Tebigat ýaşaýşyň çeşmesi

17 Fewral 2021
1631

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy maddalary tygşytly ulanmak, suw serişdesini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, şahsyýetiň aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, sporty ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär, sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy, ösüşi, geljegi, ekologiýa gönüden-göni bagly bolup durýar.

Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Aziza HANMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.