"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — bagy-bossan

Şäheriň gözelligi ugrunda Welaýat merkeziniň bag-seýilgäh ulgamynyň täze agaçlar, güller bilen üstüniň ýetirilmegine Daşoguzyň arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň zähmet topary uly goşant goşýar. Mysal üçin, geçen ýylyň güýz möwsüminde onuň hünärmenleri özleriniň garamagyndaky açyk görnüşli nahalhananyň çäginde hemişe ýaşyl öwsüp oturan pirikato gyrymsy bezeg agaçlarynyň nahallaryny ekdiler. Ol gyrkyp, dürli şekilleri ýasap bolýandygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda şäheriň dürli künjeklerinde ondan ýasalan şekilleri görmek bolýar. Ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bu agaçlaryň sany has köpelse, onda onuň welaýat merkeziniň tokaý zolagynyň öňküden hem gözelleşmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

Biz dünýäniň iň gymmatbahaly daşy göwherdir diýip pikir edýäris. Emma ol beýle däl. Tebigatda göwher ýaly täsin, owadan, käte gymmatlygy boýunça ondan hem ýokary, ýöne seýrek duş gelýän minerallar hem bar. Adatça, olaryň gymmatlygy daşyň tebigylygy, seýrekligi, owadanlygy hem-de oňa bolan islegiň ýokarylygy bilen ölçenýär. Makalamyzda şol gymmatbahaly daşlaryň sanawyny bermegi makul hasap edýäris. Gyzyl almaz — almaz toparynyň örän gymmat görnüşi we dünýäde iň gymmat mineraldyr. Adamzat taryhynda bu mineralyň birnäçe görnüşleri tapylypdyr we olaryň köpüsi örän kiçi agramda bolupdyr (iň kiçisi 0,5 karatdan hem az). Gemmologiýa ylmynda almazyň bu görnüşiniň tebigy reňki goýy gyrmyzy diýlip hasap edilýär. Reňkli almazlaryň ýeke-täk mesgeni Argaýyl (Awstraliýa) almaz känleri bolup, ondan her ýylda sanalgyja möçberde daş alynýar. 0,1 karat agramda bolan bu mineralyň tebigy görnüşi, adatça, diňe auksionlara çykarylýar.

Sahypamyzyň myhmanlary

Deňiz pyşdyly tennisiň topy ýaly ululykdaky ýumurtgadan çykanyndan soňra, çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýar. Ol suwa ýetýänçä, guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan goranmaga, tolkunlara özüni atanyndan soňra bolsa, beýleki deňiz jandarlaryndan gaçmaga mejbur bolýar. Olar ýumurtgadan çykan ugruna näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini gowy bilýärler.

Tebigat ýaşaýşyň çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy maddalary tygşytly ulanmak, suw serişdesini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, şahsyýetiň aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, sporty ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär, sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy, ösüşi, geljegi, ekologiýa gönüden-göni bagly bolup durýar. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň hä

Tebigat — bereket hazynasy

Türkmen topragynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu meselelerde dünýä nusgalyk ýörelgä eýerýär we degişli edara-kärhanalaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Olara laýyklykda möhüm resminamalar kabul edilýär. Şeýle resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem bar. Bu iri göwrümli maksatnama laýyklykda ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle-de howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan ýaramaz täsirleri kemeltmek bilen, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şeýle ählihalk işine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Biziň goraghananyň direktory Garýagdy Setdarow bilen söhbetdeşligimiz hem şeýle il-ýurt bähbitli işler hakynda boldy. — Garýagdy Setdarowiç, goraghananyň biodürlüligi turuwbaşdan hemmeleri gyzyklandyrýan sowal...

Suwy şypaly gowak

Köwata gowagy Aşgabatdan 100 kilometr günbatarda ýerleşýär. Gowagyň içindäki uly köl suwy suwa düşmek üçin ýaramlydyr. Köwata gowagynyň kölüniň uzynlygy 80 metre, ini 14 metrden 23 metre çenli bolup, iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Onuň suwunyň temperaturasy mydama 33—38 gradus ýylylykda saklanýar. Onuň suwy ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Irki döwürlerden bäri adamlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini bilipdirler hem-de deri we iç kesellerini bejermäge gelipdirler. Onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorod, bejeriş häsiýeti ýokary bolan mikro we makroelementleriň onlarçasy bardyr. Has takygy, onuň suwunda 38 görnüşli himiki elementiň bardygy anyklanyldy. Olar içki we deri kesellerinden başga-da, guragyryny we merkezi degna ulgamyny bejermekde peýdalydyr. Ýöne ýürek gan-damar keselleri bolan we gan basyşy kadaly bolmadyk adamlar gowaga girmekden saklanmalydyrlar. Halk arasynda Köwata hakynda birnäçe rowaýatlar bar. Ýerasty gowagyň we kölüň bardygy baradaky ilkinji ylmy maglumat 1856-njy ýylda peýda boldy. Şondan bäri bu ýer adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda ol bütindünýä jahankeşdeleriniň üns merkezindedir.

Toprak hem-de ýer hakda

Gaty gatlak, Garagaty — sürülýän gatlagyň astyndaky dykyz gaty gatlak. Bu gatlak ýeriň çuň sürülmezliginiň netijesinde emele gelýär. Däneli ekinleriň we pagtanyň 70-80 göterime çemesi gaty gatlagy deşip ösüp bilmeýär. Netijede ösümlikleriň oňat ösüp bilmeýänligi üçin hasyllylygy-da pes bolýar. Gaýyr ýer — derýanyň ada taşlan ýerindäki ekerançylyk ýer. Onuň topragy küpürçäp duran ýumşak bolýar. Derýanyň ýakyndan akýanlygy üçin toprakdan yzgar çykyp durýar. Şonuň üçin oňa düme gawun-garpyz ekilýär.

Gyzylgum — gyzylly hum

Gyrkylyk yzly bu çöl hakynda oýlananyňda, seriňe hut şeýle pikir gelýär. Hakykatdan-da, Gyzylgumuň topragynyň asty-da, üsti-de baýlyklardan doly. Indi birnäçe ýyldan bäri çölümiziň göwsünden «mawy ýangyç» we «gara altyn» gazylyp alynýar. Türkmen tebigy gazy bolsa alysdaky Hytaýa akdyrylýar. Çölümiziň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän owadan we dürli-dürlüdir. Hawa, Gyzylgum çöl däldir, ol behişdiň bir parçasydyr. Onda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri bar. Olar hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Şol sebäpli adamlar Gyzylgumy tebigy dermanhana hasaplap, onda ösýän şol ösümliklerden dertlerine dowa tapýarlar.

Çal möjekler

Möjekleriň agajet, syrdam, dykyz göwresi, inçe aýaklary bardyr. Inçeden gelen uzyn ýüzi, gyýak ýerleşen hyrsyz gözleri, ýere biraz ýetmän duran guýrugy, mydama diýen ýaly dik durýan gulaklary olary itlerden tapawutlandyrýar. Daşdan göräýmäge, olaryň hemmesi birmeňzeş çal bolup görünse-de, olaryň hersiniň ýaşaýan ýerlerine we ýylyň her paslyna baglylykda reňkleriniň, tüýleriniň uzynlygynyň tapawudy bolýar. Ýumşak, agymtyl tüýleriniň arasynda gara, ýogyn gyllaryň bolmagy ähli möjeklere mahsusdyr. Şonuň üçin olara çal möjekler diýilýär. Möjekler çöllerde, baýyrlarda, daglyk ýerlerde ýaşaýarlar, adamlardan gaça durýarlar. Olar çaýlaryň, jarlaryň içinde, urpak ýerlerde, daglyklarda özlerine süren edinýärler. Möjekler tomsuna ýeke, kähalatlarda iki-üç bolup, güýzüne we gyşyna bolsa tutuş maşgalalary bilen orda bolup aw edýärler. Aw awlanlarynda ordanyň ähli agzalary sazlaşykly hereket edýärler. Ýaş möjekler oljany dürli taraplaryndan ürküzip, belli bir ugra tarap gaçmaga mejbur edýärler. Uly möjekler bolsa gerek ýerinde bukulyp, çemine gelende, bat bilen oljanyň üstüne böküp, bokurdagyndan ýapyşýarlar we ony ýere ýykmak bilen bolýarlar.

Baglar gülledi

Golaýda gazetimiz bilen ýygy aragatnaşyk saklaýan kerkili bilim işgäri Ödegeldi Kulyýew redaksiýa jaň edip, etrapda baglaryň gülläp başlandygyny we tebigatyň täze keşbini surata düşürendigini habar berdi. Ol öňki ýyllarda, adatça, badamyň ir gülleýändigini, ýöne şu ýyl ilkinji bolup erigiň gülländigini hem sözüniň üstüne goşdy. Bu habar bereketli türkmen topragyna şahandaz bahar paslynyň golaýlap gelýändigine şaýatlyk edýär. Gyşyň soňky aýynda howanyň ýyly gelmegi tebigatyň ir janlanmagyna getirdi. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa halk senenamamyz boýunça çarwa gyşy tamamlanyp, hut döwri başlanýar. Ol 21-nji fewraldan 22-nji marta çenli dowam eder. Bu döwür daýhanlaryň ýaz-meýdan işlerine gyssanmaly döwrüdir. Welaýatymyzyň babadaýhanlary häzirki günlerde ýeralmadyr beýleki gök ekinleriň ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Baglaryň güllemegi bolsa sygyr ýylynyň bereketli boljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Jana melhem tebigat (çagalyk döwrümiň ýatlamalaryndan)

Eger-de suratkeş bolan bolsadym, onda reňkli galamlary elim bilen herekete getirip, kyblam atamyň tomus gününiň yssysynda derman otlary ýygnaýan keşbini çekerdim... Hemişe kakamyň gapymyzda ösüp oturan garry şatudyň saýasynda, käte-de gaýramyzdaky meýdandan ýygyp gelen buýan, narpyz, ýandak, üzärlik, düýedaban ýaly ösümlikleri guratmak üçin taýýarlap oturyşy, köplenç bolsa ulag ussaçylygyna mübtela bolup oturan keşbi hyýalymda janlanýar. Heniz 6 — 7 ýaşly oglankam, oba adamlarynyň öýmüze gelip, «Çary aga, dermanlyk otlaryňdan bir gysym-ýarym gysym berip bilmezmiň?» diýýänleri ýadyma düşýär. Ol mähir bilen ýylgyryp: «Em bolsun, iliň derdine ýaramakdan zyýat zat barmy näme?!» diýip, geleniň möhümini bitirip, derdine em boljak hemaýaty edenine ak göwünden begenerdi.

Ahyrky garagyş

Ahyrky garagyş — bu 6 — 21-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 15 gün bolan döwürdir. Türkmen halk senenamasy boýunça Ahyrky garagyş gyş paslynyň ahyrky günleridir. Ata-babalarymyz gyş paslynyň tamamlanmagyny 22-nji fewralda «Togsan doldy» diýip, belläpdirler. Ahyrky garagyş döwri başlananda, ýurdumyzda gündiziň dowamlylygy 1 sagat töweregi uzalyp, ol ýurt boýunça ortaça 10 sagat 29 minuta barabar bolýar. Gijeler gysgalyp, gündizler uzalsa-da, bu döwürde-de howa sowuk bolup, käte ýerde garyň ýatýan halatlary hem bolýar.

Towşana dogduk depe...

Ümmülmez Garagum uzaklara ýaýylyp gidýär. Bu jelegaýda towşana aw diýip, tüpeň çeneýän adama gözüň kaklyşjak gümany ýok, çünki bu ýerler Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasyna degişli. Paslyň egri dyzdan gara bürenen halaty, ho-ol alaňyň üstünde towşan göründi. Ana, yzy bilen ýene biri towsup çykdy. Gara bürenen Garagumuň burjy baglan çeti-çerkezli, gandym-sözenli gerşinde dürli haýwanlaryň aýak yzlary mese-mälim bildirýär. Zoolog dostum maňa ol yzlary ýekän-ýekän «okap berýär»: çalja towşandyr ýüwrük keýik, tilkidir şagal, möjekdir garsak, hüwüdir gyrgy, çaýkeldir dazzarkel...

Täsin güller

Orhideýa gülleri bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýär. Ylymda gülleriň 35 müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Gögerýän topragyna baglylykda orhideýa gülleri epifit, saprofit ýa-da litofit görnüşli bolýar. Olaryň aglabasy epifit ösümlikler (bagyň şahasynda, başga ösümlikleriň üstünde ösýän, ýöne mugthorluk etmeýän) hasaplanýar, ýöne litofit görnüşlilerem (daşly, çagylly ýerde bitýän), saprofit hillilerem (mugthor, ýagny başga ösümlikleriň üstünde ösýän we şolaryň hasabyna iýmitlenýän) duş gelýär. Orhideýa gülleri gözelligi, täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Geliň, şolaryň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri bilen tanyş bolalyň! Kaleana ýa-da uçýan ördek orhideýasy

Gadymy mekanyň gözellikleri

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy ösümliklere, ýabany haýwanlara, dürli görnüşli guşlara baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly amala aşyrýan bimöçber aladalarynyň netijesinde goraghananyň haýwanat, ösümlik dünýäsi barha baýlaşýar. Goraghana degişli Gaplaňgyr hem-de Gulantakyr meýdançalary, şeýle-de Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary bar. Şu goraghananyň çäginde ýerleşýän Sarygamyş kölüniň taryhy örän aňyrdan gaýdýar. Onuň döremegi Amyderýa bilen baglanyşykly bolup durýar. Sebäbi  Amyderýa, alymlaryň aýtmaklaryna görä, VII-VIII asyrlarda öz akymynyň ugruny Sarygamyş çöketligine ugrukdyrýar. Şonuň netijesinde, şol döwürde Sarygamyş çöketligi suwdan dolup, ýokary derejä ýetýär. Sarygamyş köli ýurdumyzyň çäginde uly baýlyk bolup durýar. Sebäbi kölüň töwereginde haýwanlaryň dürli görnüşleri ýaşaýar. Olardan keýikler, Bathyzdan göçürilip getirilen gulanlar hem şu kölüň kenaryna gelýärler.

Hoz agajy

Güneşli Diýarymyzyň ajaýyp baý ösümlik dünýäsi bar. Gojaman Köpetdagda gabat gelýän täsin agaçlaryň biri-de grek hozudyr. Täsin hoz agajy derelerde, çeşmeleriň boýunda ösýär. Hoz agajy, esasan hem, Hytaýda, Hindistanda, Owganystanda, Eýranda giňden ýaýrandyr. Hoz diňe bir adamlaryň däl, eýsem, ähli jandarlaryň halaýan iýmitidir. Grek hoz agajy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hoz maňzynda 45 — 77 göterime çenli ýag bolup, esasan hem, lukmançylykda ýürek-damar kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar. Onuň kaloriýasy sygyr etine garanyňda 7 esse köpdür. Hozuň daşky gabygy boýag üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Hoz agajy howanyň arassa ýagdaýda saklanmagyna hem oňyn täsir edýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bir düýp hoz agajy ortaça üç adama bir ýyllap dem almaga ýeter ýaly kislorody öndürýär. Adatça hoz agajy aprel aýynda gülleýär. Sentýabr, oktýabr aýlarynda miwesi ýygnalýar. Hoz nahallarynyň boýy 2 — 3 ýyldan 1 metre çenli, köki bolsa, 60 — 80 santimetre çenli uzap gidýär. Hoz agajy 5 — 7 ýyldan soňra miwe berip başlaýar. Hoz diňe bir lukmançylykda ulanylman, eýsem, tagam taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda hozuň maňyzlary, esasan, süýjülik tagamlary taýýarlamakda has köp ulanylýar. Şeýle hem, bu önüm konditer önümlerini öndürýän kärhanalarda dürli görnüşdäki süýji-köke harytlaryny taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar. Hoz dünýäniň dürl

Tebigaty goramak hemmeleriň borjudyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bitewüligini, durnuklylygyny we ýokary öndürijiligini gorap saklamak, olary netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň bir bölegi bolan dag tokaýlarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmakda we durnuklaşdyrmakda ähmiýeti barha artýar.

Guş­lar — ak säh­ra­nyň owa­zy

Mähriban Arkadagymyz: «Çogly güneşi, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar» diýende müň keren mamla. Ösümlik dünýäsi bilen bir hatarda, guşlar dünýäsi goýny gülzar Garagumuň aýrylmaz bölegi. Ak sähranyň owazy bolan guşlaryň hersi özboluşly täsinlige eýe. TORGAÝ

Ösümlikli sütün

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanjak ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň nyşanynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan derek agajynyň şekili ýerleşdirilen. * * *