Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda obasenagat toplumynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler bäsdeşlige ukyply, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrýan önümleri öndürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu pudaga uly üstünlikleri getirdi.
Ýurdumyzyň bolçulygyň hem berekediň mekanydygyny tassyklaýan guwandyryjy ösüşler Milli Liderimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde ýazan sözlerini ýadyňa salýar. Bu ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen diňe önümçilik ulgamy däl, durmuş düzümleri hem uly ösüşlere eýe boldy. Şeýlelikde, oba adamlarynyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar.