Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak Arkadagly Serdarymyzyň ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzda daş-töweregi goramak hereketleriniň milli meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän çäreleriň netijesinde daşky gurşawy gorap saklamak bilen bagly örän möhüm ekologiýa meseleleri çözülýär.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri ýurdumyzyň tebigat dünýäsini, gözelliklerini, baýlyklaryny öwrenmek, gaýtadan dikeltmek hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamak meseleleri döwlet derejesindäki gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Munuň özi düşnüklidir. Çünki daşky gurşawyň arassalygy adamlaryň saglygynyň girewidir.