Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler özüniň anyk netijelerini berýär. Döwlet syýasatynda ýurduň ekoulgamyny kadalaşdyrmakda sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň ençemesi öz beýanyny tapýar. Ýagny, ýerleriň çölleşmegine, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ösümlikleriň hem haýwanlaryň belli bir görnüşleriniň ýitip ýok bolup gitmek howpuny aradan aýyrmak, ekerançylyk ýerleriniň şorlaşmagynyň we topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak, önümçilik desgalarynyň tebigata ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak ýaly möhüm meseleler elmydama üns merkezinde saklanylýar. Biziň ýurdumyzda ýylyň-ýylyna miweli, saýaly, pürli agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylyp, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde netijeli işler ýaýbaňlandyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi tokaý zolaklarynyň baýlaşmagyna, çöldür sähralarymyzyň, daglarymyzyň keşbiniň üýtgäp, has-da owadanlaşmagyna öz täsirini ýetirdi. Munuň özi howamyzyň arassa, tämiz, belli bir derejede çygly bolmagyny hem üpjün edýär.
Diýarymyzda ägirt uly suw desgasy — «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daşky gurşawy özgertmekde ähmiýeti örän uludyr. Kölüň döremegi bilen ýurdumyzyň ekologiýa-melioratiw ýagdaýy gowulanýar, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygy ýokarlanýar. Şonuň ýaly-da ýurdumyzda balykçylygy, maldarçylygy ösdürmäge täze mümkinçilikler döredilýär. Suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy bilen kölüň golaýynda täze obalar, şäherçeler, dürli kärhanalar peýda bolýar.