Ynsan ogly suwuň barlygyna şeýle bir öwrenişendir, hatda ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek asla mümkin hem däldir. Suw dünýädäki ähli janly-jandarlar üçin möhüm zerurlykdyr. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Adam açlyga çydap biler, emma ýekeje gün suwsuzlyga çydap bilmez. Şu hakykat hem bize suwuň ähmiýetiniň näderejededigini aýdyň görkezýär.
Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Suwuň 0,0001%-i howada gaz halynda duş gelýär. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, derýalar, köller we çeşmeler bolsa 0,6%-ini özünde jemleýär. Ýer ýüzündäki suwuň iňňän az mukdary bolsa janly-jandarlaryň bedeniniň, şeýle hem öndürilýän önümleriň düzümini emele getirýär.