarwalar azyk üpjünçiligini argyş usulynda ýola goýupdyrlar. Şu babatda çagalyk müçesinden geçip, jahyllyk müçesine gadam basan döwürlerim ömrüni sährada geçirip, örküni çarwaçylyga baglan, obada sylagly bolan sähra gojasy Gylyç aganyň gürrüňlerinden galan ýatlamalary beýan etmegi makul bildik. — Ol ýyllar, heniz köne düzgünde gün-güzeran görülýän wagtlary, ot-suw gözleginde bolan çarwalar ondan-oňa göçmeli bolýardy. Golaý-goltumda bazarlar ýokdy. Şu görýän kuwwatly ulaglarymyzam soň-soň peýda boldy. Şol döwrüň ulaglary bolsa düýelerdi. Näme, adam bar ýerinde azyk-suwlugam gerek ahyry. Ine, şonuň üçin pederlerimiz azyk aladasyny, adatça, argyş guramak usulynda berjaý ederdiler. Argyş, düzgün boýunça, ýylda iki gezek, ýaz we güýz gyrkymyndan soň guralardy. Şonuň bilen birlikde özlerinden artykmaç mallaryny bazarlarda satmak üçin sürekçilik däbini hem ulanardylar. Maldarlar deri, ýüň hem ýüňden öndüren ellikdir joraplaryny, dolaklaryny, erişdir keçelerini, haly-palaslaryny bugdaýa, mäşdir şala (tüwi), jöwene, noýba-nohuda, künji ýagyna, erik kişdesine, kişmişe, gawun kakyna başa-baş söwda üsti bilen çalşyp, azyklaryny üpjün ederdiler. El degirmeninde üwelen türkmeniň ak bugdaýynyň unundan petir we hamyrly gömme çörek, toý-şagalaňda saçagyň bezegi bolan pişme, gatlakly, çapady, çelpek ýaly lukmalar bi

Miras

Edep bagjygy Türkmen milli lybaslary, şaý-sepleri taryhymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatlyklaryň hatarynda durýar. Ýeňli-ýanly köýneklerimiz halkymyzyň milli aýratynlyklaryny alamatlandyrýan lybaslarymyzyň naýbaşylarynyň biridir. Bu lybaslar agraslyga ýugrulan biçüwli, reňkleriň hem nagyşlaryň sazlaşygy bilen tapawutlanýar.

Bir hepde — on gün

Ata-babalarymyz geçmişde günleriň, hepdeleriň, aýlaryň, ýyllaryň hasabyny ýöretmek üçin ençeme senenamalary ulanypdyrlar. Olaryň esasylary «çarwa ýyl hasaby», «aý-gün, ýyl hasaplary» diýlip atlandyrylypdyr. Çarwa senenamasy boýunça her on iki ýyl bir müçe hasaplanýar. Aý hasabynda her ýyl on iki aýdan, her aý hem otuz günden ybarat bolupdyr. Bir aý üç hepdä bölünip, pederlerimiz bu senenamany uzak döwrüň dowamynda peýdalanyp gelipdirler. Muňa halk arasynda aýdylýan «Hiç hasap bilmeseň, ozal dokuzy, on dokuzy, ýigrimi dokuzy bil!» diýen sözler hem şaýatlyk edýär. Bu ýerde ozal dokuzdan soň onunjy günüň, on dokuzyndan soň ýigriminji günüň, ýigrimi dokuzyndan soň otuzynjy günüň gelip, olaryň dynç güni hasaplanýandygy aýdylýar. Soňra on günlük hepde ýedi güne geçirilýär. Pars dilinden alnan «hepde» sözüniň özi hem «ýedi» diýen manyny aňladýar. Ýöne muňa garamazdan, öňki on günlük hepde hasaby hem halkyň hakydasynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Şonuň üçin hem kimdir biri bir hepdelik bir ýere gidip gelende: «Näçe gün bolup geldiň, näçe günlük gitdiň?» diýlip soralanda, köplenç, «Bir hepde — on gün» diýip jogap berilýär. Bu sözleýiş endigi halk arasynda heniz-henizler hem duş gelýär. Bu ýerde aý hasaby ulanylýan mahalyndaky hepdäniň näçe günden ybarat bolandygy soralmaýan hem bolsa, köne endige görä, adamlar ony «bir hepde» diýen jümläniň yzyna «on gün» diýip goşup aýdýarlar.

«At basman diýen ýerine müň basar...»

Adam durmuşda her hili ýagdaýlary başdan geçirýär. Meselem, uzak ýola gidende azaşmagy, ýolda galmagy, yssy howada suwsuz horlanmagy, garaz, dürli ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin. Şeýle kynçylyk çeken adam bolup geçen waka barada gürrüň berýär. Şonda gepiniň arasynda hem: «Gaýdyp şol tarapa gitmerin», ýa bolmasa: «Gaýdyp şol tarapa seretmerin» diýen ýaly sözleri aýdýar. Şonda gürrüňdeşleri: — Eýle hal äht etme! Durmuşda herki zat bolup biler, gelersiňem, gidersiňem, görersiňem. «At basman diýen ýerine müň basar» diýipdirler. Hemişe şeýle kynçylyk bolup durmaz — diýip öwüt berýärler.

