Sähra täsinlikleri

31 Ýanwar 2024
1510

Alnymyzda ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz Garagum... Onuň heniz açylmadyk sahypalary sanardan kän. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda: «Garagum — türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi» diýip, oňa jaýdar häsiýetnama berýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş çeşmesi bolan Garagum bilen baglanyşykly bu gürrüňleri bize Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda ýaşan, il içinde Weli Arhiw ady bilen tanalan ýaşuly gürrüň beripdi. Bu gürrüňleriň hemmesi luw ýyly bilen bagly.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.