"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýäde nusgalyk syýasat

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwletimiz dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň dünýä bilen gatnaşyklarynyň ählisinde parahatçylyksöýüjilikli syýasatyň durýandygyny, onuň üýtgewsiz goldanylýandygyny biz anyk görýäris. Bu islendik meselede hem şeýledir. Meselem, Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny hem adamzadyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmeklige ýugrulan pikirler düzýär. Türkmenistanyň daşky gurşawyny goramak boýunça çäreleriň meýilnamasy, Hazarda amala aşyrylýan çäreleriň milli meýilnamasy, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça milli maksatnama we başga-da ençeme resminamalar munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmeklige dünýä bileleşiginiň yzygiderli üns bermegine döwletimiziň uly ähmiýet berýändigini nygtady we BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň dörediljekdigine ynam bildirdi. Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak döwletimiziň ekologik syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu syýasat dünýä möçberinde hem nusga alarlykly häsiýete eýe boldy. Ýurtbaştutanymyzyň BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, BMG-niň A

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1—7-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +18...+20o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 30-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Bag-seýilgäh zolaklary — abadan ýaşaýşyň görki

Hormatly Prezidentimiz 26-njy oktýabrda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini Aşgabat şäheriniň günortasynda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz bu künjekde ylmy taýdan esaslandyrylan bag nahallarynyň oturdylmagynyň möhümdigine, tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi ilatly ýerleriň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ekologiýa derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda giň gerimde döredilýän tokaý zolaklary, bag-bakjaly seýilgähler, bagy-bossanlyklar amatly mikroklimaty döredýär, daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri geçirilip, ýurdumyzda köp mukdarda miweli, saýaly agaçlaryň nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär, paýtagtymyz Aşgabatda, onuň töwereklerinde, welaýatlarda täze-täze tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär. Sähra ýerlerinde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda dürli agaçlaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 28-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Altyn güýzüň gözelligi

Şu günler güýz paslynyň dowam edýän pursatlarynda mähriban paýtagtymyza ýagan güýz ýagşy älem-jahany nurlandyryp, adamlaryň kalbyna şatlyk paýlady. Çygly, ümür-dumanly, ýagyşly günlerde läle-reýhan bolup has-da gowy açylýan gülleriň, täsin baglaryň ýakymyny duýmak, gör, nähili lezzetli. Ter bägülleriň gülhanalarynda bulduraşýan ýagyş damjalary dür dänelerini ýadyňa salýar. Güýz pasly — bereket çeşmesi. Altyn güýzde aýratyn mähir, ýakym bar. Şunda hemmämize gözellik dünýäsini bagyşlaýan güýz gülleri ruhuňy has-da belende göterýär. Ynsan kalbynyň törüne mähir paýlap, ruhy dünýäsini gözelleşdirýän, biri-birinden owadan güller bilen mähriban paýtagtymyzy bezeýän, öz işleriniň hakyky ussatlary bolan bagbanlaryň uly topary şu günler joşgunly zähmet çekýär. Olar, esasan-da, güllerden täsin gözellikleri döretmegiň hakyky ussatlarydyr. Çünki güller dünýäsiniň bütin durky şatlygyň, hoş habarlaryň buşlukçysy bolmak bilen, toý-dabaralarymyzyň buýsançly bezegine öwrülip, töwerek-daşymyzy älemgoşary ýada salýan täsin öwüşgine besleýär.

Türkmenistan — bagy-bossan

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNA MYNASYP GOŞANT Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerilip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallary ekilýär. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge şanly toýlaryň, beýik taryhyň ýyl ýazgylary bilen baglanyşdyrylyp, täze röwüşde dowam etdirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda 25 million düýp bag nahaly oturdylan bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uludan toýlanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutuldy. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň her ýyl uly toý ruhuna beslenip geçirilmegi bu işleriň giň gerime eýe bolmagyna ýardam edýär. Beýik ösüşlere we belent sepgitlere beslenýän bu ýylda ýazky bag ekmek möwsüminde miweli, saýaly, pürli baglaryň 15 milliondan gowrak düýbi ekildi.

