"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ekologiýa meselesi — döwrüň wajyp wezipesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususyýetçiligi höweslendirmäge, maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin, pudaklaýyn hem sebitleýin maksatnamalar amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna, ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns berilýär. «Ýaşyl ykdysadyýeti» döretmek we ösdürmek meselesine täzeçe çemeleşmeler häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ekologiýa wezipeleriniň ykdysady we durmuş meseleleriniň çözgütleri bilen çuňňur arabaglanyşykly alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin aýap saklamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berk baglanyşykly bu meseleler ýurdumyzyň ilatynyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekologiýa taýdan arassa gurşawda ýaşamagyny üpjün edýär, ol öňdebaryjy tejribelere, täzeçil tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däpler

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 18-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Plas­tmassa ga­lyn­dy­lar­ azaldylar

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy 2030-njy ýy­la çen­li plas­tik zir-zi­bil­le­riň möç­be­ri­ni 60 gö­te­ri­me, 2050-nji ýy­la çen­li 100 gö­te­ri­me çen­li azalt­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Mun Çže In De­ňiz ke­na­ry­ny aras­sa­la­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­da bel­läp geç­di. Mik­rop­las­tik­ler di­ňe bir de­ňiz jan­dar­la­ry­na däl, eý­sem, adam sag­ly­gy­na hem howp sa­lar.

Ekologiýa talaplarynyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan ekologiýa syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tebigatymyza aýawly garamaga hem-de ony has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýany we tebigaty goramak ýaly iň bir ähmiýetli meseleleri häzirki döwrüň ählumumy, möhüm wezipeleriniň hatarynda goýýar. Ýurdumyzda ýer, suw hem biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-niň daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşyp, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda senagat derejeli kärhanalar bolan elektroenergetikanyň ähli kärhanalaryny döwrebap ösdürmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçiligi artdyrmak we sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna hem-de işleriň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 13-nji maddasy doly şaýatlyk edip, onda: «Döwlet adamy

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Gül-gülzarly ýurdumyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyly jemgyýetimizde milli ýol-ýörelgeleriň täze bir ýokary ruhy göteriliş bilen gaýtadan dikeldilýän beýik döwri boldy. Bu bag ekmek, ýurtda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda hem şeýledir. Tebigat bilen özara baglanyşykly ýaşan ata-babalarymyz baglaryň dünýämize bezeg bermek bilen birlikde ynsanyň, janly-jandaryň dem alýan howasyny täzelemekde hem ornuny çalşyp bolmajak peýdasynyň bardygyna ir döwürlerden düşünipdirler. Şol sebäpden hem ýaşaýan ýerlerini, öýleriniň töwereklerini bag-bakjalyga, gül-gülzarlyga besläpdirler.

Tokaýlar — halkyň baýlygy

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşaýyş abadançylygy üçin bitewi milli ekoulgamy döretmek, tokaý gaznasynyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýçylyk ýer gaznasynyň peýdalanylyşynyň gerimini giňeltmek, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tokaý gaznasynyň ýerleri dag eteklerindäki, derýa ýakalaryndaky hem-de sähra giňişliklerindäki tebigy we emeli usullarda köpeldilýän tokaýlyklara bölünýär. Emeli tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltmek işleri yzygiderli häsiýete eýedir. Türkmenistan yklymyň ýurtlarynyň arasynda tokaý gaznasyndaky ekinleriň köpgörnüşliligini artdyrmak, öňdebaryjy ekologiýa medeniýeti boýunça halkara tejribeleri öwrenmek, wagyz etmek, tokaý hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, bagçylyk, tokaýçylyk çäreleri boýunça ylmy-barlag we guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek we bu umumymilli jemgyýetçilik işlerine ilaty işjeň gatnaşmaga çekmek boýunça ilkinjileriň hatarynda durýar. Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan tokaýlaryň ýaşyl dünýäsi asman giňişliklerini arassalaýjy janly fabrige, zemin guşaklyklarynyň iň mukaddes gözellikleriniň kerwenbaşysyna meňzedilýär. Ekologi

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+21o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o-dan +34...+36o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+20o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33o-dan +33...+35o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa taýdan amatly ulag

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. BMG-niň senenamasynda Bütindünýä welosiped gününiň peýda bolmagy milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň dünýäde gyzgyn seslenme döredýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ekologiýa we döwlet syýasaty

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin aýap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Rio-de-žaneýroda bolup geçen «Rio+20» Bütindünýä sammitinde, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde bolup geçen VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri halkara forumlarda bu babatda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, Birleşen Milletler Guramasynyň işinde Aral meselesine aýratyn ähmiýet bermek baradaky teklipleri aýratyn belläp geçmek bolar. Agzalyp geçilenlerden Aral meselesiniň çözgüdine işjeň goşant goşmak Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleriniň esasylarynyň biridir. Ozaly bilen, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, soňky ýyllarda işi haýalladylan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň täze derejelere çykarylmagy aýratyn bellenilip geçilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda Aral deňzini halas etmegiň diňe bir sebitiň içerki meselesi hökmünde garalman, eýsem onuň çöz

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Ekologiýa kanunçylygy kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda durmuş ulgamynyň ähli ugurlary boýunça, hususan-da, ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize asyl durkunda we has baýlaşdyryp miras goýmak meselesi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.

Elekt­rik­li ula­gyň ba­za­ry gi­ňe­ýär

Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka gu­ra­ma­sy­nyň dün­ýä möç­be­rin­dä­ki elekt­roulag­lar bo­ýun­ça taý­ýar­lan ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li elektroulag­la­ryň umu­my sa­ny 145 mil­lio­na ýe­ter. Soň­ky ýyl­lar­da meş­hur­lyk ga­za­nan elektrou­lag­la­r bu ugur­da iş alyp bar­ýan köp san­ly kom­pa­ni­ýa­la­ra uly ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Gel­jek­de şeý­le ulag­la­ryň zar­ýad müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da tä­ze çe­me­leş­me­ler ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da, has köp elekt­roulag peý­da bo­lup, ola­ryň bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ra­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Bagy-bossan paýtagtym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we obalarynyň ekologiýa gurşawyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda agaç nahallaryny oturtmak we ekilen agaçlara ideg etmek işleri üstünlikli berjaý edilýär. Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Berkarar Diýarymyzyň ähli welaýatdyr etrap merkezleri, obalary, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň jana melhem ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Bu ugurda bitirilýän beýik işler kalbymyzda ata Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy joşduryp, uly rowaçlyklara röw

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-12-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +35...+37o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+21o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33o-dan +34...+36o aralygynda maýyl bolar.

Arassa ekologiýa — sagdyn geljek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen toýlara baý 2021-nji ýyl dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň alyp barýan baş syýasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns merkezinde saklaýan ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä derejesindäki ynsanperwer syýasat hökmünde giňden dabaralanýar. Al-elwan güllere gark bolup, hoşboý ysy bilen burk urýan ajaýyp baharlarda, bereket hazynasyny joşdurýan sary meňiz güýzlerde ynsan göwni has-da galkynýar. Ata-babalarymyz tebigatymyzyň gadyr-gymmatyny örän belent saýypdyrlar. Häzirki döwürde halkymyz tebigat bilen adamyň arasyndaky baky sazlaşygy berjaý etmäge aýratyn üns berýär. Çünki tebigat adamzadyň ilkinji we umumy öýüdir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40%.