"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Togdary

Ýaşaýyş aýratynlygy boýunça togdary Türkmenistanda gyşlaýar. Düzlüklerde duş gelýär, sazagyň gür ösen we baýyrlyk ýerlerden gaça durýar, şoraly hem-de ýowşanly ýerleri halaýar. Dag eteginde giňden ýaýrandygyna garamazdan, togdary daglarda duş gelmeýär. Togdary özüni örän seresaply alyp barýar, ýerden sähel ýokarda uçýar. Ol sagatda 35-40 kilometr tizlikde ylgaýar. Olar höwürtge gurmaýarlar, mäkiýany ýumurtgalarynyň daşyna gury baldaklary üýşürýär. Ýumurtgasyny 21—23 gün basyrýar. Togdary ownuk oňurgaly haýwanlar, mör-möjekler, ösümlikleriň dürli bölekleri bilen iýmitlenýär. Häzirki wagtda dünýä derejesinde ýitmek howpy abanýan togdary Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna, şeýle-de Ösümlikleriň we haýwanlaryň ýitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky Konwensiýasynyň birinji goşundysyna girizilendir.

Biserhet dünýäniň perwanalary

Bu ýerde gürrüň guşlar, olaryň ýaşaýşy hakynda barýar. Guşlaryň birnäçe görnüşi ýylyň pasyllaryna görä özleriniň ýaşaýan ýerlerini üýtgedip durýar. Ine, häzirki gyş günlerinde bolsa olaryň köpsanlysy ülkämize gyşlamaga geldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, tebigatyň özboluşly kanuny bilen baglanyşykly. Ikinjiden bolsa, ýurdumyzda guşlaryň gyşlamagy üçin amatly tebigy şertleriň bardygyny bellemek artykmaçlyk etmez. Üstesine, olaryň birnäçe görnüşi kanunçylyk tarapyndan hem berk gorag astyna alnandyr. Türkmen topragynda gyşlaýan guşlaryň arasynda gözellikde deňsiz-taýsyz guwlardyr ak we çal durnalar, uly ak gogurlardyr uly jübtünler, ördeklerdir deňiz bürgütleri, gajarlardyr togdarylar bar. Doly bolmadyk bu sanawdaky guşlaryň aglabasy suw guşlarydyr. Welaýatymyzda olaryň gyşlamaklary, kadaly iýmitlenmekleri üçin ýeterlik möçberde köllerdir emeli suw howdanlary bar. Olaryň bir bölegi bolsa biziň goraghanamyzyň çäginde ýerleşýär. Guşlar Amyderýada, Gabakly, Nargyz tokaýlyklarynyň, Kelif çäkli goraghanasynyň çäklerindäki köllerde köpçülikleýin gyşlaýarlar. Bu guşlaryň köpsanlysynyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi bellärliklidir.

Ýylyň iň gysga gündizi

Halk senenamasynda dekabr aýynyň 22-si ýylyň iň uzyn gijesi we iň gysga gündizi hasaplanylýar. Hakyň nazary düşen mukaddes türkmen ülkesiniň gijeki gözelligini näçe wasp etseň-de az. Welaýatymyzyň merkezi Daşoguz şäheriniň nurana ýollarynda, edara-kärhanalaryň binalarynda, seýilgählerde, ýaşaýyş jaýlarynda özboluşly öwşün atýan yşyklar gijelerine asuda asmanymyza bezeg berýän ýyldyzlar bilen bäs edip, has-da gözel görnüşi emele getirýär. Edil şu günlerde bolsa täze ýylyň buşlukçysy bolan, gurjak ýaly bezelen arçalar naşyja jäjeklerini güjeňläp, gijeki gözelligiň görküne görk goşup, hemmeleriň ak arzuwlar bilen garaşýan şagalaňly baýramy bolan Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde ruhubelentlik bagyşlaýar.

Türkmen tebigaty – eşretli eýýamyň ylham çeşmesi

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy.

Gyş pasly geldi

Ak gardan donuny atyp egnine, Türkmen topragyna gyş pasly geldi.şöhrat hem şan berip, ile, döwrüme,Türkmen topragyna gyş pasly geldi. Aňzagy bar, ýagyşy bar, gary bar,Toprak üçin gerek zatlaň bary bar,Ak garyna garaşdyk biz intizar,Türkmen topragyna gyş pasly geldi.

Gyşyň örküji

«Özleşdireniň özüňki» diýleni. Ata-babalarymyzyň irki döwür-eýýamlardan bäri berk ýöredip gelýän milli wagt hasaplary we senenamalary kemala gelýänçä, kösençlikler az bolan däldir. Üşükli, pähim-parasatly ata-babalarymyz tebigat bilen düşünişip ýaşamagyň, ony ulanmagyň, nygmatlaryndan peýdalanmagyň, olary artdyrmagyň emelinem, hasabynam, gurallarynam tapypdyrlar. Duýup, diňläp, düşünip bilene Aý, Gün, ýyldyzlar, şeýle-de Zeminiň dört örüsindäki ähli barlyklar: suwlar, ösümlikler, magdanlar, haýwanlar — barysy boljak hadysalar barada yşarat berip durlar. Zemin emele geleli bäri, göräýmäge, asuda aýlanyp dur. Asudalyk bar ýerinde bolsa bar zat oňatlyk. Ýöne ol düşünen-düşünişen üçin asuda, diline düşünmeýäni, garaşmaýany, taýýar dälleri tebigatyň dürli hadysalary häli-şindi başagaýlyga-da salaýýar.

