"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sa­ha­wat­ly top­ra­gyň was­py

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­nyň was­py­na öw­rü­len Ha­syl to­ýy ýe­tip gel­ýär. Gö­zel Di­ýa­ry­myz­da Ha­syl to­ýu­nyň döw­let de­re­je­sin­de giň­den bel­le­nil­me­gi bi­ziň her bi­ri­mi­zi çuň­ňur buý­san­ja bes­le­ýär. Çün­ki bu baý­ram türk­men hal­ky­nyň rys­gal-be­re­ke­di­niň, sa­çak­la­ry­my­zyň do­lu­ly­gy­nyň, bol­çu­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr.

Daýhan baýasa, ýurt baýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli asylly başlangyçlaryny, beýik işlerini mynasyp hem üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda obasenagat ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan ýer, suw, dökün, tohum hem-de tehnika babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz, oba hojalygy boýunça iş alyp barýan hususy düzümler ýylyň-ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, dürli görnüşli miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja önümleriniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Olar Hasyl toýuna hem mynasyp zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz her hepdede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen geçirýän iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde oba hojalygy boýunça alnyp barylýan möwsümleýin işleriň, amala aşyrylýan özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar. Şunda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygy hem-de uly äh

Uly baýrama zähmet sowgady

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy daýhanlary Hasyl toýunyň bosagasynda şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edip, bereket-bolçulygyň baýramyna uly zähmet sowgadyny taýýarladylar. Olar gowaça ekilen 7300 gektar meýdandan 15 müň tonnadan gowrak «ak altyn» öndürip, borçnamalaýyn tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şunda 500 tonnadan gowrak pagta hasyly bellenilen meýilnamadan artyk ýygnaldy. Zähmet ýeňşi merdana daýhanlaryň toý şatlygyny artdyryp, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Hojalykda ýetişdirilen bol hasyly çalt hem ýitgisiz ýygnap almak boýunça şu ýyl taýýarlyk işleri ýokary derejede guraldy, ähli ulgamlaryň sazlaşykly hem-de utgaşykly hereketi göwnejaý ýola goýlup, gündelik zerur çäreler geçirildi. Ýygym möwsüminde dürli görnüşli tehnikalar, iş gurallary, ätiýaçlyk şaýlarydyr beýleki oba hojalyk enjamlary bilen doly üpjün edilen ýörite toparlaryň 40-sy döredildi. Olar pagta ýygymynyň bütin dowamynda tehniki-guramaçylyk işlerini alyp bardylar. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde kärendeçileriň 1560-dan gowragy gowaçany ösdürip ýetişdirmekde netijeli zähmet çekýär. Olaryň aglabasy ýygymyň ilkinji günleri tabşyryklaýyn şertnamalaryny artygy bilen berjaý etdi. Daýhançylyk kesbi-kärini kämil ýöredip gelýän kärendeçi Alimjan Ýusupbaýew 2 gektar ýerden 13,5 tonnadan gowra

Bagy baryň — bary bar

Türkmeniň toý saçagyna almadyr nar, armytdyr garaly, üzüm ýaly miweler aýratyn gelşik berýär. Şeýle önümleriň terligi, göze ýakymlylygy, tagamynyň süýjüligi seni dessine özüne çekýär. Şonuň üçin olara bada-bat eliňi uzadanyňy duýman galýarsyň. Ine, şeýle behişdi önümler bilen Hasyl toýunyň saçaklaryny bezeýän lebaply bagbanlar hem bu baýrama mynasyp sowgatly geldiler. Olaryň jemi 50-ä golaý görnüşli miweleri, 12 görnüşli üzümleri bu gün halkyň saçagyny bezeýär. Baldan datly miweleri ýetişdirýän bagbanlaryň arasynda Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasyndan Agamyrat Hatamow, Dänew etrabynyň Isbaz obasyndan «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupow, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinden Akmyrat Töräýew dagy hem bar. Olar diňe bir miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, miweleri çaknyşdyrmak arkaly täze-täze sortlary döretmek işlerini-de alyp barýarlar. Bagbançylyk ugrundan Russiýa Federasiýasynda okap, ýokary bilim alan Akmyrat Töräýew daşary ýurtlarda bitýän miweleriň iň oňat görnüşlerini ýörite gidip getirip, ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek işini alyp barýar. Onuň Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndan getiren «Awatar», «Nelloin» görnüşli içi çigitsiz üzüm, Italiýadan getiren gara erik, Fransiýada we Moldowada bitýän «UFO-4» görnüşli şetdaly we ABŞ-nyň «Berbanik» atly, garaly berýän agaç nahallaryndan önen miweler bu gü

