Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy — mö­hüm ugur

14 Iýul 2021
1887

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len giň hem-de kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len, ýur­du­myz hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­läp, pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de bu dü­züm­le­riň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär.

Da­şky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­mak, onuň gö­zel­lik­le­ri­ni we baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa howpsuzlygyna adam­la­ryň aba­dan dur­mu­şy­nyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­ra­ra gol çek­megi-de munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu res­mi­na­mada ýur­du­my­zyň mil­li we te­bi­gy ho­wa aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, ol to­kaý zo­lak­la­ry­nyň meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek, to­kaý gaz­na­sy­ny döw­let ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba al­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy re­je­li peý­da­lan­mak hem-de Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­dy. Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2021 — 2025-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag we üzüm na­hal­la­ry­ny, çöl ösüm­lik­le­ri­ni hem-de to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­me­giň me­ýil­na­ma­sy kes­git­le­nil­di. Mundan başga-da, to­kaý zo­la­gy ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyny ös­dür­mek we bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak hem göz öňün­de tu­tul­ýar.

«Es­ger».