Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň goşa ganaty
Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşleriň gözbaşydyr. Olaryň üpjün edilen ýerinde gülläp ösüşiň we üstünlikleriň gazanyljakdygy şübhesizdir. Şu garaýyşdan ugur alýan türkmen halky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, ynanyşmak esasynda Ýer ýüzünde ählumumy asudalygy berkarar etmek ugrunda irginsiz tagallalary gaýgyrmaýar. Munuň özi parahatçylyga we ynanyşmaga bolan uly sarpanyň halkymyzyň milli garaýyşlaryndan gözbaş alýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň uly manysy bar. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleridir. Muny milli Liderimiziň 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny öňe sürmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary parahatçylyk söýüjilik, sebit we dünýä derejesinde işjeň hyzmatdaşlygy üpjün etmek, gapma-garşylyklara, harby bileleşiklerdir şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, olaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, halkara giň