Tebigatyň ajaýyp gözelligi

29 Iýun 2021
2050

Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Bag nahallaryny oturtmak, suwy tygşytly peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly işler üstünlikli alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutýan meýdanlary has-da giňeldi.

Daýançmyrat PÖTDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.