"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Köýtendagyň arçasy — gözelligiň parçasy

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy döredilen gününden başlap, tokaýlarymyzyň esasyny düzýän arça agaçlary berk gözegçilik astyna alyndy. Bu möhüm işler häzirki günlerde-de giňden alnyp barylýar. Bu agaçlaryň tebigy ýagdaýda köpelmegi ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde goraghananyň we onuň çäkli goraghanalarynyň meýdanlarynda gorag işleri güýçlendirilýär. Bular bilen birlikde tokaý agaçlarynyň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we meýdanlara ekmek işlerini-de utgaşykly alyp barýarys. Geçen ýylda maksatnama laýyklykda nahalhanamyzda arça nahallarynyň 1 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi we goraghanamyzyň çäginde oturdyldy. Bulardan başga-da pissäniň 3 müň, badamyň 3 müň, arnabyň 2 müň, grek hozunyň 1 müň düýbi ekildi. Olaryň kadaly ösmegini gazanmak meselesini hem gündelik üns merkezinde saklaýarys. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda arçalaryň iki görnüşi duş gelýär. Olaryň biri türkmen arçasydyr. Ol, esasan, Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkan daglarynda gabat gelýär. Köýtendagda bolsa zerewşan arçasy ösýär. Özi-de bu arçalaryň diňe ýabany görnüşde duş gelýändigi olary goramak we köpeltmek baradaky aladanyň artdyrylmagyny talap edýär. Köýtendagda arça agaçlary 1200 ― 2700 metr belentlikde ösýär. Olaryň boýy 16-20 metre, sütüniniň ini 50-60 santimetre çenli bolýar. Çaklamalara görä, özleri-de ýedi, hatda sekiz asyrlap ýaşaýar. Mydama gök öwüsýän, özüniň gaýtalanmajak

Sähra täsinlikleri

Alnymyzda ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz Garagum... Onuň heniz açylmadyk sahypalary sanardan kän. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda: «Garagum — türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi» diýip, oňa jaýdar häsiýetnama berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş çeşmesi bolan Garagum bilen baglanyşykly bu gürrüňleri bize Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda ýaşan, il içinde Weli Arhiw ady bilen tanalan ýaşuly gürrüň beripdi. Bu gürrüňleriň hemmesi luw ýyly bilen bagly.

Garsak

Tebigatda meňzeş zatlaryň köp bolşy ýaly, ynsan häsiýeti, sypaty bilen bagly il arasynda aýdylýan meňzetmeler hem az däldir. Mysal üçin, «bürgüt gözli», «şir sypatly» diýen meňzetmeler bilen birlikde «garsak ýaly» diýen söz düzümlerine hem duş gelýäris. Şu ýerde, eýsem, garsak näme diýen sowal ýüze çykyp biler. Garsak tebigata özboluşly gözellik berýän kiçiräk ýabany haýwan. Ol itler maşgalasyna degişli bolsa-da, göwresi kiçi. Muňa garamazdan, ol örän işjeň we çydamly. Şonuň üçin boýunyň kiçiligine, gysgalygyna seretmezden, armazak-irmezek adama «garsak ýaly» diýilmegi ýöne ýere däl. Garsak (Vilpes Corsac) — aýaklary gysga, daşky sypaty boýunça örän özüne çekiji, tilkiniň çagasyna meňzeş bolup, ýyrtyjylar toparyna degişlidir. Onuň meýdan alamatlary barada aýtsak, tüýi inçe, ýumşak, solak sary-goňrumtyl reňklidir, bedeniniň uzynlygy 50 — 60 santimetr, beýikligi 25 — 35 santimetre deňdir. Bu janawaryň ilki bilen göze ilýän beden synasy onuň ullakan gulaklarydyr. Onuň daşky sypaty we tüýi gyş paslynda has-da göze ilginç bolýar. Garsak giňden ýaýran ýyrtyjylaryň biri bolup, olaryň ýaýran ýerleri tutuş Aziýa we Ýewropa döwletleridir. Biziň ýurdumyzda ýarymçöllükler, sähralar, dag etekleri, garsaklaryň ýaşaýan ýerleri bolup, köplenç alakalaryň, alaňgyrtlaryň sürenleri olar üçin gaçybatalgadyr, şeýle hem sakartorsugyň, tilkileriň sürenlerinde hem seýrek görünýärler.

Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi öwrenilýär

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, onuň baý tebigy we biologiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak ýurdumyzyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanda deňziň ekologiýa taýdan abadan saklanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Künjegiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýüzlerçe görnüşleri dünýäniň biologik dürlüliginiň bahasyz genofonduny düzýär. Maglumatlara laýyklykda, indi köp wagtdan bäri Hazar deňzinde gabat gelýän ötegçi we ülkämiziň suwly-batgalyk ýerlerinde gyşlaýanlaryň iň köp sanlysy sakarbarak, derýaçyl we çümüji ördeklerdir. Ýöne adalaryň, gaýalaryň amatly ýerlerinde, çägesöw zolaklarda köpçülikleýin höwürtgeleýän jübtünlere, çarlaklara, deňiz kepderilerine, kiçi çiriklere tomus aýlarynda has hem köp gabat gelmek bolýar. Bu ýerde dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän ösümlikleriň görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5... +10 gradus maýyl bolar.

Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de te­bi­gat

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň ru­hy ösü­şi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýän me­de­ni däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mek, hal­ky­my­zyň bäş müňýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da ýa­şap ge­çen be­ýik akyl­dar­la­ry­my­zyň gel­je­gi na­zar­la­ýan pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri­ni, mil­li mi­ra­sy­my­zyň nus­ga­wy iş­le­ri­ni il-gü­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça asyr­la­ra ýaň sal­jak iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Konolliniň sözeni

Garagum sährasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onda diňe bir ösümlikler däl, eýsem, agaçlar, gyrymsy agaçlar we ýarym gyrymsylar hem giňden ýaýrandyr. Garagumda ýaýran gymmatly ösümlikleriň biri bolan Konolliniň sözeni kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ol ýaşaýyş formasy boýunça agaçlara we gyrymsy agaçlara degişlidir. Ol 0,5 metrden 8 metre çenli ösmäge ukyplydyr. Onuň uzalan görnüşli çalymtyl ýaşyl reňkli ýapraklary bolup, olaryň daşy ownujak kümüşsöw reňkli tüýjagazlar bilen örtülendir. Şol sebäpli hem ýapraklaryň daşky görnüşi ýüpegi ýada salýar. Ýapragynyň ujy ösüntgi bilen tamamlanýar. Konolliniň sözeniniň ýaprak sapajyklarynda ownuk tikenleri bardyr. Köküniň berkligi oňa sütünini dik saklamaga ýardam berýär. Kök ulgamy ösümligiň ösüp çykan ýerinden gapdallygyna 0,5 metre, aşaklygyna 30 metre çenli uzamaga ukyplydyr. Konolliniň sözeni aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gülleri ownujak, garamtyl-melewşe reňkli bolup, hoşasy birleşendir we çotgajyga meňzeş keşbi emele getirýär. Agajyň kösükleri gysga, ýagny 2 santimetr töweregi ölçegdedir we iýun-iýul aýlarynda bişip ýetişýär.

Sülgün guşy

Sülgün öý towugyna çalymdaş, emma guýrugy inçeden uzyn guşdur. Olaryň horazynyň ýelekleri ala, altynsow, goýy-ýaşyl, mämişi we mawumtyl reňkleriň utgaşygynda, guýrugy sarymtyl-gyzyl, gyzylymtyl-ýaşyl öwüşginli sarymtyl goňur reňkli bolýar. Mäkiýanlarynyň sada bezegli boýny syýa öwüşginli goňur sary, boýny melewşe reňk öwüşginlidir. Sülgünleriň horazy mäkiýanyndan ep-esli uly we guýrugy has uzyndyr. Ylganynda kellesini we boýnuny öňe süýndürip, guýrugyny ýokary galdyrýar. Gowşak we az uçýar. Ilkinji gezek uçanyndan soň gaýtadan uçmaýar, jeňňellikde bukulýar. Horazlarynyň agramy 2 kilogram, mäkiýanlaryň agramy bolsa 1,4 kilograma çenli barýar. Olar guýrugynyň uzyndygy bilen towukşekillileriň ählisinden tapawutlanýarlar. Türkmenistanda sülgünleriň dört görnüşi: pars, murgap, amyderýa we hywa sülgünleri gabat gelýär. Olar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüdigi, köpelýän wagtlary we ýaşaýan ýerleri boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu guşlar Günbatar we Günorta Ýewropa, Kawkaz, Alynky, Merkezi we Gündogar Aziýa Amerikanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Tasmaniýanyň käbir ýerlerinde uýgunlaşdyrylandyr. Türkmenistanyň çäklerinde bolsa, sülgün guşlary Günbatar Köpetdagda, Tejen, Murgap, Garagum derýalarynyň, Amyderýanyň jülgelerinde mesgen tutandyrlar.

Ýantar şaý-sepleri

Demirgazygyň altyny hasaplanýan bu göze ýakymly, «güneşli» daşy adamlar göwherden hem has öň ulanypdyrlar. Häzirki zaman zergärleri bu günki gün ýantar daşyna täze äheň bermäge synanyşyp, mineraly öwrenmegi dowam edýärler. Ýantar daşy gadymy hwoýa ýaprakly agaçlaryň şepbigidir. Mineralyň ýaşynyň ýokarky çägi 140 million ýyl ozal diýlip çaklanylýar. Ýantar bölekleri neolit döwrüniň ilatly ýerlerinden tapylypdyr. Ýaňy-ýakynda bolsa Petrozawodsk şäheriniň golaýynda ýantar daşly tapyndylaryň üsti açyldy, ýagny 100—150-den gowrak ýantar monjuklary we dürli şekilli ýantar asyklary tapyldy.

Tebigat – täsin mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar.

Akpatlawuk

Türkmenistanda täsin howa şertleriniň bolmagyna Hazar deňziniň goşandy örän uludyr. Ol baý biodürlüligi, kenarýakadaky gadymy ýadygärlikleri, tebigy gözellikleriň sazlaşygy bilen bir hatarda, läbik patlawuklary bilen hem köpleriň ünsüni çekýär. Hazaryň kenar ýakasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri läbik wulkanlardyr. Adatça, «wulkan» diýlende, garaşylmadyk ýerden ýüzlerçe metr ýokarlygyna atylyp gidýän ýa-da ergin halda ýerden çogup çykýan gyzgyn suwuk akym göz öňüňde janlanýar. Hakykatda welin, olaryň tebigatyň iň kuwwatly, iň täsin we iň howply hadysalarynyň biridigi şübhesizdir. Wulkanlar Zemin döräli bäri onuň daşky durkuny ilkibaşdakysyndan düýpgöter özgerdip gelen hadysalaryň hatarynda durýar. Olar hut häzirki günlerde-de Ýeriň daşky keşbini ýuwaş-ýuwaşdan «timarlamaklaryny», «özgertmeklerini» dowam etdirýärler. Bar bolan maglumatlara görä, mahal-mahal hyruç bilen atylyp ýa-da çogup çykýan wulkanlaryň umumy sany 1500-e ýetýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň häzirki çäkleriniň onlarça million ýyl mundan ozal, ýagny daglaryň emele gelýän döwürlerinde has güýçli wulkanlaryň mesgeni bolandygyny taryhy-geologik galyndylar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Wagtyň geçmegi bilen, kuwwatly wulkanlaryň aglabasy hereketlerini tamamlan-da bolsalar, läbik wulkanlar häzire-bu güne çenli «işlemeklerini» dowam etdirýärler. Olar, esasan, ýumşak toprakly, lüýkli läbik depe

