Sülgün öý towugyna çalymdaş, emma guýrugy inçeden uzyn guşdur. Olaryň horazynyň ýelekleri ala, altynsow, goýy-ýaşyl, mämişi we mawumtyl reňkleriň utgaşygynda, guýrugy sarymtyl-gyzyl, gyzylymtyl-ýaşyl öwüşginli sarymtyl goňur reňkli bolýar. Mäkiýanlarynyň sada bezegli boýny syýa öwüşginli goňur sary, boýny melewşe reňk öwüşginlidir. Sülgünleriň horazy mäkiýanyndan ep-esli uly we guýrugy has uzyndyr. Ylganynda kellesini we boýnuny öňe süýndürip, guýrugyny ýokary galdyrýar. Gowşak we az uçýar. Ilkinji gezek uçanyndan soň gaýtadan uçmaýar, jeňňellikde bukulýar. Horazlarynyň agramy 2 kilogram, mäkiýanlaryň agramy bolsa 1,4 kilograma çenli barýar. Olar guýrugynyň uzyndygy bilen towukşekillileriň ählisinden tapawutlanýarlar. Türkmenistanda sülgünleriň dört görnüşi: pars, murgap, amyderýa we hywa sülgünleri gabat gelýär. Olar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüdigi, köpelýän wagtlary we ýaşaýan ýerleri boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.
Bu guşlar Günbatar we Günorta Ýewropa, Kawkaz, Alynky, Merkezi we Gündogar Aziýa Amerikanyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň we Tasmaniýanyň käbir ýerlerinde uýgunlaşdyrylandyr. Türkmenistanyň çäklerinde bolsa, sülgün guşlary Günbatar Köpetdagda, Tejen, Murgap, Garagum derýalarynyň, Amyderýanyň jülgelerinde mesgen tutandyrlar.