Reňki hurmaýy igde

Bu daragt hakynda şeýle bir rowaýat bar. Irräkki döwürde bir barjamly baýyň dürli ir-iýmişli uly çarbagy bolupdyr. Şol bagyň içinde-de ýalpyldap duran ýaşyl ýaprakly, miwesi iri hem örän tagamly bir agaç bar eken. Kölegesiniň goýrulygy sebäpli, beýleki ösümliklere zyýan berýänligi üçin baý öz bagbanyna bu daragty çarbagyň daşyna, akar ýabyň boýunda ekmegi buýrupdyr. Ine, şonda çarbagyň daşyna çykarylan bu agajyň göwni galyp, namys etmekden ýaňa ýapraklary kiçelip, inçelipdir, reňki öçüşip, ol açyk aksowult kümüş reňke öwrülipdir. Miwesiniň suwy sykylypdyr, içi tozgalap, igläp, daşky gabygy gyzyl köz ýaly reňke dönüpdir. Igläp-igläp, «igde» adyny alan bu agajyň miwesi welin, şol bir ýokumlylygyna galypdyr. Onuň häzirki wagtda-da obanyň, mellek ýerleriniň çet-gyralaryndaky ýaplaryň boýunda ekilýändigi hem şondanmyş.

Gudrat göreý diýseňiz...

Daglar hakda biziň nusgawy şahyrlarymyz ençeme ajaýyp setirleri miras galdyrypdyr: Daglar ýeriň myhydyr...

Garagum täsinlikleri

Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Hut şundan ugur alyp, Merkezi Garagumuň çäginde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Merkezi Garagumuň aýratynlyklary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem özüniň anyk beýanyny tapýar. Romandaky: «Garagum desterhanynyň ileri tarapynda — Tejen şäheriniň deňesinde öňüňden Tejen derýasy çykýar. Şäherden geçip göni gitmek eýgertmeýän ýaly, derýa bu ýerde ugruny üýtgedýär: gaýralygyna — Merkezi Garaguma ugur alýar» diýlen setirleri okanyňda, Garagum sährasy göz alnyňda ýaýylyp ýatan ýaly bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ana, şol ýerde — derýanyň Garawekiliň jaryna guýup soňlanýan ýeriniň aşak tarapynda Merkezi Garagumy ýanbaşlap oturan tenha bir oba bar» diýlen sözleri-de halkymyzyň öz ýaşaýşyny Garagum sährasy bilen berk baglanyşdyrandygyny iňňän çeperçilik bilen suratlandyrýar.

Zirk

Günorta-Günbatar Köpetdag ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde 1300-den gowrak ösümlik görnüşi hasaba alnandyr. Şol ösümlikleriň 100-den gowragy agaç we agaçjymak ösümliklerdir. Şeýle ösümlikleriň biri-de zirk agajydyr. Zirkleriň dünýäde bäş ýüzden gowrak görnüşi bellidir. Ýurdumyzda olaryň üç görnüşi duş gelýär. Ol başgaça «sarytiken» diýlip hem atlandyrylýar. Bu ösümligiň boýy 2-4 metre ýetýär. Ýapraklary çogdam-çogdamdyr. Zirk ösümligi aprel-sentýabr aýlarynda gülleýär, sentýabr-oktýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Ol düýbünden çykan kök ösüntgilerinden köpelýär. Derelerde, çeşme boýlarynda gür baglygy emele getirýär. 

Şöhlat agajy

Bignoniýalar maşgalasyna degişli bolan şöhlat agajyna (kigella africana) Afrikanyň tropiki zolaklarynda we Madagaskar adalarynda duş gelmek bolýar. Agajyň beýikligi 12 – 15 metr bolup, ýogyn sütünleri we çal gabyk bilen örtülen şahalary bolýar. Onuň ýapraklarynyň uzynlygy 15 santimetre çenli ösýär. Şöhlat agajynyň uly, ýiti gyzyl reňkli, ýakymsyz ysly, sübse şekilli, gül çogdamly gülleri bolýar. Yssy zolaklarda ösýändigi üçin agajyň gülleri gijesine açylýar we ýarganatlaryň, gije uçýan mör-möjekleriň kömegi bilen tozanlanýar. Bu agajyň miwesiniň uzynlygy 40 – 60 santimetre, agramy 10 kilograma, diametri 15 – 20 santimetre çenli bolýar. Onuň miwesi antioksidant, antibakterial häsiýete eýe bolup, dermanlyk ähmiýeti örän ýokarydyr. Afrikanyň ýerli ilaty onuň miwesini çiş kesellerine, guragyra (rewmatizme) garşy we ýylan çakan wagty bedene zäheriň ýaýramagynyň öňüni almakda giňden peýdalanýarlar. Şöhlat agajynyň ter miweleri zäherlidir. Onuň miwesi guradylan, kakadylan görnüşde ulanylýar. Mundan başga-da, onuň miwesinden gowşak aşgar häsiýetli içgiler taýýarlanylýar. Şöhlat agajy diňe bir dermanlyk häsiýeti boýunça tapawutlanman, eýsem, onuň bezeg ähmiýeti-de uludyr. Agajyň täsin miwesi, owadan gülleri onuň bezeg ähmiýetini artdyrýar.

Tebigatyň täsin syrlary

Möjek haýwanlaryň içinde iň güýçli ys alýan jandar hasaplanýar. Ol ýüz kilometr, ondanam uzagrak ýerden awlajak awunyň ysyny alyp bilýär. Şonuň üçin il içinde şeýle söz bar: «Möjegi aýagy ekleýär». * * *

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar

Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler ylmy esaslara daýanýar. Tebigaty goramak işleriniň ylmy esasda ýola goýulmagy

«Bilbiller yşk eden baglary gördüm...»

Bag ekmek sogap iş. Ol tebigatyň yşnaklylygyna yşk goşup, ynsan kalbyna gözellik çaýýar. Adam, köplenç, sähradan ylham algyç bolýar. Şu ýerde şahyr Halyl Kulyýewiň: Keşt etdim, aýlandym eziz Watany,Arçaly, çynarly daglary gördüm.Torç etdim çölleri, gezdim sährany,Bilbiller yşk eden baglary gördüm —

Uly çille

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda tebigatdaky üýtgeşmeler bilen baglanyşykly ençeme setirler bar: Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen,Mizan ötdi, hazan geldi, gyş geldi.

Durnukly ösüşiň kepili

Türkmenistan örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk resminamalary bolan hem-de dünýäde howanyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny   hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Ýurdumyzyň milli derejede edýän tagallalary häzirki zaman ekologiýa meseleleriniň özara baglanyşygyna, her bir ýurduň tejribesini öwrenmegiň wajyplygyna taglymatlaýyn garaýşyna esaslanýar. Şu ýylyň 1-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmagy hem-de bu iri halkara forumynda çuňňur esaslandyrylan oňyn başlangyçlary öňe sürmegi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny mälim etmek bilen, bu borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdiriljekdigini nygtady.

Täzelik

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň nahalhanasynda agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna jemgyýetiň hünärmenleri, bagbanlar, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işler we dürli saýaly, miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirmegiň inçe syrlary hakynda pikir alşyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda bu nahalhanada gülleriň, agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirilýär. Taýýar nahallar sarp edijilere ugradylýar.

Agaryp gyş geldi...

Kätibine galsa, ýazgynyň ady entek uzaldylmalydy. Herhal, birinjiden, eline galam tutduran Aşyrguly mugallymyň, ikinjiden, Pyragy atanyň: Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,Bilmeze az, bilenlere nyrhy köp...

«Çillesi çi:lde ýatmaz...»

Ata-babalarymyz gyş paslyny dört topara bölýär: garagyş, uly çille, kiçi çille, garagyş. Uly çille ertir 8-nji dekabrdan başlap, 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Uly çilläniň dowamlylygy 40 güne çekýär. Bu möwsümde gyşyň garly günleriniň köp bolýandygy sebäpli, türkmen halk aýdymlarynda gyz-gelinleriň alkymyny «kyrk çilläniň garyna» meňzedýärler. Uzak dowam edeni üçin ot-çöpi ýeterlik bolmadyk maldar we hamyrmaýasyny ykjam saklamaýan zenan barada, uly çille: «Gara goýunda guýruk goýman, sakynyk aýalda hamyrmaýa» diýermiş diýýärler. Bu nakylyň ikinji böleginiň manysyny çözlesek, hamyrmaýa sowukda üşese, bişirilen çörek «gülleýär», ýagny çöregiň ýüzi besse-besse bolup ýanýar.

Ýabany armytlar

Günorta-Günbatar Köpetdagda ýabany armytlaryň 4 görnüşi: buasseniň armydy, türkmen armydy, adaty armyt we regeliň armydy duş gelýär. Buasseniň armydy Merkezi Köpetdagda hem ösýär. Armydyň bu görnüşi horaçeken, dagdan agaçlary bilen bilelikde deňiz derejesinden 800-1200 metr belentlikdäki düzlükleriň çöllük zolagynda hem-de gurak çägesöw-daşly dag eňňitlerinde ösýär. Buasseniň armydy boýy 2,5-4 metre çenli ýetýän gyrymsy agaçdyr. Onuň miwesi ownuk bolup, diametri 1 santimetre golaýdyr. Türkmen armydynyň boýy 10-12 metre çenli ýetýär. Miweleri şar şekilli ýa-da gysgajyk armyt görnüşindedir. Miweleriniň diametri 2-4 santimetr aralygyndadyr. Türkmen armydy, esasan, tohumyndan we kök ösüntgilerinden köpelýär.