Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
― Biz janly tebigata ömür berýän suwuň her damjasyny altyna barabar görüp, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, berekediň, bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýäris, suw gorlarymyzy gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýäris.
«Aby-Zemzem çeşmesiniň suwuny näme üçin niýetläp içseň, şoňa ýarar» diýýärler. Ýagny, ajygyp içseň, doýrar, suwsap içseň, teşneligiňi gandyrar. Ýetmiş bir göterimini çöllük tutýan türkmen topragynda hem suwuň şonuň ýaly derejede görülýän keramatly häsiýeti bar.