Ýeralmanyň bol hasyly

Hasyl toýuny oba hojalygynyň ähli ugry boýunça guwandyryjy görkezijiler bilen garşylaýan hojalyklaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy-da bar. Zähmetsöýer zenan Aýjahan Nuryýewanyň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygynyň ýeralma öndürmekde gazanýan netijeleri has-da guwandyryjy. Ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümi bolan ýeralmanyň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna saldamly goşant goşýan hojalygyň zähmetkeş daýhanlarynyň bu ekini ösdürip ýetişdirmekde baý tejribesi bar. Olar hojalyga bölünip berlen ýerleriň bir böleginde ýeralma ýetişdirip, bol hasyl alyp gelýärler.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Türkmen topragy — rysgal-döwletli toprak. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uludan bellenilýän Hasyl toýy bolsa sahawatly topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini, egsilmez rysgaly alamatlandyrýar. Hasyl toýy — bütin halkyň toýy. Bu baýrama ähli oba hojalykçylarymyz bilen birlikde, ýaş daýhanlarymyz hem uly zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz türkmen topragyny bagt saçagyna deňäp, yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan beýik işler, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatlar olaryň göwünlerini has-da galkyndyrýar. Ýaş zähmetkeşleriň ýürek buýsançlary bolsa belent äheňde ýaňlanýar.

Hususyýetçi daýhanlaryň üstünlikleri

Halkymyzyň baýlygyna deňelýän pagtany ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Güneşli ülkämizde pagta ösdürip ýetişdirmekde we ony gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda hususyýetçi daýhanlaryňdyr telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy edermen daýhanlary has-da öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygynda-da netijeli zähmet çekýän hususyýetçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp bina» we «Ak ýüpek» hojalyk jemgyýetleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanýan üstünlikleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Oba hojalyk pudagynda halkara tejribesi ulanylýar

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we degişli amallaryň awtomatlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa önüm öndürijilere serişdeleri has netijeli dolandyrmaga, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň, önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalaryny we e

Ýowar

Ýüpek gurçugyny iň soňky ukusynda basyrmak üçin ýowar edilip, sähra siňrene gidilerdi. Arassa howada, alaňlaryň arasynda üýşüp işlemegiň özboluşly hezili bardy. Ýowar agşamlary oduň başynda, ojaryň ýakymlyja tüssesi siňen mis tüňçeli çaýa ýanap, gojalaryň gyzykly gürrüňlerini diňläp, dolan Aýy synlamagyň lezzeti bir başgady. Şonda garrylar: «Ýowar käte halk bähbidi, käte ýekelliler, ýetim-ýesirler ýa-da obanyň ýedi tarhanynyň bähbidi üçin agzybirligi ynsanperwerlige garyşdyrýan, öýkelileri ýaraşdyrýan, iş haky alynmaýan halal zähmetiň bir görnüşidir» diýerdiler. Ata-baba köne ýörelge boýunça türkmenler guýy gazyp içitli, köpri gurup geçitli, namaz jaý gurup metjitli bolanda ýowara üýşer ekenler. Çomrular gazy-haşarda, hasyl ýetişerde, bugdaý orumda, ýer agdarymda, çarwalar bolsa guýy gazyp leňňer, ýazlaga göçüp seňňer edende, çakylyga gelipdirler. Ene-mamalaryň, gyz-gelinleriň ümä üýşüp, bukja çatmasy, keçe basyp, toşap etmesi, degirmen üwäp, gowurdak gatmasy ýowar kysmy bolupdyr. «Ýowara barmak — ýowa barmak» diýip, ýowarda guralyň gurat, esbabyň üpjün bolmagyndan daşary, ýaltalyga ýüz ursaň halanmandyr. Hasyl toýdur gurbanlygy, garaçawuş, Burkuda dermanlygy guramaçylykly sowýan oba adamlarynyň agzybirligini: «Tüweleme, ýowara üýşen ýaly» diýip magtapdyrlar.

Ekerançylyk sözleri

Küdüň — ýer sürlende meýdanda emele gelýän uly-uly kesekleri döwmek üçin, ujy tommaýly agaçdan ýasalan ýönekeý zähmet guraly. Çeper eserlerde «ýumrugy küdüň ýaly» diýen meňzetme köp ulanylýar. Depme — suwy pes ýerden beýik ýere çykarmak üçin ulanylýan, agaçdan ýasalan gural. Bu guraly aýagyň bilen depip herekete getirmeli.

Bolçulygyň mekany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda obasenagat toplumynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler bäsdeşlige ukyply, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrýan önümleri öndürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu pudaga uly üstünlikleri getirdi. Ýurdumyzyň bolçulygyň hem berekediň mekanydygyny tassyklaýan guwandyryjy ösüşler Milli Liderimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde ýazan sözlerini ýadyňa salýar. Bu ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen diňe önümçilik ulgamy däl, durmuş düzümleri hem uly ösüşlere eýe boldy. Şeýlelikde, oba adamlarynyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar.

Hasyl toýy ― rysgal-berekediň toýy

6-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Hasyl toýy ― berekediň gözbaşy» atly dabara geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ol her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda uludan bellenilýän Hasyl toýy baýramçylygyna bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilelikde gurady. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalygyndaky öňegidişlikler, önümçilikde öňdebaryjylaryň gazanýan ýokary zähmet üstünlikleri barada giňişleýin durlup geçildi. Ykbalyny daýhançylyga baglan zähmetkeşleri baýramçylyk bilen gutlap, saçaklarymyzda bereket bolçulygyny döredýän babadaýhanlaryň hormatyna ussat aýdymçydyr-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza buýsançly owazlar joşgunly ýaňlandy.

Baýramçylyga zähmet üstünlikleri bilen

Pagta ýygymy täze güýç, batly depgin bilen dowam edýär. Halal zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanýan daýhanlar üçin her günüň, her sagadyň gymmaty artýar. Daşoguz welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri, ussat ýer eýeleri «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edip, täze zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksat Meredow şanly ýylymyzda öňdäkileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldi. Ol uzak ýyllaryň dowamynda daýhançylyk işini ýöretmegiň, täzeçe iş alyp barmagyň, ene ýere yhlas etmegiň göreldesini görkezýär. Şu ýyl hem onuň 10 gektar ýerinde gowaçanyň bol hasyly ýetişdi. Hasyly ýygnamakda döwrebap kombaýnlaryň belli bahasy ýok. Ýygym möwsüminiň ýaňy başlan uçurlary ussat kärendeçi ilkinji zähmet ýeňşini gazandy. Ol jemi 40,8 tonna pagta ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny 205 göterim berjaý etdi. Her gektardan 41 sentnerden hasyl ýygnap, giňden bellenilýän Hasyl toýuna uly zähmet sowgadyny taýýarlady.

Üzümçi bagban

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe ýaýlasy datlydan tagamly ir-iýmişleriň mekanydyr. Bu ýeriň toprak-howa şertleri üzümiň ýokuma baý, bol hasylly görnüşlerini ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Etrabyň Ýaşyldepe geňeşliginiň ýaşaýjysy Annageldi Annaýew hem tejribeli daýhanlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýaşlykdan oba hojalyk işlerinde taplanan Annageldi aganyň üzüm baglaryny ýetişdirmekde hem baý tejribesi bar. Ol köp ýyllap «Ýaşyldepe» daýhan birleşiginde kärendeçilik usulynda zähmet çekip, üzümden bol hasylyň alynmagyna goşant goşdy, bu asylly käriň ugur-ýollaryny oba ýaşlaryna hem öwretdi, birnäçe şägirtleri ýetişdirdi. 2019-njy ýylda daýhan birleşiginden 2,5 gektara barabar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alyp, bu günki gün oňa yhlas-azabyny siňdirýän Annageldi aganyň zähmeti ýerine düşýär.

Sahawatly topragyň berekedi

Ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmek, ylmy esasda alyp barmak ugrunda edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip Watan harmanyna bol hasyl tabşyrýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. Dürli görnüşli sergiler guralýar we eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri hem-de konsertler, sport ýaryşlary, beýleki medeni-köpçülikleýin dabaralar guralýar. Bu toýda Türkmenistanyň Agrar partiýasy we agzybir işgärleri hem guramaçylykly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini baýramçylyk sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglaýar. Bu bolsa geljekde hem edermen daýhanlarymyzy tutanýerli zähmet çekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl tabşyryp, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Der dökseň, ýer eçilýär

Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşýän kärende ýerimizde her ýyl gowaçanyň, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirýärin. Çärjew etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşigine degişli bolan ýedi gektarlyk kärende ýerimize şu ýyl bugdaýdan soň döwlet tabşyrygy esasynda şalynyň ýokary hasyl berýän «Nukus-2» görnüşini ekdik. Bilşimiz ýaly, ekinleriň içinde şaly suwy has köp talap edýär. Şonuň üçin hem ol hemişe suwy dolup akyp duran ýaplaryň gyrasyndaky atyzlara ekilýär. Maňa degişli bolan kärende ýerimiň bir tarapy süýji suwly uly ýap, beýleki iki çeti bolsa zeýkeşlerden ybarat.

Zähmet sowgatly

Wepa JUMAGULYÝEW, Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy:

Hurma bagym hasyl berýär

Annaguly Babanazarow, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň ýaşaýjysy, bagban:

Daýhançylykdan döwlet tapdym

Azat JORAÝEW, Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Hasyl toýuna

RYSGAL-BOLÇULYGYŇ BAÝRAMY Topragy rysgal çeşmesi hasaplaýan zähmetsöýer, edermen babadaýhanlaryň yhlasy bilen topraga atylýan her bir däne müň bolup gaýdyp gelýär. Kesewiňi dürtseň gögerýän bereketli topragymyza eýegözin garaýan, rysgal çeşmesi saýýan babadaýhanlar bugdaýyň, “ak altynyň” beýleki gök-bakja ekinleriň boldumly hasylyny ýetişdirýärler. Şeýlelikde, bugdaýdan önýän mele-myssyk çöreklerimiz, gök-bakja önümlerimiz saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar. Saçak başynda daýhanlaryň zähmetine aýdylýan hoşallyklar çäksizdir.