Oba hojalygy
Gowaça bejergisi güýçli depginde Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda 1360 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Häzirki günlerde şol ýerlerde endigan ösýän gowaça düýplerine ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Netijede, her günde birleşik boýunça 30 — 40 gektar meýdanda hatararasyny ýumşadyp, gapdallaýyn iýmitlendirmek, haşal otlardan arassalamak ýaly çäreler ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu babatda tejribeli kärendeçilerden Bibigül Saryberdiýewa, Aýsoltan Amangylyjowa, Hemra Annalyýew, Saparmyrat Gulpakow, şeýle hem mehanizatorlardan Arazmyrat Sapaýew, Gurbanmyrat Gurbanow dagynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar.