Şöhlat agajy

12 Dekabr 2023
1538

Bignoniýalar maşgalasyna degişli bolan şöhlat agajyna (kigella africana) Afrikanyň tropiki zolaklarynda we Madagaskar adalarynda duş gelmek bolýar. Agajyň beýikligi 12 – 15 metr bolup, ýogyn sütünleri we çal gabyk bilen örtülen şahalary bolýar. Onuň ýapraklarynyň uzynlygy 15 santimetre çenli ösýär. Şöhlat agajynyň uly, ýiti gyzyl reňkli, ýakymsyz ysly, sübse şekilli, gül çogdamly gülleri bolýar. Yssy zolaklarda ösýändigi üçin agajyň gülleri gijesine açylýar we ýarganatlaryň, gije uçýan mör-möjekleriň kömegi bilen tozanlanýar.

Bu agajyň miwesiniň uzynlygy 40 – 60 santimetre, agramy 10 kilograma, diametri 15 – 20 santimetre çenli bolýar. Onuň miwesi antioksidant, antibakterial häsiýete eýe bolup, dermanlyk ähmiýeti örän ýokarydyr. Afrikanyň ýerli ilaty onuň miwesini çiş kesellerine, guragyra (rewmatizme) garşy we ýylan çakan wagty bedene zäheriň ýaýramagynyň öňüni almakda giňden peýdalanýarlar. Şöhlat agajynyň ter miweleri zäherlidir. Onuň miwesi guradylan, kakadylan görnüşde ulanylýar. Mundan başga-da, onuň miwesinden gowşak aşgar häsiýetli içgiler taýýarlanylýar. Şöhlat agajy diňe bir dermanlyk häsiýeti boýunça tapawutlanman, eýsem, onuň bezeg ähmiýeti-de uludyr. Agajyň täsin miwesi, owadan gülleri onuň bezeg ähmiýetini artdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.