"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşyl dünýä — ýaşaýşyň çeşmesi

Durnukly ösüşi, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri hem ilatyň ekologik bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini, aňyny, düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň sagdyn ýaşamagyny üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara sazlaşygynyň ruhy tejribesini ösdürmekdir. Bularyň ählisi durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny, adamzadyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologik bilim ugry boýunça alnyp barylýan işler oňyn görkezijilere eýe bolup, şonuň netijesinde oňa gatnaşýan ilatyň sany artýar. Bu ugur boýunça ýöriteleşdirilen okuw dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet binýadynyň mazmuny hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik bilim bermekde dürli ýurtlaryň amala aşyrýan işlerini BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy sazlaşykly ýagdaýda alyp barýar. Gurama ählumumy ekologik bilimi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde we hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan ulgamlarda okuw maksatnamalarynyň merkezinde bolmalydygyny belleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu guramanyň tebigy ylym ugry boýunça alyp barýan işlerin

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 15-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy — mö­hüm ugur

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len giň hem-de kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len, ýur­du­myz hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­läp, pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de bu dü­züm­le­riň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Da­şky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­mak, onuň gö­zel­lik­le­ri­ni we baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa howpsuzlygyna adam­la­ryň aba­dan

Abadan durmuşyň güwäsi

Daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň her birimiz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga öz şahsy goşandymyzy goşmalydyrys» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga, şeýle hem daşky gurşawy goramaga, dikeltmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň aladasy we döredýän amatly şertleri bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikler açylýar. Döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hem halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 10-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Ekologiýa abadançylygy

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna batly gadamlar bilen barýan Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Welosiped — ekoulag

Häzirki wagtda adamlarda welosiped edinmeklige isleg barha artýar. Ony diňe gatnaw ulagy üçin däl, eýsem, sport we gezelenç etmek maksady bilen hem edinýärler. Angliýa, Wengriýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda poçta ibermek üçin, Londonda, Tallinde we beýleki gür ilatly şäherlerde ýollaryň dyknyşyklygy sebäpli, welosiped “Tiz kömek” ulaglary hökmünde-de ulanylýar. Germaniýanyň Sindelfingen şäherindäki “Mersedes-Benz” zawodynda işçiler zawodyň töwereginde welosiped sürýärler. Her bölümiň öz reňkli welosipedleri bar. Hytaýda “Uçýan kepderi” welosiped sözüniň sinonimi bolup durýar. Çünki soňky ýyllarda önümçiliginiň esasy ugry welosiped öndürijiligine öwrülip, welosipedleriň 90 göterimden gowragy bu ýurtda öndürilýär. Oňa bolan islegiň barha artmagy has kämil görnüşlerini öndürijileriň köpelmegine getirdi. Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Himiýa senagatynda ekologiýa abadançylygy

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu maksatnamalaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalary işläp düzmekden ybaratdyr. Himiýa — ylmyň möhüm pudagy bolup, ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Himiýa senagatynda ylmyň ösdürilmegi üçin innowasiýalaryň girizilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden ulanylýar. Çünki himiýa tehnologiýasy çig maly gaýtadan işlemäge, şol bir çig maldan dürli görnüşli önümleri almaga, olary toplumlaýyn ulanmaga mümkinçilik berýär.

Daş­ky gur­şa­wyň go­ra­gyn­da

«Ýew­ro­pa ýurt­la­ry 3-nji iýul­dan baş­lap bir ge­zek ula­nyl­ýan plast­mas­sa ta­ba­jyk­lar, çem­çe­ler, tur­ba­jyk­lar, şar ta­ýa­jyk­la­ry we pag­ta­ly çöp­ja­gaz­lar, pe­no­po­lis­ti­rol­dan edi­len iý­mit we iç­gi gap­la­ry bi­len gu­tar­nyk­ly hoş­laş­dy» di­ýip, daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Wir­gi­ni­ýus Sink­ýa­wiç­ýus mä­lim et­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ka­nun­çy­ly­gy­nyň çä­gin­de 2019-njy ýyl­dan baş­lap, se­bi­tiň äh­li döw­let­le­rin­den 2021-nji ýy­lyň 3-nji iýu­ly­na çen­li bir ge­zek ula­nyl­ýan kä­bir plas­tik önüm­le­riň ba­zar­dan çy­ka­ryl­ma­gy ka­rar edi­lip­di.