Milli mirasymyz — müdimi mirasymyz

Ýat ildäki haýyş Milli mirasymyzyň ölemen janköýeri, Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynyň ýaşaýjysy Eziz Aşyrowyň ömrüni Pendi ýaýlasynda çopan bolup, goýunlaryň arasynda geçiren, 80 ýaşabam dünýäsini täzelän, ömür goňşy bolup oturan Jumadurdy Jumaberdi ogly barada aýdan bir gyzykly gürrüňini size ýetireýin.

Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz­da asyr­la­ryň ýa­ňy bar

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 TMÝG-niň Gö­rog­ly et­rap Ge­ňe­şi et­ra­byň Me­de­ni­ýet öýün­de ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz et­mek hem-de ýaş­la­ry­my­zy mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek mak­sa­dy bi­len, «Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz­da asyr­la­ryň ýa­ňy bar» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. Oňa et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň jo­gap­kär iş­gär­le­ri, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri, eda­ra-kär­ha­na­lar­da zäh­met çek­ýän ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Nyşanlar — taryhy hakydanyň çelgisi

Dünýä akyl ýetirmekde, aňlamakda we bilmekde nyşanlara uly ähmiýet berlipdir. Nyşanlar arkaly adamzat jemgyýetiniň wakalaryny we tebigatyň dürli hadysalaryny kesgitläp bilipdirler. Dünýä halklarynyň ählisinde diýen ýaly nyşanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşleri olaryň bütin taryhy döwürlerinde ulanylypdyr. Döwlet nyşanlary hökmünde syýasy, ykdysady gurluşy, jemgyýetçilik durmuşy, şeýle-de adaty ýaşaýyş, haryt önümçiligi bilen bagly aýratynlyklary aňladýan nyşanlar ulanylypdyr. Diýmek, nyşanlar halkyň ýaşaýyş-durmuşynda, medeniýetinde zähmet öndürijiliginde giňden ýaýran ruhy gymmatlyklaryň biridir. Sekizburçluk nyşany abadançylygyň, asudalygyň, şowlulygyň, bitewüligiň we takyklygyň alamaty hasaplanypdyr. Bu nyşan iki dörtburçlygy üst-üste çapraz goýmak arkaly döredilipdir. Onuň bilen köp sanly ynançlar baglanyşdyrylypdyr. Sekizburçluk diňe bir bolçulygyň, berkararlygyň nyşany bolman, eýsem, onuň bela-beterden gözden-dilden goraýandygyna hem ynanylypdyr.

Ak öýlere ýaraşyk...

Ir zamanlar sallançak, esasan, ýüpden bolupdyr. Sallançak çaganyň başy günorta ýa-da günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Geçmiş taryhymyzda pederlerimiz öýüň dulundan 2,5 — 3 metr aralykda iki sany agaç dikip, ýörite pagta süýüminden ýa-da geçi çöpründen, goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Dikilen agaçlar «ýaba» diýlip atlandyrylyp, esasan, söwüt agajyndan bolupdyr. Iki gat ýüpüň her ujuny bir agaja birikdiripdirler. Sallançak gurmak üçin mährem enelerimiz yhlas siňdirip, ýörite kilim, palas, hatda haly hem dokapdyrlar. Palasy sallançagyň ilki ýüpüne gerip, her ýüpden aralary açylar ýaly, üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajyny germäpdirler. Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly, her ujuny köwüpdirler. Sallançak palasy gowşap, ýer sürpäp durmaz ýaly, iki tarapyndan berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikip, sallançak agajyna berkidipdirler. Owadan alaja işip, sallançak bagyny dakypdyrlar. Sallançak ýüpüne, sallançak bagyna dürli ýüplerden gotazlar dakyp bezäpdirler. Batly üwrelende çaga ýykylmaz ýaly, sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar. Sallançak gurmak üçin dikilen agaçlara mör-möjek dyrmaşmaz ýaly, her tarapda dikilen agajyň düýbüni ýüň bilen sarapdyrlar. Çaganyň ýüzi ýelpeler ýaly, ýokardan matadan guralan ýelpewajy asypdyrlar. Ýelpewajyň eteginden elýeter ýerde çaga oýnar ýaly düwme, şelpe, monjuk, aşyk we matadan ýasalan gurjak asypdyrlar. Ça

Akgaýma

Alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip, türkmen milli mirasynyň mynasyp waspyny milli keşdeçilik sungatynda görüp bolýandygyny belläp geçýär. Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ene-mamalarymyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär.

Beýikligiň badalgasy

Watan — ynsanyň ýüreginden başlanýar. Watansöýüjilik terbiýesi bolsa maşgaladan gözbaş alýar. Sebäbi adamyň ilkinji Watany onuň kemala gelen ojagydyr. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen, Watany söýer», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy» ýaly pähim-paýhasda jemlenen duýgular ata Watana bolan beýik söýginiň beýanydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň 1-nji sentýabrda açylyp ulanmaga berilmegi  beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalaryny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. «Berkarar döwlet islärin» diýip arzuwlan Magtymguly Pyragy türkmen ýigitleriniň mertden dörän merdanadygynyň waspyny edipdir: