Daýhandan hereket — ýerden bereket

8 Noýabr 2024
251

Türkmen topragy — rysgal-döwletli toprak. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uludan bellenilýän Hasyl toýy bolsa sahawatly topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini, egsilmez rysgaly alamatlandyrýar. Hasyl toýy — bütin halkyň toýy. Bu baýrama ähli oba hojalykçylarymyz bilen birlikde, ýaş daýhanlarymyz hem uly zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz türkmen topragyny bagt saçagyna deňäp, yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan beýik işler, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatlar olaryň göwünlerini has-da galkyndyrýar. Ýaş zähmetkeşleriň ýürek buýsançlary bolsa belent äheňde ýaňlanýar.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».