Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

19 Fewral 2021
2258

Biz dünýäniň iň gymmatbahaly daşy göwherdir diýip pikir edýäris. Emma ol beýle däl. Tebigatda göwher ýaly täsin, owadan, käte gymmatlygy boýunça ondan hem ýokary, ýöne seýrek duş gelýän minerallar hem bar. Adatça, olaryň gymmatlygy daşyň tebigylygy, seýrekligi, owadanlygy hem-de oňa bolan islegiň ýokarylygy bilen ölçenýär. Makalamyzda şol gymmatbahaly daşlaryň sanawyny bermegi makul hasap edýäris.

Gyzyl almaz — almaz toparynyň örän gymmat görnüşi we dünýäde iň gymmat mineraldyr. Adamzat taryhynda bu mineralyň birnäçe görnüşleri tapylypdyr we olaryň köpüsi örän kiçi agramda bolupdyr (iň kiçisi 0,5 karatdan hem az). Gemmologiýa ylmynda almazyň bu görnüşiniň tebigy reňki goýy gyrmyzy diýlip hasap edilýär. Reňkli almazlaryň ýeke-täk mesgeni Argaýyl (Awstraliýa) almaz känleri bolup, ondan her ýylda sanalgyja möçberde daş alynýar. 0,1 karat agramda bolan bu mineralyň tebigy görnüşi, adatça, diňe auksionlara çykarylýar.

Taýýarlan: Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».