Zirk

13 Dekabr 2023
1538

Günorta-Günbatar Köpetdag ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde 1300-den gowrak ösümlik görnüşi hasaba alnandyr. Şol ösümlikleriň 100-den gowragy agaç we agaçjymak ösümliklerdir. Şeýle ösümlikleriň biri-de zirk agajydyr.

Zirkleriň dünýäde bäş ýüzden gowrak görnüşi bellidir. Ýurdumyzda olaryň üç görnüşi duş gelýär. Ol başgaça «sarytiken» diýlip hem atlandyrylýar. Bu ösümligiň boýy 2-4 metre ýetýär. Ýapraklary çogdam-çogdamdyr. Zirk ösümligi aprel-sentýabr aýlarynda gülleýär, sentýabr-oktýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Ol düýbünden çykan kök ösüntgilerinden köpelýär. Derelerde, çeşme boýlarynda gür baglygy emele getirýär. 

Ýomudaly ÝOMUDOW,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.