Kiçi çille

Türkmenleriň nesilme-nesil peýdalanyp dowam etdirip gelýän ýyldyz ýörelgesine eýerýän milli senenamasy boýunça 16-njy ýanwarda gyşyň iň uly bölegi bolan uly çille tamamlanyp, aýyň 17-sinde kiçi çille başlandy. Ata-babalarymyz kiçi çilläni örän yzgytsyz hasaplaýarlar. Sebäbi ol bary-ýogy 20 gün dowam etse-de, çarwany-da, daýhany-da aljyradypdyr. Özüniň aýazly, aňzakly we garly günleri bilen ol köpi synaga salypdyr. Kiçi çillede ýagan garyň ýeriň ýüzünde 40 günläp eremän duran ýyllary-da bolupdyr. «Gyş gazabyna tutdy, hernä yzy düzüw bolsun-da!» diýip, çarwalar şonda howanyň maýlamagyna garaşypdyrlar. Eýýäm agralyp başlan ene goýunlary alada bilen gurşap, olaryň ýyly we dok saklanmagy üçin alada baryny edipdirler. Ätiýaçlyk otuň we iýmiň aglaba bölegi hut şu döwürde sarp edilipdir. Çopanlara goşmaça adamlar berkidilipdir. Daýhanlar bolsa bu döwürde, esasan, gyşky ýuwuş suwuna üns beripdirler. Suwy ýeriň içinde doňduryp bilseň, onuň peýdasy az bolmandyr. Bu ýyl uly çille gazabyna tutmady. Howanyň maýyllyk we sowuklyk ýagdaýy şol bir derejede saklandy. Gijelerine aýazly bolsa-da, gündizlerine maýlady. Eýsem, kiçi çilleden nähili howa garaşylýar? Köp ýyllaryň dowamynda howany we tebigatyň üýtgemelerini synçy nazary bilen degşirip-deňeşdirip gelýän ýaşulularymyz bu ýyl kiçi çilläniň-de gazabyna tutmajagyny aýdýarlar. Ýagny Aralyk ýyldyzynyň daňdan ýaşýan wagty ol birneme öçügsi görün

Bulary bilýärsiňizmi?!

Gyş möwsüminde iýilýän miweler beýleki pasyllardakydan biraz üýtgeşik bolýar. Baýramçylyklarda-da, adaty ýagdaýlarda hem saçaklarymyzda orun alan mandarin, pyrtykal, greýpfrut şeýle miwelere degişlidir. Olar biri-birine meňzeş hem bolsa, tagamy-da, daşky görnüşi-de biri-birinden saýlanýar. Eýse, olaryň nähili tapawutly taraplary bolýarka? Mandarin

Kiçi çille

(18-nji ýanwar — 7-nji fewral aralygy) Pelegiň hemme taraplaryna syýahat edip aýlanýan Ýer öz ýolunda dürli ýyldyzlaryň örüsine aralaşýar. Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň hasabyndan başyň çykmagy, olaryň dogup-ýaşýan wagtlary tebigatda bolýan hadysalary anyk bilmek ekerançylykda-da, maldarçylykda-da, durmuşda-da iňňän zerur bolup durýar.

Bathyzyň ajaýyp täsinlikleri

Garadaş Ol ýyl saragtly dostlarymyňka gezelenje baranymda olar:

Palmalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ekilýän dürli baglardyr güller obalarymyzyňdyr şäherlerimiziň gözelligine görk goşýar. Owadan, kaşaň binalaryň öňlerinde, köçeleriň gyralarynda beýleki baglar bilen bilelikde, palmalar hem ekilip, olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Palmalar, esasan, tropiki we subtropiki ýerlerde ösýän agaçdyr. Tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan, bezeg agajy bolan palmalar özüniň daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Ösümlikler dünýäsinde

Dünýäde iň tiz ulalýan ösümlik bambukdyr. Ol bir gije-gündizde 40 santimetrden 1 metre çenli ösýär. *  *  *

Gözelligiň aşygy

Dag eteginde ýaşamagyň aýratyn lezzeti bar. Çar ýanyň dag bolsa özüňi goragly, arkaly duýýarsyň. Halkymyzyň gezelenç etmek üçin iň arzuwlaýan ýerleriniň biri bolan Sekizýap jülgesinde ýaşamagym maňa aýratyn ylham berýär. Öten agşamky güpüläp düşen gar daş-töweregimizi ertekiler dünýäsine öwürdi. Ir bilen bu gözelligi synlap, aklykdan ganyp bilmän durşuma Aşgabatda garyň ýaganyny-ýagmanyny bilmek üçin jorama jaň etdim. Ol howanyň sowandygyny, ýagşyň ýagyp, garyň entek ýagmandygyny aýtdy. Soňra biz joram bilen geçenleri ýatladyk. Joram dagdan inýän çeşme suwunyň aşygy. Myhmançylyga gelen wagty çeşmeleriň owazyny diňläp aýdym diňlän ýaly bolýandygyny ol hemişe gürrüň bererdi. Dag eteginiň gözelligi dil bilen beýan ederden aňyrda. Bu ýerler her pasylda öz gözelligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Käwagt daglaryň göwsüni ýaryp çykýan öt-çöpleri, dürli pürli we miweli agaçlary synlap oturyşyma öz-özüm bu keramatly ýerleriň syrly dünýäsine düşünesim gelýär. Kinniwanja otjagazlaryň, näzijek gülleriň, äpet-äpet agaçlaryň dag göwsüni böwsüp gögermesi diýseň täsindi. Mellegimiziň aýagujunda akyp ýatan durnagöz ýap hem gözbaşyny dagdan alyp gaýdýan çeşme suwy. Ol suwdan taňkada gaýnadyp çaý içen wagtyň dünýäni unudýarsyň. Käkilik otudyr dag narpyzynyň, böwürslendir atgulaklaryň ýakymly ysy lezzet berýändir. Megerem, dag eteginde ýaşaýan adamlaryň sagdyn bolmagy, uzak ýaşamagy hem ş

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Köýtendag - täsin mekan

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli ýurdumyzyň gündogar çetinde ýerleşýän Köýtendag jülgesi tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Köýtendagyň asyrlaryň syrlaryny goýnunda saklaýan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhymyzyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen gaýalar bilen berk gurşalan täsin ýerleri göreni haýrana goýýar. Köýtendagyň geografiki ýerleşişi - Köýtendag gündogarda Täjigistanyň, Özbegistanyň çäklerinde günbatara uzalyp gidýän Gissar dag ulgamynyň iň günbatarky bölegi - kiçeňräk gerşi bolup durýar. Köýtendag Gissar dag ulgamynyň umumy ulgamynyň uzalýan ugrundan tapawutlylykda demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugrugyp gidýändir. Dag gerşi bilen uzalyp gidýän jülgäniň düýbünden Köýten derýasy akyp, Köýtendagyň günbatarynda tebigy çäk emele getirýär. Köýtendag demirgazyk-gündogarda geriş şekilini ýitirmän, doganlyk ýurt bolan Özbegistanyň çäklerine geçip gidýär. Umuman, Köýtendagyň suw bölüji gerşinden Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçägi geçýär. Bu gerşiň iň beýik depesi 3139 metr belentlikdäki Aýrybaba depesidir. Aýrybaba ýurdumyzyň çäklerindäki iň beýik depe, ýagny Türkmenistan Watanymyzyň iň beýik nokady hasaplanylýar. Köýtendag demirgazykdan günorta tarap uzalyp, günortada Şirbat, günbatarda Köýten derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. O