"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durnukly ösüşiň maksatlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini halkara derejede çözmäge işjeň gatnaşýar. Aral deňzini halas etmek, Aral sebitiniň durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri uzak ýyllaryň dowamynda derwaýyslygyny saklap gelýär. Türkmenistan bu ekologiýa howpunyň netijelerini azaltmak ugrunda tagallalary birleşdirmäge işjeň çemeleşýär. Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminamada daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak işini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji ýanwarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-9-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+lo-dan +1...+3o aralygynda maýyl, gündizlerine -4...+6o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji ýanwarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 65 — 85 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-si — 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9o-dan +12...+14o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8o-dan +11...+13o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 28-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ýaşyl ykdysadyýet — şu gün hem geljek üçin

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny, gözelliklerini artdyrmak barada giňişleýin gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda belleýşi ýaly, tebigaty goramak, ony gözelleşdirmek, baýlyklarymyzy rejeli we netijeli ulanmak, geljekki nesillere abadan ekologik şertleri miras goýmak ýurdumyzyň oba hojalyk, senagat, ykdysadyýet pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylan ägirt uly taslamalarda, meýilleşdirilýän işlerde hem-de maksat edilen köp ýyllyk maksatnamalarda doly görünýär. Adamzadyň tebigy baýlyklara aýawly garamak duýgulary ýaşyl ykdysadyýetiň döremegine getirdi. Ýaşyl ykdysadyýetiň esasy wezipesi howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, tebigy baýlyklary aýawly ulanmak, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek ýaly uly çärelerden ybarat.

Daşky gurşawyň abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň binýady

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň ählisi daşky gurşawy goramagy üpjün etmek meseleleri bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşiniň tebigat bilen sazlaşykly gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň işine işjeň gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hem anyk ädimleri ädýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde emeli tokaýlar okgunly giňeldilýär, seýilgähler döredilýär. Ilatly ýerleriň töwereginde, awtoulag ýollarynyň we demir ýollaryň ugrunda döredilen tokaý zolaklary ekologik taýdan amatly ýagdaýy emele getirýär.

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşinde yzygiderli senagatlaşmak, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan döwletimizde daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygymyz halkara ekologiýa Konwensiýalarynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy seljermeleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ylym dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär, şol bir wagtda-da şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullardyr innowasiýalary döretmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biridir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 25-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +2... +4° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ekologiýa abadançylygy — bagtly geljegiň güwäsi

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we ýurdumyzyň welaýatlarynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hem-de ýerleriň şorlamagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geljege gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. ªonuň bilen baglylykda, döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, bu ugurda durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly se

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm. Çyglylygy 65 — 85 %.

Abadançylygyň girewi

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde, ýurdumyzda daşky gurşawyň abadanlygy bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak köpugurly işi öz içine alýar. Munda tebigat ekologiýasy ugruna degişli bolan howanyň ynsanyň we beýleki janly-jandarlaryň dem almagy üçin zyýanly düzümleriň öňüni almak aýratyn ugry emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde üstünlikli alyp barýan ekologiýa diplomatiýasy netijesinde, häzirki wagtda BMG-niň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda tagallalary birleşdirmek we hyzmatdaşlykda iş alyp barmak babatda resminamalaryň ikisi kabul edildi. Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegidir. Şeýle-de ýurdumyzda senagatdan, önümçilikden zyňylýan zyýanly bölekleriň howany hapalamagynyň öňüni almak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, gazhimiýa, nebithimiýa, dökünhimiýa, ýangyç-energetika, gurluşyk, dokma, azyk we beýleki gaýtadan işleýiş senagat toplumlary ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, olarda ekologiki taýdan iň arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Ekologiýa howpsuzlygy — derwaýys mesele

Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär. «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde berkidilýär. Ýurdumyz milli Liderimiziň baştutanlygynda halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna», Tokaý kodeksine, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 13 — 15 metr, wagtal-wagtal 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +22... +24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm. Çyglylygy 40 — 60 %.

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr. Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi hem-de onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete hem-de jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm. Çyglylygy 50 — 70 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +13...+15o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Arassa ekologiýa ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň geljegi nazarlaýan uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Diýarymyzyň ekologiýa meselelerini döwrüň sebit we dünýä derejesindäki çylşyrymly meseleleri bilen utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýet guramalarynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy gün-günden artýar. Halkara konwensiýalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda biodürlüligi gorap saklamak we baýlaşdyrmak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýlary dikeltmek we gorap saklamak, öri meýdanlaryny we tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek we ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça milli we sebit derejeli taslamalar ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir işgärleri tarapyndan bu ugurlar boýunça uly işleri amala aşyrýar.