Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýörelgesi
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, biz häzirki döwürde sebit we dünýä ähmiýetli işleri amala aşyrýarys. Ekologiýa babatda kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirýäris» diýip belledi. Türkmenistanda döwlet ekologiýa syýasaty tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligi baýlaşdyrmaga hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ekoulgamyň biodürlüligini goramak we dikeltmek, tokaýlyklary köpeltmek, topragyň, suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy, milli ykdysadyýetiň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy hem-de sebitiň ýurtlarynyň anyk çäreleri amala aşyrmak üçin jemlenmegi bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün etdi. Bu meselelerden ugur alyp, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bütewi Kanuny, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak