"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Harmanyňyza bereket! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagatynyň esasy çig malynyň biri bolan piläniň öndümli hasylynyň ýetişdirilmegine çemeleşilýär.

Galla oragy — jogapkärli möwsüm

Bosagada — galla oragy möwsümi. Oba hojalygyndaky möhüm we jogapkärli möwsüme Ahal welaýatynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyndan ugur alnyp, welaýatda möwsüme taýýarlykly başlamak, bökdençsiz alyp barmak we ýetişdirilen hasyly gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak boýunça guramaçylyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ekerançylygyň mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň ak ekin ussatlary üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekip gelýärler. Olaryň baş maksady şol ýerden dokmaňyz dänäniň 400 müň tonnasyny almakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu günler ekiniň ahyrky ideg işlerini alyp barýan welaýatyň janypkeş daýhanlary öňdäki gaýragoýulmasyz işe — galla oragyna taýýarlygy birjik-de ünsden düşürmeýärler.

Maldarçylykda biotehnologiýa usullary

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» biotehnologiýa ylmyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Biotehnologiýa täze, uly geljegi bolan ylymdyr. Ol maldarçylyk pudagynda biologiki işleri ulanmakdyr. Biotehnologiýa önümçilik we dürli önümleri, şol sanda ykdysady taýdan peýdaly mallaryň tohumlaryny döretmek üçin bedenleri we biologiki işleri ulanylýan senagat usullarynyň jemidir. Onuň esasy maksady ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Maldarçylykda ol, esasan-da, köp önüm berýän mallaryň genofonduny ýüze çykarmakda peýdalanylýar. Bu ylmyň önümi oba hojalygyna zerur bolan biologiki işjeň maddalary mikrobedenjikler tarapyndan döredilýär. Mikrobedenjikler bolsa öz gezeginde oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmekde gerek bolan çalşyp bolmaýan aminokislotalary döredýär.

Galla oragyna taýýarlyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ýetişdirýän Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary häzirki günlerde tutanýerli zähmet çekmek bilen, galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Galla oragynda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly däne orujy kombaýnlarynyň hyzmatyndan peýdalanylar. Häzirki wagtda kuwwatly kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda bolup, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Etrapda galla kabul ediş kärhananyň, tohumlyk bugdaý hasylynyň kabul ediljek ýerleriniň, hasyly daşajak awtoulaglaryň, şeýle-de elewatorlaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

«Ak bägül» almasy

Dünýäde almanyň sekiz müňe golaý görnüşi bar. Alma dünýäde iň köp ekilýän miwe agajydyr. Olar bir-birinden tagamy, görnüşi, ýetişdirilişi, hasyllylygy boýunça tapawutlanýarlar. Almanyň «ak bägül» sortuny göreniňde, onuň armyt pisint daşky görnüşine haýran galýarsyň. Ak öwüşginli, süýrümtik şekilli almanyň bu görnüşi tagamynyň süýjüligi, şireliligi, ýumşaklygy, bark urýan ýakymly ysynyň bardygy hem-de düzüminiň peýdalydygy bilen hem tapawutlanýar. Gadymy döwürlerden bäri ol Şri-Lankada bezeg ösümligi hökmünde ýetişdirilipdir. «Ak bägül» almasynyň agajy ýagtyny, ýyly howa durumyny halaýar. Agaç ekilensoň, 3-4 ýyl geçirip, hasyla durýar. Bir agaçdan takmynan 30-40 kilogram hasyl ýygnap bolýar. Ýöne ony köp wagt saklap bolanok. Şol sebäpden miweleri dessine gaýtadan işlemäge, ýagny şerbet, miwe suwuny, mürepbe taýýarlaýan kärhanalara goýberilýär. «Ak bägül» almasynyň agajy hemişe gök öwüsýän agaçlara degişli. Almanyň bu görnüşi Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlarda ösýär. Agajyň boýy 3-5 metre barabardyr. Agaç ynjyk däldigi sebäpli, bagbanlar ony owadanlyk üçin ýörite gaplarda hem ekip, ondan 100-200-e golaý alma hasylyny alýarlar.

Gallam bar — tyllam bar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda agzybir daýhanlarymyz agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gök-bakjanyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda tamamlap, olaryň ideg işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Doly gögeriş alnan ýaşajyk gowaçalaryň ýekeleme, hatarara bejergi, olary zyýankeşlerden goramak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Möwsümde etrap boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki taýdan hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Şeýle hem orak möwsümine gatnaşjak awtoulaglaryň, tirkegleriň meýilnamasy düzüldi. Etrap boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almaklyga garaşylýar. Ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Şeýle kärendeçileriň biri hem etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletowdyr. ol özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden ýokary geçirmegi maksat edinýär. Gözüňi dokundyrýan bugdaý meýdanlaryny synlanyňda, daýhan ýigidiň öňde goýýan maksadyna ýetjekdigine doly göz ýetirýärsiň. Kär

Kesbinden kemal tapan balaryçy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygyny ösdürmek, obany galkyndyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak barada kabul edilen kararlary, öňde goýlan maksatlary durmuşa ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Döredilen giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýerden bol hasyl alyp, özüni il içinde tanadan tejribeli daýhan Boldumsaz etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň «Daýhanazat» obasynda ýaşaýan Bazarbaý Orazbaýewi Daşoguz welaýatynda tanamaýan az bolsa gerek. Ol 1994-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetini gaýybana tamamlap, alym agronom hünäri boýunça ýokary bilim aldy. Şol obanyň çäginde ýerleşýän Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik hojalygynda bölümiň başlygy, baş agronomy we başga-da dürli jogapkärli wezipelerde 40 ýyldan bäri zähmet çekip, özüni ökde hünärmen hökmünde etrap, welaýat çäklerinde tanatdy. Häzir hormatly dynç alyşda bolmagyna garamazdan, Bazarbaý aga boş oturanok, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak üçin balaryçylyk bilen meşgullanýar. — Balarylar maşgalalary baran ýerinde baglary, ekinleri tozanlandyryp, hasylyň has artmagyna öz täsirini ýetirýär — diýip, alym agronom Bazarbaý aga gürrüňdeş bolanymyzda belläp geçdi.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Miweli bagçylykda täzeçil çemeleşme Täze Zelandiýanyň «Plant and Food Research» ylmy-barlag merkezi miweli baglary ekmegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu usul iki ölçegli gurluşyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrar, şeýle hem geljekde miweçilik pudagynda robotlary peýdalanmak üçin şertleri döreder.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Welaýatymyzyň zähmetsöýer  pileçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümini guwandyryjy netijeler bilen jemleýärler.  Munuň şeýledigini berlen şertnamalaýyn tabşyryklary  artygy bilen berjaý edýän daýhan birleşikleriniň, aýry-aýry ýüpekçi kärendeçileriň barha artmagy, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň tassyklaýar. Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri döwlet harmanyna 13,1 tonna pile goşup, bellenilen meýilnamany öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Bu üstünlikde 694 kilogram pile öndüren Erkin Abdyllaýewiň, 253 kilogram hasyl tabşyran Almahan Gutlymyradowanyň, 212 kilogram pile ýygnan  Öktem Kamalowyň mynasyp paýlary bar.

BMG: 2030-njy ýyla çenli ýeralma önümçiligi 750 million tonna ýeter

30-njy maýda dünýäde ilkinji gezek Halkara ýeralma güni bellenildi. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň, takmynan, üçden iki bölegi esasy iýmit hökmünde ýeralmany gündelik sarp edýär. Birleşen Milletler Guramasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýeralma önümçiliginiň 112 göterim ýokarlanyp, 750 million tonna ýetjekdigini çaklaýar. Halkara ýeralma güni bu oba hojalyk ekiniň ýokumlylygy, daşky gurşawa peýdasy we medeni gymmaty barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabrynda döredildi.

Galla oragyna ykjam taýýarlyk görülýär

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Ýüpekçileriň zähmet üstünligi

Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri şu taryhy ýylymyzda döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamany etrapda ilkinji bolup ýerine ýetirmegi başardylar. Ýakynda biz Galkynyş geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Joşan Saparalyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Galla oragy ýakynlaşýar

Lebap welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleri netijesinde, şu ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Indiki möhüm wezipe — galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekden, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almakdan, Watan harmanyna tabşyrmakdan we ammarlarda kadaly saklamakdan ybarat. Gündogar sebitde ýakyn wagtda badalga aljak bu möhüm möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini belläp geçmek buýsançlydyr. Häzirki wagtda welaýatyň ähli ýerinde galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanyp, bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmäge we saklamaga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary erk ederler. Orak möwsüminde işleri iki çalşykda alyp barmak meýilleşdirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen, ýeterlik möçberde ätiý

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda hem ak bugdaýyň bol hasyly kemala geldi. Durumy berkäp, boýy ýeten dok başly bugdaýlaryň bitgin hatary alys gözýetime uzap gidýän giňişlige görk berip, tylla Günüň zerbap nuruna öwşün atýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda döwrebap özgertmeleriň amala aşyrylmagy, pudaga işi dolandyrmagyň hem ýöretmegiň iň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, suw üpjünçiliginiň doly çözülmegi, has netijeli işlemek üçin oňaýly şertlerdir ýeňillikleriň döredilmegi bereketli hasyl ýetişdirmäge oňat mümkinçilik berdi. Daýhançylyk üçin juda amatly hem garaşykly, bol ygally gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinden başlap gallaçy kärendeçiler täze hasylyň düýbüni berk tutmak, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýanly mör-möjeklerden goramak, barha boý alýan ak ekine ösüş suwuny bermek işlerini utgaşykly alyp bardylar. Ýaýbaňlandyrylan her bir işde döwrüň belent ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň 265 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Galla oragyna taýýarlyk

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa galla oragyna gatnaşjak jogapkär işgärler, kombaýnçylardyr sürüjiler we Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýygylýan hasyly ýitgisiz ýygnamalydygyny, dänäni ýangyn howpundan goramalydygyny, galla oragy möwsüminde däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçy garawullaryň goýulmalydygyny, däneli ekinleriň hasyly ýygnalýan döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamagyň gadagandygyny nygtadylar. Şeýle-de hasyl ýygnamaga gatnaşýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we awtoulaglaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi hem-de ulaglaryň tehniki taýdan gurat ýagdaýda bolmalydygy bellenildi. 

Galla — 2024

Anyk wezipeler kesgitlenildi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň däne hasyly kemala geldi. Edermen gallaçylaryň päk zähmeti bilen ýetişdirilen däne hasylyny zaýasyz we gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şonuň üçinem galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu taýýarlyk çäreleri bolsa, däne oragy möwsüminde tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Şu ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we zaýasyz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Oba hojalygynyň iň möhüm möwsümi bolan galla oragyna ýene sanlyja günler galdy. Bu günki gün altyn başly bugdaýly meýdanlar göreniň göwnüni göterýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda daýhanyň esasy daýanjy bolan, kombaýnlary möwsüme taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Ýakynda şu mesele bilen gyzyklanyp, Kerki etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda bolduk. Bu ýerde bar bolan kombaýnlaryň 22-si hem oraga birkemsiz taýýarlanylypdyr. Olaryň 20-si «John Deere W540», 2 sanysy hem «Сlaas TUСANO 430» kysymly kombaýnlar. Kuwwatly tehnikalar Daýanç Kulyýew, Perman Döwletow, Hudaýnazar Rejebow, Baýram Hoşşyýew ýaly köp ýyllyk iş tejribesi bolan ussat mehanizatorlara ynanylypdyr. Olar ýylyň-ýylyna galla oragyna gatnaşyp, yhlasly zähmet çekýärler.

Ýeralmanyň bol hasyly ýetişýär

Ilaty ekleýji ene topraga yhlasly hyzmat edip, ondan bol hasyl alýan janypkeş daýhanlar Dänew etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde-de az däl. Olar ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda baý tejribe topladylar. Ýer eýeleri soňky ýyllarda gowaçadyr bugdaý bilen birlikde ýeralma, kelem, käşir ýaly bakja ekinlerini hem köpçülikleýin ýetişdirýärler, olardan bol hasyl alýarlar. Şeýle il-ýurt bähbitli işe netijeli gatnaşýanlaryň arasynda Azat Gandymow hem bar.

Guwandyryjy üstünlikler gazanylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak baradaky Kararynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmaga çalyşýan welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri häzirki günlerde öz ýetişdiren bereketli hasylyny kabul ediş bölümlerine tabşyrmaklygy guramaçylykly alyp barýarlar. Şeýlelikde, bu babatda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän ussat pileçileriň, daýhan birleşikleriniň sany barha artýar. Munuň özi olaryň şu jogapkärli möwsümde çeken yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijesidir.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Göwnejaý ideg — bol hasyl Şu günler ekin meýdanlarynda galla oragyna taýýarlyk bilen birlikde gowaça ideg etmek işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Her bir kärendeçi ekinden bereketli hasyl almakda her bir çäräniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyna örän oňat düşünýärler.