Ekologiýa diplomatiýasy: halkara başlangyçlar, ösüş we netije

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň batly gadamlary bilen ählitaraplaýyn durnukly ösüşe eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda milli, sebit we dünýä derejesinde işler ulgamlaýyn esasda yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan oňyn halkara başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öňe sürýän başlangyçlary halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň taýýarlaýan hasabatlarynda beýan edilýän maglumatlar esasynda anyk göz ýetirýäris.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +44...+46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda bu syýasat aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi geçen ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň we öňe sürýän başlangyçlarynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyp, Türkmenistan BMG-de oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegine bagly bolan çözgütlere işjeň gatnaşýar. Biologiki köpdürlülik, çölleşmä garşy göreş alyp barmak hakyndaky, howanyň üýtgemegi baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüs

Ekologiýa diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyndan ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Döwletimiz halkara giňişliginde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyz bu meselelere örän jogapkärli garamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge çynlakaý çemeleşýär. Milli Liderimiziň häzirki döwrüň derwaýys meselelerine mynasyp jogap berýän çuňňur oýlanyşykly daşary syýasy başlangyçlarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa, döwletimiziň halkara giňişligindäki täsirli ornuny has-da berkidýär.

Gülläp ösüşiň we abadançylygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak we artdyrmak, ata Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Oba-şäherlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigata söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ulgamynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu gün has-da kämilleşdirilýär. Muňa güneşli Diýarymyzda döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde, öri meýdanlarynda howa ýagdaýynyň ep-esli gowulanandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly peýdalanmak we köpeltmek işlerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu giň gerimli işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Tebigaty goramak we ondan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan tebigy gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Milli

Tebigatyň ajaýyp gözelligi

Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Bag nahallaryny oturtmak, suwy tygşytly peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly işler üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutýan meýdanlary has-da giňeldi.

Tokaý zolaklarynyň meýdany artdyrylýar

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» kararyň taslamasy hödürlenildi.

Garagum — türkmen tebigatynyň görki

Gumda bolup görmediklere onuň üýtgeşik gözelligini göz öňüne getirmek kyndyr. Gum obalarynda henize bu güne çenli daşdan, kerpiçden gurlan jaýlaryň öňünde türkmeniň ak öýüni dikip ýaşaýanlar bar. Öýüň ortasyndaky ojakda ýanýan sazak odunyň bir çetinde lakyrdap gaýnap duran tüňçe, közüň üstünde jyzyrdap bişýän kömelekler, gap böwürdäki syrçaly gorküýze, düýeleriň, köşekleriň bozlaýan sesleri biziň çagalykda aňymyza ornan üýtgeşik ýatlamalardy. Garagum diýlende, hemişe meniň gözümiň öňünde şu görnüşler janlanýar. Serdar etrabynyň Ýylgynly obasyna her wagt görme-görşe gidenimizde, gumuň üýtgeşik tebigaty, çarwadarlaryň ýaşaýşy uly täsir galdyrýar. Sazakly, selinli oýlarda gumuň özboluşly aýratyn gözelligi özüne çekýär. Çägäniň üstünde nagyş ýaly bolup eýläk-beýläk uzap gidýän towşanyň, tilkiniň, her hili mör-möjekleriň yzlaryny ýalňyşman tanap bilýän gumlular sähranyň her depesiniň, oýunyň, takyrynyň aýratynlygyny kitap okan ýaly gürrüň berip bilýärler. Gum tebigatynyň, gumlularyň ýaşaýşynyň täsin wakalary hakda gyzykly söhbet edýärler. Her kakyň, takyryň, her bir guýynyň öz taryhy bar, nesilden-nesle geçip gelýän ýatlamasy bar. Şoňa görä, gumda bolup görmek, gyzykly dünýä syýahat eden ýaly.