Tämiz gurşaw — abadan durmuş

Müňlerçe ýyllardan bäri, adamzat tebigatyň eçilen baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamaga çalşyp gelýär. Şol ýörelge häzirki wagtda hem üstünlikli amal edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda durnukly ösüşiň beýan edilen täze Gün tertibine Türkmenistanyň garaýşy barada aýdyp: «Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşigiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir» diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini aýratyn nygtady.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-31-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14o-dan +18...+20o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda suwy rejeli we tygşytly peýdalanmak, häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary oba hojalyk önümçiligine giňden ornaşdyrmak, ýerleriň şorlaşmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni almak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şolardan iň täsirli we uzak möhlete gönükdirilen giň gerimli taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygydyr. «Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň demirgazyk — günbatarynda Üçtagangum bilen Gaplaňgyryň aralygynda ýerleşen Gökleňguýy ýa-da Garaşor çöketliginiň zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde emele geldi. Çöketligiň demirgazyk we günorta taraplarynda Gaplaňgyr belentligi, günbatar tarapynda bolsa Üçtagangum düzlügi ýaýylyp gidýär. Ýurdumyzyň ýer üstüniň umumy eňňitligi gündogardan günbatara, ýagny, ýokardan aşak hem-de günbatardan demirgazyga — ilerden gaýra tarapa bolany üçin Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň zeý suwlarynyň Türkmen kölüne akdyrylmagyna doly şert döretdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm. Çyglylygy 35 — 55 %.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçilikleri

Türkmenistanda energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ol energetika garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, energetikanyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin degişli ugra ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösüşi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň ösmegi energiýanyň öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär. Energetikanyň ösmegi halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň gurluşyna we düzümine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösüş derejesine uly täsir edýär. Energiýanyň sarp edilişiniň ýokary depginde ösmegi daşky gurşawa hem täsirini ýetirýär. Daşky gurşawa adam işjeňliginiň oňaýsyz täsirini azaltmak üçin bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri peýdalanylýar.

Ekologik abadançylyk — wajyp wezipe

Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletleriň we dünýä halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň tebigatyň deňagramlylygy barada alada etmezden mümkin däldigini birnäçe gezek nygtapdy. Nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary bilen bir hatarda, Türkmenistan Gün we ýel energiýasy çeşmelerine hem baýdyr. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, adaty däl energiýa çeşmeleriniň giňden ulanylmagy, ylaýta-da, senagat merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň gündelik durmuş hem önümçilik hajatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Daşky gurşawy goramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Ekologiýa medeniýeti — ählumumy wezipe

Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy täze depgine we many-mazmuna eýe bolýar. Döwletimiz halkara giňişliginde umumadamzat ähmiýetli derwaýys wezipeleriň çözgüdini taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda BMG hem-de onuň düzüm birlikleri, hususan-da, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen bilelikde milli we sebitleýin derejedäki onlarça taslamalary durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň kabul eden halkara hukuk resminamalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşini, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» görkezmek bolar. 2021-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary, hususan-da, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ynsanperwer ýörelgelerinde ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlarynyň ähmiýeti şöhlelenýär. Bu ugurda her ýylyň 3-nji iýunyny

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm. Çyglylygy 60 — 80 %.

Daşky gurşawy goramak — ählihalk işi

Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilip, aýgytlaýjy çäreleriň alnyp barylmagyny talap edýän daşky gurşawy gorap saklamak meselesi häzirki wagtda bütin dünýäniň iň bir wajyp meseleleriniň birine öwrüldi. Biziň ýurdumyzda hem bu meselä uly üns berilýär. Amatly daşky gurşawyň, ilatyň saglygynyň goragyny, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini, tokaýlary köpeltmegi we ýer-suw gorlaryny, ösümlik dünýäsiniň baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy üpjün edýän milli kanunçylygymyz bilen halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuk namalary utgaşdyrylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar. Döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyga goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edip, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzda «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Balyk tutmak, suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň giň gerime hem-de toplumlaýyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanunlar ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyna adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde üns berilýändigine güwä geçýär.

Ekologiýa abadançylygy — durnukly ösüş

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde, aýratyn hem paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji iýunyndaky Karary bilen «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa her bir adamyň amatly daşky gurşawda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu kada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda kepillendirilendir. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak dünýä boýunça ählumumy meseleleriň biri hasaplanýar.

Birleşen tagallalar bilen

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde okuw maslahaty geçirildi. Maslahat ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmäge bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýangyn howpsuzlygy baradaky işler ýörite kanunçylyk namasy bilen tertipleşdirildi. Şeýle hem 2017 ― 2023-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan milli meýilnama hereket edýär. Bu resminamalarda her ýylyň ýangyn howply möwsümlerinde jemgyýetçilik ýerlerinde, raýat we döwlet desgalarynda, sähra, öri we ekerançylyk meýdanlarynda ýangynyň öňüni almak, eger ol dörän ýagdaýynda çalt söndürmek bilen bagly işler takyk seljerilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 15 — 35%.