Ekologiýa abadançylygy we durnukly ösüş
Dünýä, daşky gurşaw, howpsuzlyk, ösüş XXI asyryň başynda halkara jemgyýeti üçin ählumumy häsiýete eýe bolan düýpli gymmatlyklardyr we bu meseleler, halkara derejesinde bolşy ýaly milli derejede-de netijeli çözmegi talap edýär. Gymmatlyklaryň arasynda gönüden-göni köp meseleleriň çözülmegine täsir edýän we hemme zatdan hem ileri durnukly ösüşiň ýeten sepgitleriniň meselelerini öz içine alýan — Ýeriň tebigy serişdelerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine gorap saklamakdyr. 1972-nji ýyldaky adamyň daşky gurşawynyň meseleleri boýunça Stokgolm Kararnamasynda bellenilişi ýaly, adam özüne berlen hukuklary we azatlygy bilen janly tebigatyň önümlerini we onuň gurşawyny gorap saklamaga we paýhasly dolandyrmaga jogapkärçilik çekýär. Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan ekologik konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmekde: ýaşaýşyň ähli jähtlerinde ekologik talaplaryň utgaşdyrylmagyny, edilýän işleriň ähli görnüşlerine ekologik taýdan baha berilmegini we döwlet ekologik ekspertizasynyň geçirilmegini, tebigaty goraýyş kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini, tebigaty goramak baradaky tagallalarda raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegini öz içine alýan ýörelgeler esas bolup hyzmat edýär. Döwletimiz dünýäniň abraýly guramalarynyň maslahatlarynda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitm